"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Tä­ze gat­naw­lar we müm­kin­çi­lik­ler

Soň­ky dö­wür­de ýur­du­myz­da ýer­li we hal­ka­ra uçar gat­naw­la­ry­nyň ýy­gy­ly­gy yzy­gi­der­li art­ýar, şol san­da dür­li ýurt­la­ra tä­ze gat­naw ugur­la­ry hem açyl­ýar. «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň «Türk­me­nis­tan» awia­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň çar ýa­na ýaý­ra­ýan uçuş­la­ry ýur­du­my­zyň dün­ýä döw­let­le­ri bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dy­ryp, dost-do­gan­ly­gy, hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gy iler­led­ýän­di­gi­niň gü­wä­si­ne öw­rül­ýär. Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de «Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek, dü­zü­mi­ni tä­ze uçar­lar bi­len art­dyr­mak, paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da tä­ze ho­wa men­zil­le­ri­ni gur­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Ne­bit­gaz pu­da­gyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­di­ril­ýär

Ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz pu­da­gy­ny ös­dür­mek, te­bi­gy ga­zy dün­ýä ba­zar­la­ry­na di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len iber­mek, ne­bit­gaz se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­läp, dün­ýä stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri ön­dür­mek Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de al­nyp ba­ryl­ýan ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň eks­port kuw­wa­ty ýyl­sa­ýyn ýo­kar­lan­ýar. Da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­lar pug­ta­lan­dy­ryl­ýar we gi­ňel­dil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, her ýyl da­şa­ry ýurt­lar­da hal­ka­ra göç­me fo­rum­lar gu­ral­ýar. «Pähim-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hem şeý­le iri hal­ka­ra fo­rum Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di. 24-25-nji ap­relde dün­ýä­niň 30-dan gow­rak döw­le­tin­den köp san­ly we­ki­li­ýet­iň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len fo­rum­da ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan tä­ze ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry giň­den ta­nyş­dy­ryl­dy.

Türk­me­nis­tan – BMG: hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry kes­git­len­ýär

29-30-njy ap­rel­de Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti BMG-niň Ilat we ösüş bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy­nyň 57-nji mej­li­si­ne gat­naş­dy. BMG-niň Nýu-Ýork şä­he­rin­dä­ki eda­ra bi­na­syn­da ge­çi­ri­len mej­lis «Ilat we ösüş bo­ýun­ça hal­ka­ra mas­la­ha­ty­nyň He­re­ket­ler mak­sat­na­ma­sy we onuň 2030-njy ýy­la çen­li Gün ter­ti­bi­ne goş­ýan go­şan­dy» ady bi­len ge­çi­ril­di. Ge­çi­ri­len çä­re bi­len bir ha­tar­da, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň baş­ly­gy­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Ilat we ösüş bo­ýun­ça hal­ka­ra mas­la­ha­ty­nyň (ICPD) 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň umu­my mej­li­si ge­çi­ril­di. On­da äh­lu­mu­my de­re­je­de ICPD + 30 He­re­ket­ler mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň çäk­le­rin­de ga­za­ny­lan ne­ti­je­ler göz­den ge­çi­ril­di.

Suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy – dur­nuk­ly ösüş ug­ry

30-njy aprelde paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebit taslamasyny (WAVE) durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýer ýüzüni goramagyň gününe gabatlanyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hojalyk meseleleri boýunça sebit maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň suw hojalyk düzümleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün ter­ti­bi­ne Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ryn­da suw ho­ja­lyk öz­gert­me­le­ri­ni sel­jer­mek, suw ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň stra­te­gi­ýa­sy, ABŞ-nyň Hal­ka­ra ösüş bo­ýun­ça agent­li­gi (USAID), Ger­ma­ni­ýa­nyň Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça jem­gy­ýe­ti (GIZ), Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösüş mak­sat­na­ma­sy bi­len suw se­riş­de­le­rin­den re­je­li peý­da­lan­mak, bu iş­de ula­nyl­ýan teh­no­lo­gi­ýa­la­ry na­za­ra al­mak esa­syn­da, suw ho­ja­ly­gyn­da­ky se­bit tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça tej­ri­be alyş­mak ba­bat­da­ky me­se­le­ler gi­ri­zil­di.

