Söwda toplumynyň sergisi üstünlikli geçirildi

9 Aprel 2023
428

4 – 6-njy aprel aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi geçirildi. Ir säherde hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyndan badalga alan açylyş dabarasy sungat ussatlarymyzyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň söwda toplumynyň gazanan üstünliklerini, harytlaryň öndürilişiniň möçberini giňeltmekde we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde geljekki mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilen bu sergä 100-den gowrak kärhana, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşdylar.

Sahypany taýýarlan: Sadap MUHAMOWA,
«Biznes reklama» gazetiniň KA-nyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.