Ne­bit­gaz pu­da­gyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­di­ril­ýär

3 Maý 2024
237

Ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz pu­da­gy­ny ös­dür­mek, te­bi­gy ga­zy dün­ýä ba­zar­la­ry­na di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len iber­mek, ne­bit­gaz se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­läp, dün­ýä stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri ön­dür­mek Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de al­nyp ba­ryl­ýan ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň eks­port kuw­wa­ty ýyl­sa­ýyn ýo­kar­lan­ýar. Da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­lar pug­ta­lan­dy­ryl­ýar we gi­ňel­dil­ýär.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, her ýyl da­şa­ry ýurt­lar­da hal­ka­ra göç­me fo­rum­lar gu­ral­ýar. «Pähim-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hem şeý­le iri hal­ka­ra fo­rum Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di. 24-25-nji ap­relde dün­ýä­niň 30-dan gow­rak döw­le­tin­den köp san­ly we­ki­li­ýet­iň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len fo­rum­da ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan tä­ze ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry giň­den ta­nyş­dy­ryl­dy.