Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy

31 Maý 2024
232

Danalaryň aýdyşy ýaly, nirede bagtyýarlyk, parahatçylyk bar bolsa, şol ýerde çagalaryň şadyýan sesleri has belentden ýaňlanýar. Çaga biziň dünýämiziň iň uly şatlygydyr. Çagajyklaryň şadyýan gülküleri bahasyz gymmatlyga deňelýär. 1-nji iýunda tutuş dünýäde, şol sanda ýurdumyzda hem Çagalary goramagyň halkara gününiň giňden bellenilmegi ýaş nesil hakda edilýän aladalaryň aýdyň beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde bagtly, bagtyýar çagalaryň mekany hökmünde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýip nygtaýar. Çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklaryny doly açmagy üçin şertleriň döredilmegi döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň, halkymyzyň röwşen geljegi ugrundaky uly tagallalarynyň baş maksadydyr.

Ogulnyýaz ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.