Ýer sylasa, il sylaýar

22 Ýanwar 2021
1834

Ene topraga örküni baglan adamlaryň bir gowy edähedi bar: olar wagta çäk goýman işleýärler. Gijemi, gündizmi, dynç alyş günümi, parhy ýok, bar aladalary toprak bilen, ekin bilen. Ekiniňden garaşýan gowy netijäňi aljak bolsaň, toprak bilen, ekin bilen höwrükmeseň boljagam däl. Telekeçi Zafar Joraýew bu hakykata basym göz ýetirdi. Ol hormatly Prezidentimiziň döwrebap ýyladyşhanalary döretmek üçin işewürlere ýer böleklerini bermek hakyndaky Kararyna laýyklykda ilkinjileriň biri bolup ýer bölegini edindi.

2015-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugy esasynda oňa Dänew etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň çäginde 0,5 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Telekeçiniň buýurmasy esasynda şol ýer böleginde «Dowamly gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary döwrebap ýyladyşhanany gurup berdiler. Iş toparynyň 2017-nji ýylyň maý aýynyň 31-indäki delilnamasy esasynda ýyladyşhana kabul edilip, dessine-de işe girizildi. Şol ýyl hem ekilen pomidordan gowy hasyl alnyp, ilatyň saçagyna ýetirildi. Ýyladyşhanalaryň 14-sinde ýetişdirilen hasyl yhlas bilen zähmet çekseň, ýetilmejek sepgidiň ýokdugyny görkezdi.

Ilmyrat LLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.