Ulaglaryň guratlygy ugrunda

Jemgyýetimizi awtoulagsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Hut şu nukdaýnazardan, raýatlarymyza degişli bolan awtoulaglaryň sanynyň ýylsaýyn artmagy, öz nobatynda, ulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny guramak hem-de ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine döwrebap derejede çemeleşmegi talap edýär. Indi raýatlarymyz dünýäniň iň ösen ýurtlarynda öndürilen ulaglaryň hözirini görüp ýaşaýarlar. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde ulaglaryň tehniki taýdan gurat bolmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan ulaglaryň tehniki taýdan gurat bolmagy aýratyn gözegçilikde saklanýar. Awtoulaglaryň tehniki taýdan guratlygyny barlamak işini kämilleşdirmekde, döwrebaplaşdyrmakda tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan täze tehnologiýalaryň ähmiýeti örän uludyr. Hut şu nukdaýnazardan, ýeňil we ýük awtoulaglarynyň, şeýle-de olaryň tirkeglerini tehniki barlagdan geçirmekde döwrebap enjamlar toplumy bilen üpjün edilen Awtoulaglaryň tehniki taýdan anyklaýyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär.

Hukuk maslahaty

Durmuş hyzmatlary Türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallalary esasynda adamlaryň aýratyn toparlaryna durmuş hyzmatlaryny etmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýän «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen dünýä nusgalyk ynsanperwer şygarynyň dabaralanmasydyr.

Ykdysadyýetiň ösüşine goşant

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasy welaýatymyzda hereket edýän karz edaralary bilen bilelikde «Nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek we sanly ulgamda ýerine ýetirilýän bank hyzmatlary» atly söhbetdeşlik gurady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan işleri wagyz etmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlikde «Türkmenistan» DTB-niň «Daşoguz» şahamçasynyň hünärmeni Aýgözel Ilmyradowa, Türkmenistanyň «Halkbank» PTB-niň «Daşoguz» şahamçasynyň hünärmenleri Ogulnäz Dädäýewa, Aýjahan Toýlyýewa, Ýadygärbek Seýidahmetow dagy çykyş etdiler.

Ussatlyk okuwy geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýaş alymlar geňeşi «Ýaş bagban» ylmy gurnagy tarapyndan Bütindünýä Ýer güni mynasybetli «Durnukly oba hojalygyny üpjün etmekde bagbançylygyň orny» atly ylmy maslahatynyň çäginde bagbanlar bilen talyp ýaşlaryň arasynda ussatlyk okuwy geçirildi. Oňa welaýatyň tejribeli bagbanlary, institutyň agronomçylyk fakultetiniň 3,4-nji ýyl talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Okuwyň barşynda sebitiň toprak-howa şertlerinde bagçylygy ösdürmek boýunça tejribeler, innowasion çözgütler we miweli baglary zyýan berijilerden goramak boýunça çözgütler öwrenildi. Akdepe etrap ylmy-önümçilik synag hojalygynyň ussat bagbany Baýramdurdy Gurbanow, Şabat etrabynyň ýaşaýjysy, bagban Orazdurdy Soltyýew talyplara miweli baglaryň ösdürip ýetişdirilişi, ideg işleriniň geçirilişi, sapmak işleri, nahallaryň tiz wagtda ýetişdirilişiniň aýratynlyklary bilen bagly täsirli gürrüňleri berdiler. Täsirli geçen ussatlyk okuwynda talyplar bagbanlar bilen miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge degişli gyzyklandyrýan soraglary babatda özara pikir alyşdylar.

Sarpalanýar mert pederleň şöhraty

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli muzeýimizde «Sarpalanýar mert pederleň şöhraty» atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Oňa mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda watançylyk mowzugyndaky çykyşlar, uruş ýyllary we şöhratly geçmişimiz bilen baglanyşykly täsirli gürrüňler diňlenildi. Ata-babalarymyza edermenlikleri üçin gowşurylan ordendir medallaryň, tapawutlandyryş nyşanlarynyň, Minnetdarlyk hatlarynyň sergisi ýaşlaryň watançylyk hyjuwyny has-da ýokarlandyrdy. Muzeýimizde şeýle watançylyk ähmiýetli mowzuklaýyn sergiler, gezelençlerdir açyk sapaklar we döredijilik duşuşyklary yzygiderli guralýar.

Sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň tertipnamalaýyn wezipelerini berjaý etmek, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, zähmetkeşler üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmäge ýardam bermek maksady bilen «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly maslahat geçirdik. Onuň barşynda önümçilik kärhanalarynda amatly iş şertlerini döretmekde, tehniki we ekologiýa howpsuzlygyny, zähmet we zähmeti goramak düzgünlerini kanunyň talaplaryna laýyklykda doly berjaý etmekde degişli hünärmenler tarapyndan geçirilen işler boýunça hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem edara-kärhanalarda Zähmeti goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine seljerme berildi we bu ugurdaky işleri talabalaýyk ýerine ýetirmekde öňdebaryjylar yglan edildiler. Netijede Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň zähmetkeşler köpçüligi, Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň howpsuz tehniki zähmeti we tebigaty goramak bölüminiň başlygy Ramazan Halbaýew, Çärjew etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatory Daňatar Rejepow welaýat birleşmämiz tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldylar.

Edermenlige mekdep bolanlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp günlerinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy ýurdumyzda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Şu sene mynasybetli Bäherden etrabynyň bilim ojaklarynda TMÝG-niň etrap Geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda duşuşyklar geçirilýär. Etrapdaky 2-nji orta mekdepde etrabyň ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda «Edermenlige mekdep bolanlar» ady bilen geçirilen duşuşyk has-da täsirli boldy. Duşuşykda halypa bilim işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri çykyş edip, Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk görkezen pederlerimiziň merdanalygyna, ýar ojagyny saklan mähriban enelerimize goýulýan sarpa, edilýän hormat-sylag barada aýdyp geçdiler.

“Ahal durmuşy” — biziň ýakyn syrdaşymyz

Bu sözleri Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymlarydyr tehniki işgärleri ýüreklerinden syzdyryp aýdýar. 2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşyk başlanan dessine olar özleriniň söýgüli gazeti bolan “Ahal durmuşyna” abunaçy boldy. Bu ugurda mekdebiň müdiri Zülfiýa Abdyllaýewa, müdiriň orunbasarlary Ogulhan Hemraýewa, Jemal Ýazyýewa, mugallymlardan Nurgül Hemraýewa, Taşpolat Hallyýew, Şerapat Durdyýewa, Huramataý Hasanowa, Atadurdy Jumaýew, Oguldurdy Kadyrowa, Nezire Rüstemowa, Gülaýym Paltaýewa dagy kärdeşlerine nusga boldular. Olar gazetiň elektron görnüşini hem höwes bilen okaýarlar.

Maslahat duşuşygy

Sanly dünýä: ýaşlar, ösüş, geljek Golaýda welaýat kitaphanasynda TMÝG-niň welaýat, etrap şäher geňeşleriniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda “Sanly dünýä: ýaşlar, ösüş, geljek” atly sanly ulgam boýunça maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa TMÝG-niň welaýat, etrap, şäher geňeşleriniň hem-de welaýat kitaphanasynyň işgärleri hem-de H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, S. A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Möhüm meselelere garaldy

Anyk wezipeler kesgitlenildi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny ýeňişlere beslemekde müdirligimiziň gazçylary döredijilikli zähmet çekýärler. Işleriň ilerlemegine, howpsuz zähmetiň üpjün edilmegine we gazçylaryň iş we durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna müdirligimiziň kärdeşler arkalaşygy guramamyz hem saldamly goşandyny goşýar. Müdirligimiziň kärdeşler arkalaşygy bilen hasabat döwründe edilen işlere seljerme berildi. Ýygnaga TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hünärmeni Ýazsoltan Aşyrowa, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew we müdirligiň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäreleri

Maşgala mukaddesligi nygtaldy Golaýda TKA-nyň welaýat, Şatlyk şäher, Wekilbazar, Mary, Sakarçäge etrap birleşmeleriniň bilelikde guramagynda “Maşgala gymmatlyklary — türkmen döwletliliginiň, milli terbiýäniň özeni” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wekilbazar etrabynyň medeniýet öýünde geçirilen bu çärä jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, işjeň agzalary, lukmanlar, il sylagly ýaşulular we mährem eneler gatnaşdylar.

