27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatlarda galla oragyna başlamaga, möwsümi guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görüldi. Sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça işler geçirilýär.