Bagtyýarlygyň mekany

31 Maý 2024
286

Ýakynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň, Çagalar awtoşäherçesiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň mekany» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa paýtagtymyzdaky 43-nji çagalar bagynyň körpeleri gatnaşdy.

Dabarada Çagalar awtoşäherçesiniň okuw otaglarynda mugallymlar ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň möhüm ähmiýeti, köçelerde we jemgyýetçilik ulaglarynda özüňi howpsuz we medeniýetli alyp barmagyň düzgünleri hakynda gürrüň berdiler. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Şatlyk», «Gyzyl güljagaz», «Akpamyk» aýdym-saz we tans toparlarynyň, Türkmen döwlet sirkiniň artistleriniň ýerine ýetiren çykyşlary körpeleriň şatlygyna şatlyk goşdy.

Ulugberdi HANMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Watan».