"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

335 kilometrlik welosipedli ýöriş

Marydan paýtagtymyza tarap badalga aldy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda halkara seneleriň sanawyna girizilen Bütindünýä welosiped güni şu ýyl ýedinji gezek belleniler. Ekologiýa we saglyk taýdan juda peýdaly bolan bu ulagyň şanyna biziň ýurdumyzda guralýan dabaralar her ýyl özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu sene mynasybetli Aşgabatda geçen ýyllarda Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan ykrar edilen köpçülikleýin çäreleriň birnäçesi geçirildi. Şu ýyl bolsa ol paýtagtymyzda geçirilen welotrek boýunça milli birinjilige hem-de ýurdumyzdaky ýokary tizlikli ýoluň ugry boýunça badalga berlen ýörişe beslenýär.

Watan goragçylary — asudalygyň synmaz sütünleri

Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, häzirki zaman ýaraglarydyr harby tehnikasy bilen üpjün etmegiň hasabyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadydyr. Şundan ugur alnyp, 29-njy maýda ýurdumyzyň günbatar sebitinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi. Watan goragçylarynyň hünär ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyny artdyrmak, olaryň gury ýerde, howa giňişliginde, deňizde harby sungatyň täze öňdebaryjy usullaryny, söweşi alyp barmagyň tärlerini ulanmak arkaly, sazlaşykly hereketleri ýerine ýetirmegi başarmaklaryny gazanmak bu gezekki türgenleşikleriň esasy maksadydyr. Toparlaryň öňünde duşman toparlaryny ýok etmek, howa hüjümlerini gaýtarmak we beýlekiler ýaly söweşjeň türgenleşik wezipeleri goýuldy. Şunda sanly ulgamyň işjeň ulanylmagynyň türgenleşikleriň tapawutly aýratynlygydygyny bellemek gerek. Bu babatda häzirki zaman sanly nawigasiýa ulgamy bilen üpjün edilen uçarmansyz uçuş enjamlaryna, sanly ulgamyň binýadynda hereket edýän garşydaşy ýüze çykarmagyň radiolokasion ser

Demokratik ýörelgelere ygrarlylyk

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen şu ýylymyzyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär. Saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek çäresi, ýurdumyzyň saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 8-nji maýda başlandy we guramaçylykly dowam edýär. Bu jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan wekilleri hödürlemek boýunça mejlislerdir ýygnaklar geçirilýär.

Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy

Danalaryň aýdyşy ýaly, nirede bagtyýarlyk, parahatçylyk bar bolsa, şol ýerde çagalaryň şadyýan sesleri has belentden ýaňlanýar. Çaga biziň dünýämiziň iň uly şatlygydyr. Çagajyklaryň şadyýan gülküleri bahasyz gymmatlyga deňelýär. 1-nji iýunda tutuş dünýäde, şol sanda ýurdumyzda hem Çagalary goramagyň halkara gününiň giňden bellenilmegi ýaş nesil hakda edilýän aladalaryň aýdyň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde bagtly, bagtyýar çagalaryň mekany hökmünde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýip nygtaýar. Çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklaryny doly açmagy üçin şertleriň döredilmegi döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň, halkymyzyň röwşen geljegi ugrundaky uly tagallalarynyň baş maksadydyr.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) ÇAGANYŇ TERBIÝESI OL DÜNÝÄ INEN PURSADYNDAN BAŞLANÝAR

Watanymyzyň buýsanjy siz, çagalar!

Çagalar bagtly bolsa il abadandyr, ýurt abatdyr, öýlerimiz rahatdyr, döwletlidir. Olar ynsanyň kalbyna, ömrüne we durmuşyna nur çaýýan çyragdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmençilikde ýedi sany zady ýüze sylmak dessury hakynda aýdylýar. Şolaryň biri hem täze dünýä inen çaga bilen bagly. Durmuşymyzyň gül-gunçalaryna deňelýän balalar maşgala binýadyny has-da berkidýär. Akyldarlaryň biri: «Nirede çagalaryň şadyýan gülki sesleri has belentden ýaňlanýan bolsa, şol ýerde bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk höküm sürýändir. Ol ýer bagtyýar çagalygyň mekanydyr» diýip belleýär. Şol bagtyýar çagalaryň, bagtly çagalygyň mekany hasaplanylýan eziz Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Çagalary goramagyň halkara güni uly şatlyk-şowhun bilen, dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Türkmenistan döwletimizde ýaş nesiller çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýärler. Mähir, egsilmez söýgi bilen gurşalýan ýaş nesliň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, watansöýüji, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli we tutumly işler durmuşa geçirilýär.

