Ýol abat — il abat

4 Aprel 2023
336

Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän, çar ýana uzap gidýän ýollarymyzda ýol-ulag hadysalarynyň bolmazlygyny gazanmakda sürüjilere möhüm ähmiýet degişlidir. Her bir sürüji ýol hereketiniň kadalaryna gyşarnyksyz eýermelidir.

Häzirki wagtda ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmekde we bu babatda oňyn netijeleri gazanmakda wagyz-nesihat işleriniň täsiri uludyr. Şonuň bilen baglylykda, Kaka etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň işgärleri etrabyň çägindäki degişli edara-kärhanalaryň sürüjileriniň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini netijeli häsiýetde alyp barýarlar. Wagyz-nesihat işleriniň çäginde ýol hereketiniň kadalary ündelýär, şeýle-de bu babatdaky kanunçylyk düşündirilýär.

Tirkeş ATAÝEW,
Kaka etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.