Türkmenistanyň Söwda maglumat portaly resmi taýdan işe başlady

9 Aprel 2023
362

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň ýakynda geçirilen sergisiniň çäklerinde Söwda maglumat portaly resmi taýdan işe girizildi. Ýurdumyzda ilkinji resmi taýdan söwda portalynyň işe girizilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýokary derejeli wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Diego Luiz Alonso, Halkara söwda merkeziniň söwdany goldamak we işewürlik syýasaty bölüminiň başlygy Mohammad Said, şeýle-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylara bu resmi portalyň döreýiş taryhy, ulanylyş aýratynlyklary we ýerine ýetirýän amallary hakda giňişleýin gürrüň berlip, wideorolikdir prezentasiýalar arkaly tanyşdyryldy. Maglumatlara görä, portalyň Türkmenistanda açylmagy bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy — Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan üçin aç-açan serhetüsti söwda amallary elýeterli boldy.