Oňaýly hem owadan (Telekeçilik)

29 Ýanwar 2021
2528

Hormatly Prezidentimiziň: «Men telekeçilerimiziň ylmyň gazananlaryny ulanmak bilen, ýurdumyzda häzirkizaman tehnologiýalaryna esaslanýan, düýbünden täze önümçilikleri we kärhanalary döredip, dürli görnüşli, ýokary hilli harytlary öndürmekde hem gowy netijeleri gazanjakdyklaryna berk ynanýaryn!» diýen sözleri türkmen telekeçilerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Milli Liderimiziň goldaw bermegi we uly ynam bildirmegi netijesinde bu günki gün telekeçilik ulgamy barha ösýär. Hususy pudak ýurdumyzyň sarp edýän bazarynda harytlaryň bolçulygyny döredip, milli ykdysadyýetimiziň pugtalanmagynda öz mynasyp ornuny tapýar. Ilatyň iş bilen üpjünçiliginde-de hususy ulgama uly orun degişlidir. Hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleriniň, telekeçileriň öndürýän önümleri ýurdumyzda bazar bolçulygyny döredýär. Bu babatda türkmen telekeçileriniň ýeten sepgitleri guwandyryjydyr.

Türkmen telekeçileri täze tilsimatlara daýanyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini birkemsiz tutup biljek önümçiligi döredýärler. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary döwletlere çykarylyşynyň artdyrylmagynda-da türkmen işewürleri yhlaslylyk görkezýärler.

Akmyrat NURALYÝEW.
(suraty awtoryňky).