Ulaglaryň guratlygy ugrunda

2 Maý 2024
318

Jemgyýetimizi awtoulagsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Hut şu nukdaýnazardan, raýatlarymyza degişli bolan awtoulaglaryň sanynyň ýylsaýyn artmagy, öz nobatynda, ulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny guramak hem-de ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine döwrebap derejede çemeleşmegi talap edýär. Indi raýatlarymyz dünýäniň iň ösen ýurtlarynda öndürilen ulaglaryň hözirini görüp ýaşaýarlar.

Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde ulaglaryň tehniki taýdan gurat bolmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan ulaglaryň tehniki taýdan gurat bolmagy aýratyn gözegçilikde saklanýar. Awtoulaglaryň tehniki taýdan guratlygyny barlamak işini kämilleşdirmekde, döwrebaplaşdyrmakda tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan täze tehnologiýalaryň ähmiýeti örän uludyr. Hut şu nukdaýnazardan, ýeňil we ýük awtoulaglarynyň, şeýle-de olaryň tirkeglerini tehniki barlagdan geçirmekde döwrebap enjamlar toplumy bilen üpjün edilen Awtoulaglaryň tehniki taýdan anyklaýyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär.

Ýeňiş ATAÝEW,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň ýanyndaky awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş merkeziniň müdiri,polisiýanyň maýory.