"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Türk­men top­ra­gy­nyň önüm­le­ri da­şa­ry ýurt­la­ra ug­ra­dyl­ýar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasaty netijesinde, döw­let sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­gi ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä ho­ja­lyk ul­ga­my­na iş­jeň go­şu­lyş­ýan yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­le­te öw­rül­di. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň dur­nuk­ly ös­me­gi­ni üp­jün et­mek şol sy­ýa­sa­tyň esa­sy mak­sa­dy­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz se­bit we äh­lu­mu­my me­ýil­le­riň üýt­ge­ýän is­leg­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň çe­ýe eks­port sy­ýa­sa­ty­ny eme­le ge­tir­mek üçin dün­ýä ba­zar­la­ry­nyň ýag­da­ýy­na yzy­gi­der­li sel­jer­me be­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny he­mi­şe nyg­ta­ýar. Şun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz te­le­ke­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi­niň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny hem-de ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň yg­ty­bar­ly ýo­lu­dy­gy­ny bel­le­ýär.

Ter gök önümler — saçaga bezeg

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda yzygiderli alada edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak babatdaky tagallalary hem bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugurdaky işlerde ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň işjeňliginiň ýokarydygyny aýratyn agzamak gerek. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň tarp ýerleri özleşdirmek, döwrebap tilsimatlar arkaly oba hojalygynyň kämil düzümini emele getirmek, ilaty daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply ýerli önümlerimiziň eksportynyň gerimini giňeltmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Telekeçilerimiz tarapyndan ýola goýlan döwrebap ýyladyşhanalaryň işleriniň barha rowaçlanýandygyny nygtamak has-da ýakymlydyr. Häzirki wagtda welaýatymyzyň çäginde hereket edýän döwrebap ýyladyşhanalaryň özi hem sanardan örän kändir. Üstümizdäki şanly ýylyň özünde welaýatymyzda döwrebap ýyladyşhanalaryň ikisi gurlup, işe girizildi. Olar Kaka etrabynyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki «Oguz ýol» hojalyk jemgyýetiniň hem-d

Ynam, ygrar hem ykrar

Hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçilerine ynamy, olaryň ygrarlylyk bilen öňde goýlan wezipeleri berk berjaý etmegi netijesinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler halkara derejede ykrarnama eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň 29-njy oktýabrda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini açyp, ony ulanmaga ak pata bermegi, ýurdumyzyň hususyýetçilerine halkara derejeli şeýle iri taslamalaryň gurluşygynda geljekde hem uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etmegi, gurluşygyň ýokary hiliniň abraýly güwänamalara eýe bolmagy buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, düýn Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde geçirilen «Arkadagyň ak ýollary» atly aýdym-sazly hoşallyk maslahatynda örän buýsançly çykyşlar diňlendi. Milli Liderimiziň hususy ulgamyň wekillerine bildirýän ynamy, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysadyýetini we döwletara gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýeti bu taslamanyň milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, döwrebap senagat we ulag düzümini döretmekde türkmen telekeçileriniň işjeň orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýändigini bellemegi geljekde hem yhlasly işlemäge, döretmäge, gurmaga ruhlandyrýar. Şa gadamynyň bu ýola düşmegi, hormatly Prezidentimiziň «Ýoluňyz ak bolsun, eziz watandaşlar!» diýen dogaýy sözleri, awtoulaglary ýokary ussatlyk bilen dolandyryp, täze ý

«Aýly ýaz»-yň işleri saz

Ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek ugrunda irginsiz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagyna uly goldaw berilýär, telekeçiler üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden ruhlanyp, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän hususy düzümleriň biri hem «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýetidir. «Diňe tebigy önüm» şygaryny öňe sürýän «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýeti iki görnüşli haryt nyşany bilen duzlanan gök-bakja önümlerini, miwe şerbetlerini we mürepbeleri halkymyza hödürleýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýeti 2014-nji ýylda esaslandyryldy. Hojalyk jemgyýeti Daşoguz şäherindäki pomidor goýutmasyny öndürýän zawodyň durkuny täzeläp, bu ýerde gaplama önümlerini taýýarlaýan döwrebap önümçilik toplumyny döretdi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alýan türkmen telekeçileriniň döwlet eýeçiligindäki kärhanalary üstünlikli hususylaşdyrýandyklarynyň nobatdaky mysalydyr.

Pomidoryň täze hasyly

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň «Hasylçy» geňeşliginiň çäginde ýerleşýän döwrebap ýyladyşhana toplumynda tapgyrlaýyn ekilen pomidoryň bol hasyly ýetişdirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn gala» gurluşyk hususy kärhanasyna degişli ýyladyşhananyň önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda innowasion tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Işi ýöretmegiň täzeçe usullary giňden ulanylýar. Bu ýerde ýylda dürli görnüşli pomidorlaryň 800 tonnasy öndürilip, welaýatyň çägindäki bazarlara, dürli söwda nokatlaryna, şeýle-de ýörite buýurmalar esasynda sarp edijilere ugradylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine, ilatyň ýylyň ähli pasyllarynda gök önümler bilen üpjün edilmegine saldamly goşant goşýan toplumda oba ýaşlarynyň 40-dan gowragy zähmet çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly başlangyçlary esasynda, ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ilaty ýylyň bütin dowamynda azyk önümleri bilen üpjün etmäge ukyply ýyladyşhana toplumlary, önümleri gaýtadan işleýän kiçi kärhanalar gurlup ulanylmaga berildi. Häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan täze toplumlar aýratyn howa şertleri bolan demirgazyk künjekde ýylylygy söýýän ekinleri ýetişdirmäge, seçgi işlerini geçirmäge, pudaga ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly azyk bolçulygyny döretmäge mümkinçilik berýär. Welaýat

Telekeçilik — ykdysady ösüşleriň guwandyryjy netijeleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: durnukly ösüşiň milli nusgasy» atly ylmy makalasynda: «Hojalygy ýöredýän subýektleriň gurluş düzüminde bolup geçen hil we mukdar üýtgeşmeleri Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilen institusional özgertmeleriň netijesi boldy. Häzirki wagtda hojalygy ýöredýän subýektleriň umumy sanynyň 90 göterimden gowragyny hususy bölegiň kärhanalary emele getirýär. Telekeçilige goldaw bermek, işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek, hususy eýeçilige bolan hukuklary goramagyň we kepillikleriň ygtybarly ulgamlaryny döretmek, ýeňillikli salgyt salmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreler milli ykdysadyýetiň ösüşinde bu bölegiň paýynyň hem-de ähmiýetiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär» diýip nygtamak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimizde telekeçiligi ösdürmek babatda alyp barýan parasatly başlangyçlaryna oňyn garaýyşlaryny beýan edýär. Munuň şeýledigini milli Liderimiziň hususy önümçiligi we telekeçiligi ösdürmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitläp, durmuşa geçiren beýik işlerinde aýdyň görmek bolýar.

Bazarlaryň bezegi

Güýz pasly ortalap, gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň soňky hasyly ýygnalyp ýörlen-de bolsa, bu babatda ak bazarlarymyzyň berekedi asla kemelenok. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlan döwrebap ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýän bol bakja önümleri — terje hyýarlar, al-gyzyl reňkli pomidorlar gözüňi dokundyrýar. Şu ýyl Mary welaýatynda gurlup, ulanmaga berlen döwrebap ýyladyşhana toplumynda hem ýeterlik hasyl kemala getirildi. Hoş habar tiz ýaýragyç bolýar. Bahar aýynyň ajaýyp gününde gadymy Merw topragynda ýene-de bir ýyladyşhana toplumynyň açylýandygy baradaky hoş habar agyzdan-agza geçip, tutuş welaýata ýaýrapdy. Bu pursat uludan-kiçä hemmäniň kalbyny şatlykdyr buýsanç duýgusy gaplap aldy. Munuň özi diňe bir ter gök we bakja önümleriniň bolçulygynyň alamaty bolman, eýsem, köp sanly maşgalanyň ýaşaýyş-durmuşynyň gowulandyrylmagyna oňyn täsir etjek onlarça täze iş orunlarynyň hem döredilýändiginiň buşlugydy. Golaý obada ýaşaýan ýaşlaryň aglabasy döwrebap önümçilik kärhanasynyň gurluşygyna başlanan günlerden onda işlemegiň arzuwynda boldular. Gahryman Arkadagymyzyň mart aýynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylmagyna ak pata bermegi bilen, ýaşlaryň bu arzuwy wysal tapdy. Welaýatyň Sakarçäge etrabynyň «Akýap» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän, iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhanada täze iş orunlary dör

