Türkmenistanyň ulag işgärleri multimodal üstaşyr ýük daşamagyň möçberini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşyldylar

10 Aprel 2023
318

Ýakynda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň wekilleri «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň binasynda multimodal üstaşyr ýük daşamagyň möçberini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada turkmenistan.gov.tm habar berýär.

«Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, ýygnaga gatnaşyjylara üçünji ýurtlardan Türkmenistana ýükler getirilende we Türkmenistanyň çägindäki ulaglara ýük ýüklenende haryt gymmatlyklary baradaky resminama we ýük awtoulaglarynyň eýelerine haryt daşamak üçin rugsatnamalar berlende «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň berýän ýeňillikleriniň şertleri barada habar berildi.