«Türkmenpoçta» işewürler we hususyýetçiler üçin çaparçylyk hyzmatyny ýetirýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy müşderilerine amatly çözgüdi — «Gapydan-gapa» çaparçylyk hyzmatyny hödürleýär. Müşderiler indi poçta bölümlerine baryp wagt ýitirmezden, ibermeli ýollamasyny tiz wagtda alyja gowşuryp bilerler. «Türkmenpoçta» kompaniýasynyň çapary iberijiden ýollamany kabul edip alyp, ony ygtybarlylyk bilen kabul edijä ýetirer.

Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa

Beýik ýeňişler, belent sepgitler bedew batly menziller bilen ölçenilýär. Ata Watanymyzyň gülläp ösüşi hem bedew batly ýeňişlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hepdäniň dowamynda bolup geçen taryhy wakalar, şanly dabaralar muny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen tassyklady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 25-nji aprelinde sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan wezipeler ähli tagallalaryň il-halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirilýändiginiň ýene bir aýdyň güwäsi boldy. Hasabatlarda ýurdumyzda milli kanunçylyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça geçirilýän çäreler, oba hojalygy, gurluşyk senagaty ýaly möhüm pudaklarda alnyp barylýan işler barada bellenip geçildi. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi gurmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda bellenildi. Halkymyzyň toý-baýramlara baý günleriniň many-mazmuny hakynda hem durlup geçildi. Maý aýynda geçiriljek çäreleriň hatarynda aýyň 17-sine paýtagtymyzyň günorta künjeginde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de meşhur söz ussadynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasynyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada aýdylanlar göwünleri has-da galkyndyrdy. Mejlisde 24-nji maýda

Ýürek buýsanjy

Toýlarda serpaýly bedew Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem baýramçylyk at çapyşyklary ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Daşoguz atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandyrylan at çapyşyklarynda ussat seýislerimiziň seýislän «ýelden ýyndam» diýdirýän bedewleri aýlawa goşuldy. 5 çapyşykdan ybarat bolan at çapyşyklarynda atlar dürli aralyklar boýunça ýaryşdylar. Ýaryşyň jemleýji çapyşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny almak ugrunda geçirildi. Oňa gatnaşan 7 sany bedewiň arasyndan Daşoguz welaýat Polisiýa müdirligine degişli bolan 1-nji belgili Beglerim diýen dor at pellehana 2 minut 27 sekuntda gelip, baş baýraga mynasyp boldy. Beglerimiň çapyksuwary Döwlet Orunbaýewe hormatly Prezidentimiziň adyndan «Zemin» telewizory hem-de 50 müň manat pul baýragy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Biz hem ýeňijiniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Ylham bilen gelen ýyllar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Ata Watanymyzda uly ruhubelentlik bilen bellenip geçilen Türkmen bedewiniň milli baýramy halkymyzyň behişdi bedewlere goýýan belent hormat-sarpasynyň aýdyň ýüze çykmasyna öwrüldi. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen baýramçylyk çäresinde hormatly Prezidentimiziň täze doglan taýçanaga Ylham diýip at goýmagy hem-de onuň boýnuna mähriban käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny dakmagy täsirli pursatlara beslendi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz bilen baglylykda dakylan bu at galkynan göwünleriň buýsanjyny has-da artdyrdy. Ýylymyz bilen çuňňur many-mazmuna eýe bolan täze taýçanak türkmen topragyna Ylham bolup geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew batly menziller ylham-joşguna, beýik ýeňişlere beslenýär. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyz ýakynda täze doglan taýçanaga Şahyr diýip at goýdy we onuň boýnuna alaja dakdy.

Belent ykrarly Watan

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany Ak arzuwlaryň wysala gowuşýan ajaýyp zamanasynda her bir günümiz şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň halkara abraýy barha berkidilýär. Garaşsyz Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmak bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.