Türkmenistandan dünýä saçylýan dostluk nurlary

4 Aprel 2023
534

Ýurdumyzyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri hakynda söhbet

Mazmun taýdan baýdygy, beýik Magtymgulynyň eserleri bilen baglanyşykly baýramçylyk hyjuwyna ýugrulan düýpli çykyşlara orun berlendigi, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň dür dänelerini görkezendigi, iki tarapyň ylym, medeniýet, sungat adamlarynyň ençeme duşuşyklaryny, pikir alyşmalaryny hem öz içine alandygy bilen Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri bu günki türkmen döwletliliginiň päkize arzuw-umytlaryny, beýik maksatlaryny bütin taryhy çuňlugy, geljege bolan ýagty garaýyşlary bilen açyp görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň parasadyna daýanyp, türkmen medeniýeti bu gün, ine, şeýle nurana ýörelge bilen dünýä çykýar.

Akmyrat HOJANYÝAZ.
“Türkmenistan”. Aşgabat — Seul — Ýyjoň-bu — Aşgabat.