Mermer binalaryň öwüşgini

29 Maý 2024
216

Mälim bolşy ýaly, 25-nji maýda giňden bellenilen Aşgabat şäheriniň güni paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde geçirilen açylyş dabaralary bilen utgaşdy. Şol gün Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda işewürlik maksatly edara-binalaryň 8-si ulanylmaga berildi. Munuň özi soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy pudagynyň batly depginler bilen gazanýan ösüşleriniň özboluşly görkezijisine öwrüldi.

Paýtagtymyzyň ýylsaýyn kämilleşýän şähergurluşyk-binagärlik keşbinde ak mermere beslenen ýaşaýyş toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň sany hem yzygiderli artýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň binalarynyň bardygyny hem bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak ugrunda alnyp barylýan işler, maksatnamalar özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Bu gün telekeçiler ata Watanymyzyň dürli ulgamlarynyň, şol sanda azyk senagaty, oba hojalygy, şähergurluşygy, dokma senagaty, ýeňil senagat pudaklarynyň ösüşlerine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Importuň ornuny tutýan, eksport ugurly, bäsdeşlige ukyply ýerli önümler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly islegden peýdalanýar. Telekeçileriň önümçilik mümkinçilikleriniň barha giňemegi netijesinde sarp edijilere öndürilýän harytlaryň täze görnüşleri hem yzygiderli hödürlenilýär.

Ýörite habarçymyz.