Sahawatly topragyň berekedi

28 Ýanwar 2021
1924

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň telekeçileri azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly goşant goşýarlar. Olar tarapyndan guş etini we ýumurtga öndürmek üçin niýetlenen guşçulyk toplumlary ulanylmaga berilýär. Şunuň bilen bir wagtda, täze guşçulyk hojalyklarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň içerki bazary ýumurtga we guş eti bilen doly üpjün edilýär.

Innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli süýt we süýt önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň köp görnüşi öndürilýär. Ýurdumyzda döwrebap ýyladyşhanalar gurlup, olarda dürli görnüşli, ekologiýa taýdan arassa gök we bakja önümleri ýetişdirilip, halka ýetirilýär. Mundan başga-da, miweli baglar we üzüm nahallary ekilip, olardan bol hasyl alynýar.

Asadbek USMANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.