"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

«Ýürekleriň töründe adyň, Pyragy» atly maslahat geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni taryhy wakalara, baýramçylyklara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde Akyldar şahyryň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ýene bir hoş habarlaryň biri-de halkymyza sowgat bolan «Magtymguly» atly saýlanan eserleriniň ýygnanan kitabydyr. Häzirki wagtda bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy ähli pudaklarda  giň gerimde dowam edýär.

Şanly baýramyň şanyna

24-nji maýda paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan guralan dabara dürli pudaklaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň çäklerinde Aşgabat şäher häkimligi bilen «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Arkadagly Gahryman Serdarly ak şäherim Aşgabat», «Şygryýetiň göwher gaşy» hem-de «Gündogar edebiýatynyň genji-hazynasy» atly döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Eminler topary tarapyndan gelnen netijä laýyklykda «Arkadagly Gahryman Serdarly ak şäherim Aşgabat» döredijilik bäsleşiginde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Dünýägözel Çerkezowa «Iň gowy makala», Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Miwe Ataýewa «Iň gowy goşgy», «Aşgabat» gazetiniň fotohabarçysy Arslan Müllikow «Iň gowy fotosurat», «Aşgabat» gazetiniň habarçysy Nazar Berdiýew «Iň gowy kollaž işi» ugurlary boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýle hem, žurnalist Atamyrat Şagulyýew «Gündogar edebiýatynyň genji-hazynasy», Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Selim Rasulow bolsa «Şygryýetiň göwher gaşy» atly döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiji boldular. Ýeňijilere Hormat hatla

Mermer binalaryň öwüşgini

Mälim bolşy ýaly, 25-nji maýda giňden bellenilen Aşgabat şäheriniň güni paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde geçirilen açylyş dabaralary bilen utgaşdy. Şol gün Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda işewürlik maksatly edara-binalaryň 8-si ulanylmaga berildi. Munuň özi soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy pudagynyň batly depginler bilen gazanýan ösüşleriniň özboluşly görkezijisine öwrüldi. Paýtagtymyzyň ýylsaýyn kämilleşýän şähergurluşyk-binagärlik keşbinde ak mermere beslenen ýaşaýyş toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň sany hem yzygiderli artýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň binalarynyň bardygyny hem bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak ugrunda alnyp barylýan işler, maksatnamalar özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Bu gün telekeçiler ata Watanymyzyň dürli ulgamlarynyň, şol sanda azyk senagaty, oba hojalygy, şähergurluşygy, dokma senagaty, ýeňil senagat pudaklarynyň ösüşlerine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Importuň ornuny tutýan, eksport ugurly, bäsdeşlige ukyply ýerli önümler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly islegden peýdalanýar. Telekeçileriň önümçilik mümkinçilikleriniň barha giňemegi netijesinde sarp edijilere öndürilýän harytlaryň täze görnüşleri hem yzygiderli hödü

Döwrebap desga raýatlaryň hyzmatynda

Geçen hepdäniň şenbe gününde baýram edilen Aşgabat şäheriniň güni paýtagtymyzyň toý şatlygyny goşalandyran birnäçe dabaraly pursatlara baý boldy. Baýramçylyk gününde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň Ankara köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoulaglara ýangyç guýujy 142-nji bekediniň durky düýpli täzelenen desgasy hem şol gün halkymyzyň hyzmatyna berlen binalaryň biri. Ýeri gelende bellesek, bu desganyň durky «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagyndaky hojalyk hasaplaşygyndaky Abatlaýyş we gurluşyk müdirliginiň işçi-hünärmenleri tarapyndan düýpli täzelenildi. Dünýäniň kuwwatly ýangyç-energetika döwletleriniň biri bolan ýurdumyzda halkymyza bu ugurda döwrebap hyzmat etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Mähriban paýtagtymyzyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän şaýollardyr köçelerinde raýatlara göwnejaý hyzmat etmek maksady bilen ýangyç guýujy beketler yzygiderli gurulýar, öňden hereket edýänleriniň durky düýpli täzelenilip, işleri döwrebaplaşdyrylýar. Şu gezekki durky täzelenen, 1 gektarlyk çäginde dolandyryş binasyny, her biriniň göwrümi 60 kub metr bolan ýangyç saklanýan desgalaryň 5-sini we beýleki inženerçilik düzümlerini özünde jemleýän ýangyç guýujy beket hem aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr.

«Soňky jaň» — täze durmuşa ýaň

25-nji maýda ýurdumyzyň, şol sanda paýtagtymyzyň çägindäki ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Asylly däbe görä, ir bilen mekdepleriň göreldeli uçurymlary, ökde okuwçylar, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň iň täze taryhynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle hem, ähli welaýatlaryň Baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary geçirildi.

