Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa

1 Maý 2024
725

Beýik ýeňişler, belent sepgitler bedew batly menziller bilen ölçenilýär. Ata Watanymyzyň gülläp ösüşi hem bedew batly ýeňişlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hepdäniň dowamynda bolup geçen taryhy wakalar, şanly dabaralar muny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen tassyklady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 25-nji aprelinde sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan wezipeler ähli tagallalaryň il-halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirilýändiginiň ýene bir aýdyň güwäsi boldy.

Hasabatlarda ýurdumyzda milli kanunçylyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça geçirilýän çäreler, oba hojalygy, gurluşyk senagaty ýaly möhüm pudaklarda alnyp barylýan işler barada bellenip geçildi. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi gurmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda bellenildi. Halkymyzyň toý-baýramlara baý günleriniň many-mazmuny hakynda hem durlup geçildi. Maý aýynda geçiriljek çäreleriň hatarynda aýyň 17-sine paýtagtymyzyň günorta künjeginde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de meşhur söz ussadynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasynyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada aýdylanlar göwünleri has-da galkyndyrdy. Mejlisde 24-nji maýda paýtagtymyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp ýurdumyzyň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işleriň sazlaşykly ýola goýulmagynyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

«Daşoguz habarlary».