"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

«Aýdyň gijeler» aýdyň ýollarda

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup elektron senagat önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy. Yşyklandyryş enjamlaryny, şol sanda LED lampalaryny öndürýän önümçiligiň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly ugurlarynyň biri hasaplanýar. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda ýurdumyzyň elektron senagatynyň ösdürilmegi netijesinde, uly isleg bildirilýän, daşary ýurtlarda öndürilýän şu kybap harytlara mynasyp bäsdeşlik edip biljek harytlaryň önümçiligine aýratyn ähmiýet berilýär. Täze, innowasion tehnologiýalarda işläp, döwür bilen aýakdaş barýan «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäherinde şahamça açyp, şol şahamçanyň düzüminde hem tehnologik merkezi döretdi. Bu merkez ýokary derejeli hünärmenler tarapyndan dolandyrylyp, onuň esasy maksady ýurdumyzyň dürli pudaklarynda hereket edýän edara-kärhanalara IT tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda, olaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şonuň ýaly-da, hojalyk jemgyýeti dünýäniň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, öz önümlerini daşarky bazarlara eksport etmek boýunça hem iş alyp barýar. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşine uly goşantdyr.

Telekeçilikde müşderiniň we hiliň ähmiýeti (Ýaş telekeçilere maslahatlar)

«Daewoo» şereketini esaslandyran Kim Wu-Çonguň maslahatlary ■ Müşderiniň ynamyny gazanmakda satyjynyň müşderä berýän ünsi ilkinji orunda durýar. Şonuň üçin hem müşderini özüňe çekmekde hünärine ökde satyjylar hökmandyr.

Ýokary hilli önümler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri üstünlikli berjaý edilýär. Ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alan özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetde hususy pudagy goldamak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik milli ykdysady giňişliginde özüniň mynasyp ornuny eýeläp, ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň has ýokary basgançaklaryna ynamly çykmagyna kuwwatly itergi berýär, döwletimiziň gülläp ösmegini we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini has-da artdyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeler kabul edilen toplumlaýyn döwlet maksatnamalarynda bellenen esasy ugurlar boýunça üstünlikli alnyp barylýar. Bazar-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolanyşygyny yzygiderli kämilleşdirmek ösüşleriň zerur şerti bolup çykyş edýär. Ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda telekeçilik işiniň ähmiýeti uludyr. Telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegi, bazar gatnaşyklarynyň barha çuňlaşdyrylmagy, içerki sarp ediş bazarlarynda haryt bolçulygynyň artmagy h

Hususyýetçilik ösüş ýolunda

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ösüşlerine, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen parasatly syýasaty amala aşyrmak bilen, ynsanperwer başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen birlikde, halkyň çuňňur ruhy we döredijilik güýji netijeli işlere gönükdirilýär. Netijede, düýpli durmuş-ykdysady özgertmelerde, demokratiýany ýaýbaňlandyrmakda, kanunçylygy berkitmekde, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmekde, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, döwletiň, jemgyýetiň we adamlaryň jebisligini gazanmakda uly üstünlikler gazanylýar. Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden ösdürmek döwlet tarapyndan goldanylýar. Bu bolsa maliýe-ykdysady ulgamyň durnukly ösdürilmegi boýunça işleriň ýokary depginler bilen dowam etdirilmegini, ykdysady ulgamyň kanunçylyk namalarynyň yzygiderli seljerilmegini we kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen binýatlaýyn kadalara laýyklykda, döwletimiziň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar; döwlet adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Şeýle hem döwlet eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýär we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýär. Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gada

Ýazgytdan ýalkawly adam

(Oçerk) (Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Işeňňiriň işi ileri

Hormatly Prezidentimiziň tarp ýerleri özleşdirmek, döwrebap tilsimatlar arkaly oba hojalygynyň kämil düzümini emele getirmek, ilaty daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply ýerli önümlerimiziň eksportynyň gerimini giňeltmek, şeýle-de oba ýerlerinde iş orunlaryny döretmek baradaky tagallalaryndan ugur alnyp döredilen we bu gün üstünlikli işleri alyp barýan önümçilikleriň hatarynda «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki ýyladyşhana toplumy guwanç bilen agzalmaga mynasypdyr. 2019-njy ýylda tapgyrlaýyn açylyp, işe girizilen ýyladyşhana toplumynyň işleri barha ilerleýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlangyjy esasynda ol ýerde bolup, ýyladyşhana toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşanymyzda aýdyň göz ýetirdik. Ýyladyşhana toplumynyň umumy eýeleýän meýdany 34 gektar bolup, şonuň 30 gektary hasyl ýetişdirmäge niýetlenendir. Galan böleginde mejlisler jaýy, naharhana, dynç alyş otagy, kömekçi otaglar, şeýle-de ýyladyşhana toplumynyň işini utgaşykly alyp barmaga niýetlenen otaglar ýerleşýär. Toplum işe girizilen gününden bäri ol ýerde pomidoryň dürli görnüşleri ýetişdi

Ýazgytdan ýalkawly adam

(Oçerk) Şeýle bir adamlar bolýar, haýsy işe ýapyşsa, şoňa öň gözükdirilen ýaly. Edeni oň, görelde bolup barýandyr. Soň märekede görersiň, agzyndan gaçan söz — kethudalykdyr.

