Hoşniýetli gat­na­şyk­la­ry­ň şan­ly wa­ka­sy

4 Aprel 2023
829

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň ýurt­la­ry, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry we ola­ryň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len dost­luk­ly hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ýar. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li hä­si­ýe­ti­niň, hal­ky­my­zyň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň dün­ýä ýa­ýyl­ma­gyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, se­bit we hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da me­de­ni-yn­san­per­wer ugur bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy hem­me­ta­rap­la­ýyn hem-de yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Şu ýy­lyň 29 — 31-nji mar­ty ara­ly­gyn­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi mu­nuň no­bat­da­ky aý­dyň su­but­na­ma­sy bol­dy. Bu Me­de­ni­ýet gün­le­ri türk­men-kö­reý dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­ma­gyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.

«Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti».