Eziz Watanyň bagtyýar körpeleri

31 Maý 2024
261

Welaýat köpugurly hassahanasynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Eziz Watanyň bagtyýar körpeleri» atly maslahat geçirildi. Oňa saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda bellenilişi ýaly, çagalar we olaryň saglygy ählimiziň ilkinji nobatda durýan aladamyzdyr. Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen bu iş döwrüň iň ösen talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Diloram GAFAROWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň esasy hünärmen-buhgalteri.