Pagtany gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynda

Mary welaýatynyň pagtaçylary we oba hojalyk işgärleri «ak altyny» gaýtadan işlemekde uly işleri alyp barýarlar. Bu möhüm iş sebitiň ähli pagta arassalaýjy kärhanalarynda-da depginli dowam etdirilýär. Işe girizilenine golaýda 25 ýyl bolan, Türkmengala etrabynyň çäginde ýerleşýän pagta arassalaýjy kärhanasynyň işçileri bolsa, has ýokary görkezijileri gazanmak maksady bilen joşgunly zähmet çekýärler. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda gurlup, ulanylmaga berlen, dünýäniň ösen ýurtlarynyň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada öndürijilikli işlemek üçin ähli şertler bar. Kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy bolsa 45 müň tonna barabar. Bir ýylda şonça mukdardaky orta süýümli gowaça hasylyny gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolan kärhanada işine ezber işgärleriň 300-den gowragynyň 3 çalşykda işläp zähmet çekýändigini nazara alsaň, onda geçen çärýek asyryň dowamynda bu ýerde gaýtadan işlenen pagtanyň az bolmandygyna göz ýetirmek bolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny zähmet üstünlikleri bilen garşylan işçiler şu günler gündelik 130-140 tonna hasyly gaýtadan işlemegiň hötdesinden gelýärler.

Hususy ulgamyň eksport mümkinçilikleri artýar

Welaýatymyzyň telekeçileri hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen ýeterlik üpjün etmek, şol önümleriň daşary ýurtlara ugradylýan möçberlerini artdyrmak barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmaklyga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. Häzirki dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda olaryň bu ugurdaky işleriniň günsaýyn öňe ilerleýändigini bellemeli.

Oňaýly hem owadan (Telekeçilik)

Hormatly Prezidentimiziň: «Men telekeçilerimiziň ylmyň gazananlaryny ulanmak bilen, ýurdumyzda häzirkizaman tehnologiýalaryna esaslanýan, düýbünden täze önümçilikleri we kärhanalary döredip, dürli görnüşli, ýokary hilli harytlary öndürmekde hem gowy netijeleri gazanjakdyklaryna berk ynanýaryn!» diýen sözleri türkmen telekeçilerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Milli Liderimiziň goldaw bermegi we uly ynam bildirmegi netijesinde bu günki gün telekeçilik ulgamy barha ösýär. Hususy pudak ýurdumyzyň sarp edýän bazarynda harytlaryň bolçulygyny döredip, milli ykdysadyýetimiziň pugtalanmagynda öz mynasyp ornuny tapýar. Ilatyň iş bilen üpjünçiliginde-de hususy ulgama uly orun degişlidir. Hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleriniň, telekeçileriň öndürýän önümleri ýurdumyzda bazar bolçulygyny döredýär. Bu babatda türkmen telekeçileriniň ýeten sepgitleri guwandyryjydyr. Türkmen telekeçileri täze tilsimatlara daýanyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini birkemsiz tutup biljek önümçiligi döredýärler. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary döwletlere çykarylyşynyň artdyrylmagynda-da türkmen işewürleri yhlaslylyk görkezýärler.

«Gül zemine» hoş geldiňiz!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri telekeçilik işine giň ýol açylýan, onuň netijeli ösdürilmegi üçin amatly şertleriň döredilýän, işewürligiň ähli mümkinçilikleriniň giňden açylýan döwri bolup, taryhymyza ymykly girdi. Milli Liderimiziň bimöçber goldawy we hemaýaty bilen türkmen işewürleri sanlyja ýylyň içinde baý tejribe toplamagy başardylar. Olar ýurdumyzda bazar bolçulygyny döretmek boýunça uly işleri durmuşa geçirdiler. Türkmen işewürleri şähergurluşyk-binagärlik sungatynyň inçe syrlaryny ele alyp, kaşaň binalary gurýarlar. Gurluşyklarda milliligiň usullaryny başarnykly ulanýarlar. Ony paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň mysalynda hem görmek bolýar.

