Aşgabadyň ýalkymy

29 Maý 2024
298

Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ak mermerli paýtagtymyzyň beýik ösüşler bilen şöhratlanýan zamanasy hökmünde täze taryhymyzyň gatyna altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen geçen ýyllarda paýtagtymyzda durmuşa geçirilen şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalary netijesinde bu günki gün Aşgabat Aziýanyň merjen şäheri hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Şeýle beýik işleriň, netijeli maksatnamalaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda batly depginler bilen dowam etdirilýändigi ähli halkymyzy buýsandyrýar.

Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda uludan baýram edilen Aşgabat şäheriniň gününiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky baýramçylyk dabaralarynyň aýratyn many-mazmuna beslenendigini buýsanç bilen bellemek ýakymlydyr. Çünki ýurdumyzyň baş şäheriniň baýramy türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi bilen utgaşýar. Şeýle hem, ýurdumyzyň orta mekdeplerindäki «Soňky jaň» dabarasy hem-de birnäçe açylyş dabaralary bilen utgaşan bu baýram paýtagtymyzyň dünýädäki abraýyny has hem artdyrdy. Akyldar şahyrymyzyň ýubileý senesi mynasybetli paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkeziniň açylyp ulanylmaga berilmegi, Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda gojaman Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň belent heýkeliniň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Baýramçylyk gününde paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylmagy bilen bolsa, ildeşlerimiziň ençemesi jaý toýlaryny uludan toýlady.

Aşgabadyň ýalkymy
Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy.