«Altyn bürgüt» döwrüň belentliginde

13 Ýanwar 2021
2406

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda her welaýatyň öz-özüni gök, bakja önümleri we miweler bilen üpjün etmelidigi baradaky sargytlary üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bu işe ýurdumyzyň işewürleri hem işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistan boýunça azyklyk önümleri öndürmek maksady bilen hususy kärhanalaryň 100-den gowragy 356 gektar meýdanda ýyladyşhanalarda ilatyň saçagyna hödürlenilýän önümleri ýetişdirýärler. Tizden ýene-de 1300 gektar meýdanda ýyladyşhanalar toplumlarynyň 150-sini gurmak meýilleşdirilýär.

Iri we döwrebap ýyladyşhanalar toplumlarynyň birisiniň eýesi «Altyn bürgüt» hususy kärhanasydyr. Bu at diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşaryda-da meşhurdyr, ýyladyşhanalar toplumyny işe girizeninden soň-a Türkiýe, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly döwletleriň çäginde hem giňden tanalyp ugrady. Biz «Altyn bürgüdi» ýurdumyzyň çäginde ädip başlan ilkinji ädimlerinden bäri tanaýarys. Hususy kärhana döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşlerine uly goşant goşýan, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga goldaw berýän ykdysady, medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesini ýerine ýetirdi. Olaryň arasynda suw arassalaýjy desgalardyr medeni ojaklaryň birtoparynyň bardygyny ýatlap geçeliň. Farabyň bir gije-gündiziň dowamynda 25 müň kub metre çenli tämizläp berýän suwunyň eşretini görýän zähmetsöýer ilaty hususy kärhananyň işgärlerine heniz hem alkyş baryny aýdýar. «Altyn bürgüt» Türkmenabadyň ajaýyp metjidiniň gurluşygyna hem öz mynasyp goşandyny goşdy.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.