Ruhy gymmatlyga tagzym

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesi, şan-şöhraty barha artýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgä eýerilip, ýurdumyzda durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar sazlaşykly ösdürilýär, ykdysadyýetde, medeniýetde ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletimiziň maddy we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamak we Ýer ýüzüne tanatmak, wagyz etmek baradaky başlangyçlary has-da rowaçlanýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli golaýda Aşgabatda geçirilen döwlet derejesindäki dabaralar munuň aýdyň beýanydyr.

Aşgabadyň ýalkymy

Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ak mermerli paýtagtymyzyň beýik ösüşler bilen şöhratlanýan zamanasy hökmünde täze taryhymyzyň gatyna altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen geçen ýyllarda paýtagtymyzda durmuşa geçirilen şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalary netijesinde bu günki gün Aşgabat Aziýanyň merjen şäheri hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Şeýle beýik işleriň, netijeli maksatnamalaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda batly depginler bilen dowam etdirilýändigi ähli halkymyzy buýsandyrýar. Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda uludan baýram edilen Aşgabat şäheriniň gününiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky baýramçylyk dabaralarynyň aýratyn many-mazmuna beslenendigini buýsanç bilen bellemek ýakymlydyr. Çünki ýurdumyzyň baş şäheriniň baýramy türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi bilen utgaşýar. Şeýle hem, ýurdumyzyň orta mekdeplerindäki «Soňky jaň» dabarasy hem-de birnäçe açylyş dabaralary bilen utgaşan bu baýram paýtagtymyzyň dünýädäki abraýyny has hem artdyrdy. Akyldar şahyrymyzyň ýubileý senesi mynasybetli paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkeziniň açylyp ulanylmaga berilmegi, Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda gojaman Köpetdagyň eteginde Mag

Bagt paýlaýan pursatlar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň döwletlilik binýady, ykdysady kuwwaty has-da pugtalandyrylýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlandyrylýar, uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli berjaý edilýär. Watanymyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri, şäherleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmekde alnyp barylýan işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Halk arasynda aýdylyşy ýaly, ynsanyň ady il-ýurt ähmiýetli bitiren beýik işleri, ýetişdiren perzentleri, döreden zatlary, guran binalary bilen ebedi ýaşaýar. Milli Liderimiziň gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalar bilen döreden beýik ýaşaýşyň köşgi-eýwanly täji-tagtly Arkadag şäheri ajaýyp binagärligi, gözelligi, köpugurly şertleri bilen bu gün dünýäni haýran edýär. Arkadag şäheri — ýaşlaryň bagt şäheri. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän bu täsin şäher bagtyň we barlygyň, ylmy ösüşiň we ruhy baýlygyň mekanydyr.

At-owazy dünýä dolan paýtagtym

Aşgabat — Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu gün paýtagtymyz Aşgabat sebitde we dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, halkara ähmiýetli forumlaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň merkezi hökmünde giňden tanalýar. Şunda ak şäherimiziň halkara sport abraýynyň belentdigini, sport mümkinçilikleriniň giň gerimlidigini hem aýratyn bellemek gerek. Häzirki wagtda paýtagtymyzda hereket edýän Olimpiýa şäherçesi, Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Gyşky oýunlar sport toplumy, «Aşgabat» köpugurly stadiony hem-de beýleki sport desgalary halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlaryň sport bilen yzygiderli meşgullanmagynda, sagdyn durmuş ýörelgelerini özleriniň hemişelik hemrasyna öwürmeginde möhüm orun eýeleýär.

Peýdaly maslahatlar

Saglygyň gadyryn bilgil... Saglygy, sagdyn durmuşy üpjün etmek üçin bu ugurdaky berilýän maslahatlary pugta berjaý etseňiz, elmydama ruhubelent hem işjeň bolarsyňyz. Saglygy goraýşyň sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli alyp baryň, zyýanly endiklerden daşda duruň we bu babatda ösüp gelýän ýaş nesillere we ýetginjeklere görelde boluň, günüň dowamynda kompýuterlerde, smartfonlarda we planşetlerde işläniňizde belli bir wagtda arakesme etmegi unutmaň! Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak has peýdalydyr.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Soňky günlerde durmuşynda garaşylmadyk wakalaryň köp ýüze çykýandygyny hamallar has ýiti duýarlar. Şonuň üçin geljek hepdede bu ýagdaýa gutarnykly çözgüt gözläp bilersiňiz. Aýratyn hem, maddy çykdajylar babatda meýilnamalaryňyzy gözegçilikde saklaň.

«Aşgabatgaz» müdirligi ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazdan rejeli we tygşytly peýdalanmak baradaky haýyş bilen Aşgabat şäheriniň ähli ilatyna ýüzlenýär

Sarp edilen tebigy gaz üçin tölegleriň hasaplamalary, gaz ölçeýji enjamyň görkezijileri boýunça alnyp, onuň 1000 (bir müň) kub metr gazyň bahasy 20 (ýigrimi) manada deň. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde elektron töleg terminallar we mobil telefon arkaly «Milli paý» we «Milli ÝJH» programmalaryň üsti bilen töleg geçirip bolýar. Tölegler şu salgylar boýunça kabul edilýär: Köpetdag etrabynyň G.Burunow köçesiniň 7/2-nji jaýy, telefon belgisi: 92-67-18.

Ýürek sözi

Zähmetimize belent hormat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly dabaralary tutuş ýurdumyzy toý ruhy bilen gaplap aldy. Şanly ýylda giňden bellenip geçilen Türkmen halysynyň baýramy halkymyzyň nepis sungatymyza goýýan belent hormatynyň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halysy halkymyzyň gadymy sungaty bolup, onda il-günümiziň ruhy gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar» diýip belleýşi ýaly, türkmen halylary halkymyzyň milli buýsanjydyr.

Milli demokratiýa ösüş ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk bilen döwletiň bähbitleriniň bitewüligi we sazlaşygy ýurdumyzyň gülläp ösmegini, dünýädäki abraýynyň artmagyny, halkymyzyň parahat, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny şertlendirýär. Durnukly ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli demokratik ýörelgelerimizi, abadan we bagtyýar durmuşy hem-de döredijilikli zähmeti goramakda guwandyryjy netijeleri gazanmak ugrunda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgelerinde jemgyýet we şahsyýet gatnaşyklary hukuk esasynda guralýar. Kanuna esaslanýan gatnaşyklar hemmeleriň jogapkärçiligine we kanunyň talaplaryny berjaý etmegi borç edinmeklerine daýanýar. Kämil kanuna daýanýan milli demokratik ýörelgelerimiz bilen öňe gitmek döwletimiziň baş ýörelgesi bolup durýar. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti adama bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde garaýar. Halk häkimiýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan demokratik däpleri döwlet gurluşynyň sazlaşygyny kesgitlemek bilen, ýurdumyzyň durnukly ösüşine milli özboluşlylyk berýär. Halkyň geçen nesilleriniň tejribesini beýan edýän ynsanperwer gymmatlyklary jemgyýetiň pugtalandyryjy düzümi bolup durýar. Bu asylly däplerde t

Halkara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda zenanlaryň orny

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen bolup geçen ýokary derejedäki duşuşygynyň, «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatyň möhüm ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, şäherdir etrap guramalarynyň başlyklary, Mejlisiň zenan deputatlary, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň zenan ýolbaşçylary, işjeň agzalary, işewür zenanlar we mährem eneler gatnaşdylar.

Hepdäniň habarlary

Wagyz-nesihat çäresi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hem-de welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda temmäki önümleriniň, ýaramaz endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmek maksady bilen, mekdebiň mejlisler zalynda «Sagdyn nesil — egsilmez güýç» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni

Güneşli Diýaryň gül-gunçalary Halkymyzda ýaş nesle her bir öý-ojagyň döwleti, ýaşaýşyň dowamaty hökmünde garalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bagtyýar çagalar aýratyn üns-alada bilen gurşalýar.

Körpelere okap beriň!

Gyzyl alma (Tymsal)

Gymmatly ruhy hazyna

Ýaş nesliň terbiýesinde kitabyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny ata-babalarymyz jaýdar belläp geçipdirler. Kitap kalbyňa giňlik hem-de egsilmejek paýhas nuruny eçilýän gymmatlykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda kitabyň ähmiýeti hakynda täsirli hem-de gymmatly maglumatlar berilýär. Taryhda beýik döwletleri döreden halkymyz kitaba, onuň gudratly güýjüne çäksiz sarpa goýup gelipdir. Muňa şöhratly taryhyň mekany Merwde gurlan kitaphanalar aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiz ajaýyp eserinde gadymy Merwiň birnäçe kitaphanalarynyň bolandygyny belleýär. Kitaphanalar ylym-bilim ojagy, paýhaslar öýi hökmünde halk arasynda giňden meşhurdyr. Kitaphanalaryň çäginde medreseleriň hem ýerleşendigi taryhy çeşmelerde beýan edilýär. Diýmek, kitap ylym-bilim bilen aýrylmaz bagly bolupdyr.

Möhüm möwsümiň bosagasynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy bilen bir hatarda, olaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, göwnejaý dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Sapaly tomusda şypaly mesgenlerde wagtlaryny şadyýan geçirjek bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine ýurdumyzyň ähli künjegindäki sagaldyş-dynç alyş merkezleri doly taýýar edildi. Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatymyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerini möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler geçirildi. Tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň barşynda welaýatymyzdaky «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş merkezinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaş nesilleriň göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertler döredildi. Möwsümiň dowamynda «Bagtyýar nesil» dynç alyş merkezinde 3 tapgyrda, her tapgyrda 300 çaganyň 20 gün dynç almagy meýilleşdirilýär. Dynç alyş möwsüminde merkezde jemi 900 çaga wagtlaryny şadyýan geçirer. Şeýle hem möwsümiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezinde 5 tapgyrda, her tapgyrda 100 çaganyň 10 gün dynç almagy göz öňünde tutuldy. Möwsümiň dowamynda bu ýerde jemi 500 çaga göwnejaý dynç alyp biler. Bulardan başga-da, welaýatymyzyň bagty