Biotehnologiýa — möhüm ugur

Hormatly Prezidentimiziň 10-njy maýda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýurdumyzda ylmyň degişli ugrunyň, şeýle hem biosenagatyň ilerlemeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. 30-njy maýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilen «Ýurdumyzda biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň ösüşi» atly ylmy-amaly maslahatda hem biotehnologiýanyň durmuş-ykdysady ösüşde eýeleýän orny barada pikir alşyldy. Ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň degişli barlaghanalarynyň, Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy işgärleri, professor-mugallymlary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy. Onuň dowamynda edilen çykyşlar «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndaky» strategik ugurlar, ýurdumyzyň haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüligini öwrenmegiň ylmy netijeleri we öňde durýan wezipeleri, biotehnologiýanyň usullary arkaly endemiki ösümlikleri köpeltmegiň mümkinçilikleri ýaly mowzuklara bagyşlandy. Pikir alyşmalarda biotehnologiýanyň durmuşyň

Durmuş sapaklaryna baý ertekiler

Tomus pasly çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biridir. Çünki mekdep okuwçylary bu pasylda okuw ýylyny tamamlap, dynç alyş möwsümine çykýarlar. Bu döwürde boş wagtlaryny sapaly hem peýdaly geçirmekleri üçin çagalar gyzykly kitaplary okap bilerler. Çünki ýaşajyk okyjylar üçin niýetlenen eserler olaryň dünýägaraýşynyň giňemegine, biliminiň artmagyna ýardam edýär. Megerem, araňyzda «Akpamyk» atly türkmen halk ertekisini okamadygyňyz ýokdur. Hawa, şol ýedi doganyny gözläp, ýeke özi ýola çykan gaýduwsyz, gorkmazak gyzjagaz. Aslynda, onuň ýeke özi-de däl, gyzyň ýanynda pişijegi bilen oňa ýol görkezýän kökejigi bar. Şol kökejigiň yzyna düşüp, Akpamyk ýedi doganynyň bolýan ýerine — dagyň gowagyna barýar. Durmuşda şeýle kökejik bolmasa-da, dogry ýol salgy berýän ynsanlar hemişe ýanymyzda bar. Emma pişijegi şol kökejigiň gyrasyny gädýär. Gädilen kökejik bolsa soňra tigirlenip bilmeýär. Muňa garamazdan, Akpamyk çykalga tapyp, palçyk bilen kökejigiň gädik ýerini suwaýar. Durmuşda hem şeýle kyn ýagdaýa düşeniňde, oýlanyp hereket etmegiň, dogry netije çykarmagyň maksat-myradyňyza ýetirjegi ikuçsuzdyr.

Bagtyýarlygyň mekany

Ýakynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň, Çagalar awtoşäherçesiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň mekany» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa paýtagtymyzdaky 43-nji çagalar bagynyň körpeleri gatnaşdy. Dabarada Çagalar awtoşäherçesiniň okuw otaglarynda mugallymlar ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň möhüm ähmiýeti, köçelerde we jemgyýetçilik ulaglarynda özüňi howpsuz we medeniýetli alyp barmagyň düzgünleri hakynda gürrüň berdiler. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Şatlyk», «Gyzyl güljagaz», «Akpamyk» aýdym-saz we tans toparlarynyň, Türkmen döwlet sirkiniň artistleriniň ýerine ýetiren çykyşlary körpeleriň şatlygyna şatlyk goşdy.

Ajaýyp döwre zynat «Arkadagly nesiller»

Magtymguly etrabynyň Magtymguly şäherinde «Arkadagly nesiller» atly döwrebap çagalar medeni dynç alyş merkeziniň açylmagy Çagalary goramagyň halkara gününiň hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna mahsus ýokary guramaçylyga hem-de ruhubelentlige beslenen dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar çagalar  hem-de etrabyň köp sanly ýaşaýjylary agzybirlik bilen gatnaşdylar.

Welosipedli ýörişe badalga berildi

Şu gün ir säher bilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň welaýatymyzyň çäginde başlanýan ýerinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş badalga aldy. 335 kilomert aralyga guralan welosipedli ýörişe ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri gatnaşdylar.

Çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaralary giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýarlygy, olaryň röwşen geljegi ugrunda birnäçe beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Gaznanyň hasabyna birnäçe çagalaryň saglygynyň dikeldilmegi, olaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ýurdumyzda ýaş nesiller hakynda edilýän aladalaryň aýdyň netijesidir. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli gaznanyň hasabyna welaýatymyzdan bejergi alan çagalara baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmak dabaralary hem giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Daşoguz şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen dabara aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen gaznanyň hasabyna welaýatymyzdan hem birnäçe çaganyň saglygynyň dikeldilendigini uly buýsanç bilen bellediler.

Ajaýyp döwrümiziň bagtyýar nesilleri

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler eýwanynda bagtyýar çagalaryň gatnaşmagynda «Bal süýji — baldan bala süýji» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Ony saglygy goraýyş, hyzmat ulgamy we medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher Geňeşleri şäher Medeniýet merkezi bilen bilelikde gurady. Baýramçylyk dabarasy turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde bagtdan paýly, bagtyýar çagalaryň şadyýan gülki sesleri degre-daşy gurşap aldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gurşalan çagalaryň bu günki şatlyk-şowhuny ajaýyp döwrümiziň waspy bolup ýaňlandy. Baýramçylyk dabarasynda Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň höwesjeň çagalar toparynyň ýerine ýetiren bagtyýar çagalygy, eziz Watanymyzy, ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini wasp edýän şirin owazly aýdymlary, şowhunly tanslary  oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Ýüreklerden alkyş ýagýar

Welaýat köpugurly hassahanasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan şu hassahana emeli böwrek enjamlarynyň sowgat berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri we şu gaznanyň sahawaty bilen saglygyna gowşan çagalaryň hossarlary gatnaşdylar. Maslahatda bellenilişi ýaly, welaýat köpugurly hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýanyň «B-Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamlarynyň ikisi sowgat berildi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak ugrunda edilýän aladanyň nobatdaky ajaýyp miwesidir. Häzirki wagtda bu kämil lukmançylyk enjamlary welaýat köpugurly hassahanasynda doly işe girizildi.

Eziz Watanyň bagtyýar körpeleri

Welaýat köpugurly hassahanasynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Eziz Watanyň bagtyýar körpeleri» atly maslahat geçirildi. Oňa saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda bellenilişi ýaly, çagalar we olaryň saglygy ählimiziň ilkinji nobatda durýan aladamyzdyr. Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen bu iş döwrüň iň ösen talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Watanymyzyň gül-gunçalary

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilen dabara ruhubelentlige beslendi. Ol ýerde Kaka etrap häkimliginiň, bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara etrabyň dürli ýerlerinden bagtyýar çagalar gatnaşyp, labyzly goşgy okadylar, baýramçylyk gutlaglaryny beýan etdiler. Ösüp gelýän ýaş nesliň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň owazy has belentlere ýaň saldy. Şeýle ajaýyp çykyşlar eziz Diýarymyzyň, hakykatdan-da, bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrülendigini görkezdi. Dabaranyň geçýän ýerinde ýaşajyk suratkeşleriň surat sergisi hem guraldy. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan çagalara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan toý sowgatlary gowşuryldy.

Körpe nesliň şatlygy

Ak bugdaý etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň çäginde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri giň gerime eýe bolýar. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda guralýan aýdym-sazly dabaralar aýratyn täsirli bolýar. Bagtyýar körpeleriň gatnaşmagynda şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýän baýramçylyk çärelerinde çagalaryň aýdym-sazly çykyşlaryna, degişme sahnalaryna we surat sergilerine aýratyn orun berilýär. Ruhubelent körpeler bagtyýar çagalygyň mekany bolan eziz Watanymyzy, erkana durmuşymyzy, dost-doganlygy labyzly goşgy setirlerinde wasp edýärler.

Berkarar Watanymyz bagtly çagalygyň mekany

1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara günüdir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda bu sene şatlyk-şowhuna beslenip, giňden bellenip geçilýär. «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýip belleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ösüp gelýän ýaş nesil hakda edýän bimöçber aladalary şol şanly senede has aýdyň ýüze çykýar. Çagalary goramagyň halkara gününiň toý dabaralarynda bagtyýar nesliň ata Watanymyza, beýik döwrümize bolan guwanç-buýsanjyny olaryň ýüzlerindäki şatlyk alamatlaryndan duýmagyň özboluşly lezzeti bar. Çagalaryň ýürek buýsanjyny joşgunly aýdym-sazlarynda, goşgy setirlerinde beýan etmekleri her birimizde egsilmez ruhubelentlik döredýär.

Oba ho­ja­ly­gyn­da­ky iş­ler ‑ ösü­şiň mö­hüm gör­ke­zi­ji­si

27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. We­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri se­bit­ler­de möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da go­wa­ça eki­len meý­dan­lar­da ýe­ke­le­mek, otag et­mek, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek, ösüş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ryn­dan ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ýar. We­la­ýat­lar­da gal­la ora­gy­na baş­la­ma­ga, möw­sü­mi gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rül­di. Se­bit­le­riň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da ýe­ral­ma we beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­ne ideg et­mek, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça iş­ler ge­çi­ril­ýär.

«Zaman-Türkmenistan» gazetine abuna ýazylyşygy dowam edýär

«Zaman-Türkmenistan» gazetine 2024-nji ýylyň II ýarym ýyllygy üçin abuna ýazylyşygy dowam edýär. Gazete ýazylmak üçin «Türkmenpoçtanyň» islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz!