Watanymyzyň buýsanjy siz, çagalar!

31 Maý 2024
304

Çagalar bagtly bolsa il abadandyr, ýurt abatdyr, öýlerimiz rahatdyr, döwletlidir. Olar ynsanyň kalbyna, ömrüne we durmuşyna nur çaýýan çyragdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmençilikde ýedi sany zady ýüze sylmak dessury hakynda aýdylýar. Şolaryň biri hem täze dünýä inen çaga bilen bagly. Durmuşymyzyň gül-gunçalaryna deňelýän balalar maşgala binýadyny has-da berkidýär. Akyldarlaryň biri: «Nirede çagalaryň şadyýan gülki sesleri has belentden ýaňlanýan bolsa, şol ýerde bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk höküm sürýändir. Ol ýer bagtyýar çagalygyň mekanydyr» diýip belleýär. Şol bagtyýar çagalaryň, bagtly çagalygyň mekany hasaplanylýan eziz Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Çagalary goramagyň halkara güni uly şatlyk-şowhun bilen, dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.

Türkmenistan döwletimizde ýaş nesiller çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýärler. Mähir, egsilmez söýgi bilen gurşalýan ýaş nesliň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, watansöýüji, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli we tutumly işler durmuşa geçirilýär.

Gülälek BABAÝEWA,
«Güneş» žurnalynyň baş redaktory.