Sarpalanýar mert pederleň şöhraty

2 Maý 2024
442

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli muzeýimizde «Sarpalanýar mert pederleň şöhraty» atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Oňa mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda watançylyk mowzugyndaky çykyşlar, uruş ýyllary we şöhratly geçmişimiz bilen baglanyşykly täsirli gürrüňler diňlenildi. Ata-babalarymyza edermenlikleri üçin gowşurylan ordendir medallaryň, tapawutlandyryş nyşanlarynyň, Minnetdarlyk hatlarynyň sergisi ýaşlaryň watançylyk hyjuwyny has-da ýokarlandyrdy.

Muzeýimizde şeýle watançylyk ähmiýetli mowzuklaýyn sergiler, gezelençlerdir açyk sapaklar we döredijilik duşuşyklary yzygiderli guralýar.

Gözel EMINOWA,
Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň ylmy işgäri. Surata düşüren Merdan ORAZOW.