Döwrebap desga raýatlaryň hyzmatynda

29 Maý 2024
324

Geçen hepdäniň şenbe gününde baýram edilen Aşgabat şäheriniň güni paýtagtymyzyň toý şatlygyny goşalandyran birnäçe dabaraly pursatlara baý boldy. Baýramçylyk gününde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň Ankara köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoulaglara ýangyç guýujy 142-nji bekediniň durky düýpli täzelenen desgasy hem şol gün halkymyzyň hyzmatyna berlen binalaryň biri. Ýeri gelende bellesek, bu desganyň durky «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagyndaky hojalyk hasaplaşygyndaky Abatlaýyş we gurluşyk müdirliginiň işçi-hünärmenleri tarapyndan düýpli täzelenildi.

Dünýäniň kuwwatly ýangyç-energetika döwletleriniň biri bolan ýurdumyzda halkymyza bu ugurda döwrebap hyzmat etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Mähriban paýtagtymyzyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän şaýollardyr köçelerinde raýatlara göwnejaý hyzmat etmek maksady bilen ýangyç guýujy beketler yzygiderli gurulýar, öňden hereket edýänleriniň durky düýpli täzelenilip, işleri döwrebaplaşdyrylýar. Şu gezekki durky täzelenen, 1 gektarlyk çäginde dolandyryş binasyny, her biriniň göwrümi 60 kub metr bolan ýangyç saklanýan desgalaryň 5-sini we beýleki inženerçilik düzümlerini özünde jemleýän ýangyç guýujy beket hem aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr.

Abadan ORAZOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.