Ýyladyşhana toplumynda

Hormatly Prezidentimiziň telekeçiligiň ösüşine berýän ünsi, hususy pudagyň wekillerine döredip berýän ähli şertleri netijesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär. Olaryň agrosenagat toplumyndaky gazanýan üstünlikleri şeýle diýmäge esas berýär. Bu babatda «Röwşen — Rahym» daýhan hojalygy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler has-da öwgä mynasypdyr. Agzalan daýhan hojalygy tarapyndan Kaka etrabynyň Gozgan geňeşliginiň çäginde döwrebap guşçulyk we ýyladyşhana toplumlarynyň işi ýokary talaplara laýyklykda ýola goýlupdyr. Golaýda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlangyjy esasynda daýhan hojalygynyň döwrebap ýyladyşhana toplumynda bolup, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen iş üstünde tanyşmak miýesser etdi.

Sahawatly topragyň berekedi

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň telekeçileri azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly goşant goşýarlar. Olar tarapyndan guş etini we ýumurtga öndürmek üçin niýetlenen guşçulyk toplumlary ulanylmaga berilýär. Şunuň bilen bir wagtda, täze guşçulyk hojalyklarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň içerki bazary ýumurtga we guş eti bilen doly üpjün edilýär. Innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli süýt we süýt önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň köp görnüşi öndürilýär. Ýurdumyzda döwrebap ýyladyşhanalar gurlup, olarda dürli görnüşli, ekologiýa taýdan arassa gök we bakja önümleri ýetişdirilip, halka ýetirilýär. Mundan başga-da, miweli baglar we üzüm nahallary ekilip, olardan bol hasyl alynýar.

Sanly ösüşiň täze wezipeleri

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklarynyň ulgamy ösdürilýär. Sanly ykdysadyýet wagty we harajatlary tygşytlamak, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmak, sanly gurşawda harytlary we hyzmatlary dünýä bazaryna çalt çykarmak we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli etmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda 2019 —–2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň ähli pudaklaryny we sebitlerini sanly ykdysadyýete geçirmek wezipeleri bellenildi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 22-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak baradaky meselelere hem garaldy. «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna» laýyklykda, täze Maksatnamanyň kabul edilmegi birnäçe wezipeleri öz içine alýar. Şolaryň hatarynda «Elektron hökümeti» ulgamyny döretmek boýunça ýerine ýetirilmeli wezipeleri kesgitlemek, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamyny kämil

Harby gullukçylarymyz azyk bolçulygyna önjeýli goşant goşýarlar

Ýakynda biziň döredijilik toparymyz gadymy Merw topragynda boldy. Bizi Türkmenistanyň döwlet serhet gullugyna degişli bolan harby bölümiň serkerdeleri mähirli garşyladylar. Şol pursat özümiň serhetçidigime bolan söýgim has-da artdy. Biziň esasy maksadymyz harby bölümiň oba hojalyk pudagy boýunça alyp barýan işlerini içgin öwrenip, bu hakda degerli maglumat toplamak we ony serhetçilere, galyberse-de, halk köpçüligine ýetirmekdi. Bu babatda ilki özüne çeken zat, harby bölümiň kömekçi hojalygynyň düzüminde hereket edýän ýyladyşhanalarda serhetçi harby gullukçylarymyzyň alyp barýan işleri boldy. Harby gullukçylarymyz tarapyndan gurlan ýyladyşhanalarda gök-bakja ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler döredilipdir. Pomidorlaryň, hyýarlaryň, limonlaryň we beýleki gök önümleriň düzüm-düzüm bolup duranyny göreniňde, serhetçi harby gullukçylarymyzyň zähmetiniň ýerine düşendigine şaýat bolýarsyň.

Önümleriň mukdary artdyrylýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Halmämmet Amanmämmedowyň Balkanabat şäheriniň Düzmergen ýaýlasyndaky bäş gektar ýerinde ýerleşýän ýyladyşhanasynda gök-önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge giň mümkinçilikler bar. Işe girizilenine onçakly köp wagt bolmasa-da, ýyladyşhanada eýýäm geçen ýylyň awgust aýynda oturdylan pomidor şitillerinden bol hasyl alnyp, ak bazarlara yzygiderli ugradylyp durulýar. Ýylyň başyndan bäri ýokary hilli pomidoryň eýýäm ýüzlerçe kilogramy taýýarlanyp, elýeterli bahadan halka ýetirildi. Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýyladyşhananyň hünärmenleri möwsümiň dowamynda pomidor düýpleriniň her birinden ýigrimi kilograma golaý hasyl aljakdyklaryny belleýärler. Bu bolsa tutuş möwsümiň dowamynda ýygyljak pomidor hasylynyň umumy möçberiniň bir müň tonna barabar boljakdygyna şaýatlyk edýär. Gollandiýadan getirilen pomidor tohumlarynyň mineral dökünler bilen gurplandyrylyp, suwarylmagy bitginli we bol hasylyň kemala gelmegine getirýär.

