«Gül zemine» hoş geldiňiz!

29 Ýanwar 2021
2061

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri telekeçilik işine giň ýol açylýan, onuň netijeli ösdürilmegi üçin amatly şertleriň döredilýän, işewürligiň ähli mümkinçilikleriniň giňden açylýan döwri bolup, taryhymyza ymykly girdi. Milli Liderimiziň bimöçber goldawy we hemaýaty bilen türkmen işewürleri sanlyja ýylyň içinde baý tejribe toplamagy başardylar. Olar ýurdumyzda bazar bolçulygyny döretmek boýunça uly işleri durmuşa geçirdiler.

Türkmen işewürleri şähergurluşyk-binagärlik sungatynyň inçe syrlaryny ele alyp, kaşaň binalary gurýarlar. Gurluşyklarda milliligiň usullaryny başarnykly ulanýarlar. Ony paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň mysalynda hem görmek bolýar.

Nurmyrat AKMYRADOW.