Göwünleri galkyndyran belent sarpa

Garaşsyzlygyň geçen 30 ýylynda eziz Watanymyzda ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylyp, geljekki nesillere nusgalyk işler amala aşyryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan başlangyçlary, çuňňur oýlanyşykly syýasaty netijesinde türkmen telekeçileri üçin täze mümkinçilikler açyldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem hususy işewürligiň gazananlaryna ýokary baha berlip, Gahryman Arkadagymyzyň Permany bilen ýurdumyzyň zähmetde tapawutlanan raýatlarynyň hatarynda türkmen telekeçileri hem ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy. Milli Liderimiz telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Döredilýän ýokary şert-mümkinçiliklerden ruhlanýan hususy işewürler bu gün ýokary hilli önümleri öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek arkaly milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösdürilmegine, halkymyzyň bolelin durmuşynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynda eden çuňňur mazmunly çykyşynda:

Halkyň hyzmatynda

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylynda ýurdumyzda hereket edýän onlaýn söwda dükanlarynyň sanawyna «Parahat» hususy kärhanasy tarapyndan işe girizilen «Ozan» onlaýn söwda dükany hem goşuldy. Ol paýtagtymyz Aşgabadyň çäginde we Änew şäherinde dürli görnüşli harytlary eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýar. Bu onlaýn dükanda milli hem-de dünýä belli haryt nyşanly önümleriň ýüzlerçe görnüşi alyjylara hödürlenilýär. Onlaýn dükanyň işgärleri olaryň hiliniň we ýaramlylyk möhletiniň talabalaýyk bolmagy ugrunda tagalla edýärler. «Ozanyň» hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin, kompýuter ýa-da mobil telefony arkaly www.ozan.com.tm internet sahypasyna girip, şeýle hem ýörite mobil goşundysynyň kömegi bilen sargyt edip bolýar. Sargytlar gysga wagtyň dowamynda bellenilen salga gowşurylýar. Sargyt edilen harytlar üçin hasaplaşyklar nagt ýa-da elektron görnüşde amala aşyrylýar.

Atyr ysly ter güller

Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň telekeçilik ulgamyny ösdürmek milli ykdysadyýetimizi täze belentliklere götermekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Welaýatymyzda hem dürli önümleri öndürýän hususy kärhanalaryň, daýhan hojalyklarynyň sany barha artýar. Bereket etrabyndaky «Nurly meýdan» daýhan hojalygynda hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna mynasyp zähmet çekilýär. Bu ýerde atyr ysly ter gülleri ýetişdirýän döwrebap ýyladyşhana hereket edýär. Biz daýhan hojalygynyň bägülleri ösdürip ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen ýyladyşhanasynda bolup, alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdyk. Zerur amatlyklary bolan ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän ajaýyp güller ýylyň ähli paslynda isleg bildirýänlere yzygiderli ýetirilýär. Bu ýerde taýýarlanylýan çemenlerdir gül desseleri ýurdumyzda tutulýan toý-tomaşalara, döwlet derejesinde geçirilýän baýramçylyk çärelerine aýratyn öwüşgin berýär.

«Ak gar» — her pasylda

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň tutumly baýramyny bagtyýar watandaşlarymyzyň ýüzlerçesi döşi orden-medally, boýny altyn zynjyrly, mahlasy, Şa serpaýly garşylady. Şolaryň biri hem Lebap welaýatyndan telekeçi Atajan Jumanyýazowdyr. Ol hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy. Atajan Jumanyýazow 2011-nji ýylda konditer önümçiligine ýöriteleşdirilen «Ak gar» hususy kärhanasyny esaslandyrdy. Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrylan kärhana önümçilige gant öndürmek bilen girişdi. Şol ýyllarda gandyň barmak büküp sanaýmalyja görnüşleri öndürilen bolsa, häzirki wagtda bu san 12-ä ýetdi.

Milli senagat ösüş ýolunda

Senagat pudagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljegi uly we okgunly ösýän ugurlarynyň biridir. Diwersifikasiýa arkaly ösüş ýoluna düşen berkarar döwletimizde milli senagaty ösdürmek, bu pudaga maýa goýumlaryny gönükdirmek esasynda täze döwrebap önümçilik kärhanalaryny gurmak we ozal hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde şäher we oba ýerleriniň durmuş düzümlerini ösdürmek, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Gurluşyk senagatynyň toplumlaýyn ösdürilmegi hem-de amala aşyrylýan taslamalaryň giň gerimliligi bagtyýarlyk döwrümiziň häsiýetli aýratynlygydyr.

