2023-nji ýylyň 30-njy martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Aşita Mittal Maksatnamanyň halkara utgaşdyryjysy jenap Ýusuf Kurbonow bilen bilelikde türkmen-eýran döwlet serhedindäki «Artyk» gümrük nokadyna tanyşdyryş sapary bilen bardy.
Bu saparyň maksady «Artyk» gümrük nokadynda işleriň gidişi bilen tanyşmak we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligi bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek bolup durýar.