Ýer sylasa, il sylaýar

Ene topraga örküni baglan adamlaryň bir gowy edähedi bar: olar wagta çäk goýman işleýärler. Gijemi, gündizmi, dynç alyş günümi, parhy ýok, bar aladalary toprak bilen, ekin bilen. Ekiniňden garaşýan gowy netijäňi aljak bolsaň, toprak bilen, ekin bilen höwrükmeseň boljagam däl. Telekeçi Zafar Joraýew bu hakykata basym göz ýetirdi. Ol hormatly Prezidentimiziň döwrebap ýyladyşhanalary döretmek üçin işewürlere ýer böleklerini bermek hakyndaky Kararyna laýyklykda ilkinjileriň biri bolup ýer bölegini edindi. 2015-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugy esasynda oňa Dänew etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň çäginde 0,5 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Telekeçiniň buýurmasy esasynda şol ýer böleginde «Dowamly gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary döwrebap ýyladyşhanany gurup berdiler. Iş toparynyň 2017-nji ýylyň maý aýynyň 31-indäki delilnamasy esasynda ýyladyşhana kabul edilip, dessine-de işe girizildi. Şol ýyl hem ekilen pomidordan gowy hasyl alnyp, ilatyň saçagyna ýetirildi. Ýyladyşhanalaryň 14-sinde ýetişdirilen hasyl yhlas bilen zähmet çekseň, ýetilmejek sepgidiň ýokdugyny görkezdi.

Ýokary ruhubelentlige beslenen çäre

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Onda geçen ýylda ýurdumyzda amala aşyrylan il-ýurt bähbitli işler barada durlup geçilmek bilen, milli Liderimiziň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwletimiziň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýan telekeçileriň, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler barada gürrüň edildi. Dabaraly çärede çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri gurmagyň, döretmegiň ajaýyp zamanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmen telekeçilerine döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlaryň netijesinde halkyň ýokary isleg bildirýän önümleriniň, harytlarynyň bolçulygy döreýär hem-de kuwwatly ykdysadyýet emele gelýär. Şeýle-de işjeň ýagdaýda geçen çärede ýaş telekeçileriň kemala gelmegine ýakyndan ýardam bermek, olary höweslendirmek barada hem nygtalyp geçildi hem-de telekeçiligiň ösdürilmegi, ýaşlaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda ähli şert-mümkinçilikleri döre

Täze ýyladyşhanada ilkinji hasyl

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge uly ähmiýet berlip, bu ugurda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzy ter gök önümleri bilen üpjün etmekde telekeçileriň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Bu gün ýyladyşhana şertlerinde ter gök önümleri öndürýän telekeçileriň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Baýram Muhyýewiň adyny hem agzamak bolar.

«Altyn bürgüt» döwrüň belentliginde

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda her welaýatyň öz-özüni gök, bakja önümleri we miweler bilen üpjün etmelidigi baradaky sargytlary üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bu işe ýurdumyzyň işewürleri hem işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistan boýunça azyklyk önümleri öndürmek maksady bilen hususy kärhanalaryň 100-den gowragy 356 gektar meýdanda ýyladyşhanalarda ilatyň saçagyna hödürlenilýän önümleri ýetişdirýärler. Tizden ýene-de 1300 gektar meýdanda ýyladyşhanalar toplumlarynyň 150-sini gurmak meýilleşdirilýär. Iri we döwrebap ýyladyşhanalar toplumlarynyň birisiniň eýesi «Altyn bürgüt» hususy kärhanasydyr. Bu at diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşaryda-da meşhurdyr, ýyladyşhanalar toplumyny işe girizeninden soň-a Türkiýe, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly döwletleriň çäginde hem giňden tanalyp ugrady. Biz «Altyn bürgüdi» ýurdumyzyň çäginde ädip başlan ilkinji ädimlerinden bäri tanaýarys. Hususy kärhana döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşlerine uly goşant goşýan, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga goldaw berýän ykdysady, medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesini ýerine ýetirdi. Olaryň arasynda suw arassalaýjy desgalardyr medeni ojaklaryň birtoparynyň bardygyny ýatlap geçeliň. Farabyň bir gije-gündiziň dowamynda 25 müň kub metre çenli tämizläp berýän suwunyň eşretini görýän zähmetsöýer ilaty hususy kärhananyň işgärlerine h