At-owazy dünýä dolan paýtagtym

29 Maý 2024
380

Aşgabat — Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu gün paýtagtymyz Aşgabat sebitde we dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, halkara ähmiýetli forumlaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň merkezi hökmünde giňden tanalýar. Şunda ak şäherimiziň halkara sport abraýynyň belentdigini, sport mümkinçilikleriniň giň gerimlidigini hem aýratyn bellemek gerek. Häzirki wagtda paýtagtymyzda hereket edýän Olimpiýa şäherçesi, Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Gyşky oýunlar sport toplumy, «Aşgabat» köpugurly stadiony hem-de beýleki sport desgalary halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlaryň sport bilen yzygiderli meşgullanmagynda, sagdyn durmuş ýörelgelerini özleriniň hemişelik hemrasyna öwürmeginde möhüm orun eýeleýär.

Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».