Milli demokratiýa ösüş ýolunda

29 Maý 2024
411

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk bilen döwletiň bähbitleriniň bitewüligi we sazlaşygy ýurdumyzyň gülläp ösmegini, dünýädäki abraýynyň artmagyny, halkymyzyň parahat, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny şertlendirýär. Durnukly ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli demokratik ýörelgelerimizi, abadan we bagtyýar durmuşy hem-de döredijilikli zähmeti goramakda guwandyryjy netijeleri gazanmak ugrunda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgelerinde jemgyýet we şahsyýet gatnaşyklary hukuk esasynda guralýar. Kanuna esaslanýan gatnaşyklar hemmeleriň jogapkärçiligine we kanunyň talaplaryny berjaý etmegi borç edinmeklerine daýanýar. Kämil kanuna daýanýan milli demokratik ýörelgelerimiz bilen öňe gitmek döwletimiziň baş ýörelgesi bolup durýar. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti adama bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde garaýar. Halk häkimiýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan demokratik däpleri döwlet gurluşynyň sazlaşygyny kesgitlemek bilen, ýurdumyzyň durnukly ösüşine milli özboluşlylyk berýär. Halkyň geçen nesilleriniň tejribesini beýan edýän ynsanperwer gymmatlyklary jemgyýetiň pugtalandyryjy düzümi bolup durýar. Bu asylly däplerde türkmen döwletliliginiň gözbaşynda durýan çuňňur ynsanperwerlik, döwletiň we raýatlaryň jebisligi, agzybirligi, olaryň özara täsiri we gatnaşyklary öz beýanyny tapýar.

Didar OSMANOW,
TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy, welaýat halk maslahatynyň agzasy.