Köp görnüşli önümler

Bu, megerem, hususy önüm öndürijileriň arasynda iň ýokary görkeziji bolsa gerek. Islendik önümde onuň diňe bir görnüşini öndürmegiň özi, gör, näçe aladany, zähmeti, harajaty talap edýändir. Bu ýerde bolsa gürrüň bir kärhana tarapyndan önümleriň 2000 görnüşiniň öndürilýändigi barada barýar. Onsoň, «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň ýerli önüm öndürijileriň arasynda önümleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýandygy hemmämize aýan hakykat. 2008-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde zawod gurup, ilkinji önümçiligini agyz we lagym suw turbalaryny, olaryň birikdirijilerini öndürmekden başlan bu hojalyk jemgyýeti — döwlet derejesinde hususyýetçiler hakyndaky bimöçber aladalaryň miwesi. Onuň ilkinji ädimleri hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň senagatçylaryny we telekeçilerini özüne birleşdirýän iri jemgyýetçilik guramasynyň — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen, döwlet Baştutanymyz tarapyndan hususy işewürligi ösdürmek hem-de telekeçileri goldamak üçin ähli amatly şertleriň döredilmegini üpjün edýän birnäçe resminamalaryň kabul edilen döwrüne gabat gelýär. Ýörjen-ýörjen wagty golundan tutulyp ýöredilen körpeje ýaly, döwletimiz tarapyndan türkmen telekeçilerine yzygiderli goldaw-hemaýatlaryň berilmegi bilen, «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti-de önümçiliginiň gerimini barha giňeldip, önümleriniň görnüşlerin

«Umyt­ly ýol» — si­ziň yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy­ňyz

Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, 2008-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi bi­len, ýer­li te­le­ke­çi­le­ri­mi­ziň sa­ny gör­ne­tin art­ýar. Ýur­du­myz­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek­de döw­let gol­da­wy­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy­ýet­çi­lik bö­le­gi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak üçin oňaý­ly şert­ler dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän düýp­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de, eda­ra-kär­ha­na­lar za­ma­na­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edil­ýär. Or­naş­dy­ryl­ýan teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ýo­ka­ry hil­li­li­gi bol­sa has mö­hüm şert­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu ugur­da 2020-nji ýyl­da öz işi­ne baş­lan «Umyt­ly ýol» hu­su­sy kär­ha­na­sy ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­la­ry­ny hem-de hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýär. Has dog­ru­sy, «Umyt­ly ýol» hu­su­sy kär­ha­na­sy Ger­ma­ni­ýa­nyň hem-de Ita­li­ýa­nyň meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryn­da ön­dü­ri­len gur­lu­şyk en­jam­la­ry­nyň söw­da­sy­ny ama­la aşyr­ýar. Şol bir­wag­tyň özün­de bu hu­su­sy kär­ha­na­nyň hü­när­men­le­ri söw­da­sy­ny ama­la aşyr­ýan ha­ryt­la­ry­nyň — ot sön­dü­ri­ji, wi­deo gö­zeg­çi­lik en­jam­la­ry­nyň, lift­le­riň, ýö­re­ýän bas­gan­çak­la­ryň, çil­ler­le­riň gur­na­ma we abat­la­mak

Hyrydarly harytlar

Oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler, döredilýän giň mümkinçilikler hususy pudagyň wekillerini bol hasyl almaga, gaýtadan işleýän kärhanalaryň işleriniň öňe ilerlemegine köpugurly şertleri döredýär. Häzirki wagtda öz ýokary hilli önümleri bilen adygan «Parasatly» daýhan hojalygynyň hünärmenleri hem ýurdumyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Biz golaýda bu ýerde alnyp barylýan işler dogrusynda kärhananyň ýolbaşçysy Rüstem Allanazarow bilen söhbetdeş bolduk. — «Parasatly» daýhan hojalygy kärhanamyz Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýär. Miweli agaçlary, gök-bakja ekinleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek maksady bilen 2012-nji ýylda döwlet tarapyndan bölünip berlen ýerde iki ýüz gektar miweli agaçlary, bäş ýüz gektar ýerde gök we bakja ekinleri ýetişdirmegi, iki gektar ýerde ýyladyşhananyň işini, bäş gektar ýerde maldarçylygy, üç ýüz gektarda mallaryň ot-iýmlerini ösdürip ýetişdirmegi, şeýle hem öndüren gök-bakja we miwe önümlerini gaplaýan zawodyň işlerini ýola goýduk. Ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhanamyzda bir ýylda ter hyýaryň 360 — 380 tonnasy ýetişdirilýär. Günüň dowamynda pomidoryň 300 tonnasy kabul edilip, 50 — 60 tonna pomidor goýutmasy gaýtadan işlenilýär.

Telekeçilerden täze hyzmat

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda ýurdumyzda hereket edýän onlaýn söwda dükanlarynyň sanawyna ýene biri goşuldy. Ol hem «Parahat» hususy kärhanasy tarapyndan işe girizilen «Ozan» onlaýn söwda dükanydyr. Ol paýtagtymyz Aşgabadyň çäginde we Änew şäherinde dürli görnüşli harytlary eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýar. Bu onlaýn dükanda milli öndürijileriň önümleriniň hem-de dünýä belli brendleriň ýüzlerçe görnüşi hödürlenilýär. Onlaýn dükanyň işgärleri harytlaryň hiliniň we ýaramlylyk möhletiniň talabalaýyk bolmagy, müşderileriň göwnünden turmagy ugrunda uly alada edýärler. «Ozanyň» amatly hyzmatlaryndan kompýuterden ýa-da mobil telefonyndan www.ozan.com.tm internet sahypasyna girip, şeýle hem ýörite mobil goşundysyny ýükläp alyp, peýdalanyp bilersiňiz. Sargytlar 30-40 minutyň dowamynda bellenilen salga eltilýär.

Owadan hem oňaýly

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen döredilýän giň mümkinçiliklerden, döwrebap şertlerden netijeli peýdalanýan türkmen telekeçileri öz alyp barýan önümçilik işlerine has-da döredijilikli çemeleşýärler. Ähli ugurlarda däp bolşy ýaly, ykdysadyýetimiziň hususy pudagyny rowaçlandyrýan işewürler hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny zähmet sowgatlary bilen bellediler. Biz muňa «Ak penjire» hususy kärhanasynda alnyp barylýan işler, önümçiligi ýola goýlan täze görnüşli önümler bilen tanyş bolanymyzda hem aýdyň göz ýetirdik. Mebel önümleri häzirki zaman durmuşynda adamlaryň ýokary medeniýetli ýaşaýşynyň esasy görkezijileriniň biri bolup, gündelik işjeň ulanylýan önümleriň hataryndadyr. Onuň dürli görnüşleriniň önümçiligine ýöriteleşdirilen «Ak penjire» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 2016-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan mebel toplumynda ýerleşýär. Kärhanada şol ýyldan bäri, «Akpen mebel» haryt nyşany bilen, aşhana, ýatylýan otaglar üçin niýetlenilen mebeller, kaşaň otagara gapylar, dürli görnüşli stol-stullar ýaly, ýokary hilli, bezeg taýdan biri-birinden tapawutlanýan mebel önümleri öndürilýär. Ol önümler diňe bir daşky bezegi, owadanlygy däl-de, eýsem, ulanmaga oňaýlylygy bilen hem biri-birinden tapawutlanýarl

Işewürligiň öň hatarynda

Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimizde gazanylan üstünliklerde, ýetilen belent sepgitlerde hususy pudagyň mynasyp paýy bar. Paýtagt şäherimizde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hereket edýän hususy kärhanalarda, hojalyk jemgyýetlerinde, daýhan hojalyklarynda gelin-gyzlaryň müňlerçesi yhlasly zähmet çekýär. Olar azyk, senagat, gurluşyk önümlerini öndürip, gök-bakja ekinlerini, miweli baglary ösdürip ýetişdirip, ak bazarlarda haryt bolçulygyny döredýärler. Ajaýyp halylary dokap, owadan milli lybaslarymyzy taýýarlap, ene-mamalarymyzyň çeper el işlerini ussatlyk bilen dowam etdirýärler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli işewür zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik, ine, şular dogrusynda boldy. Ogulsoltan IŞIMOWA,

«Altyn gaznanyň» altyn sowgatlary

Sazlaşykly ösüşlere badalga Metbugat sahypasynda ýaňy-ýakynda ýaýradylan habarlaryň birinde agzalýan bir maglumat ünsüňi çekýär: «Ýurdumyzda jemi içerki önümde hususyýetçiligiň paýy 70 göterime golaýlaýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde iş bilen meşgullanýanlaryň 75 göterime golaýy hususy pudakda zähmet çekýär». Ünsüňi çekmezçe-de däl. Görkezijileriň ikisi-de, elli göterimiň-ä gürrüňini etmeli däl, ýüze golaýlapdyr. Munuň özi hususy pudagyň milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryndaky mynasyp ornuny, sanlyja ýylyň içinde ýeten belent derejesini aňlatmaýarmy, eýsem?!

Maýkl Blumberg: Şowsuzlykdan gorkmaň!

Angliýaly Jorj Eliotyň şeýleräk sözi bar: «Kim bolup biljekdigiňize hiç haçan giç däldir». Ýazyjy zenan rast aýdypdyr. Sebäbi öňüňizde goýan maksatlaryňyzy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin, haýal etmän herekete geçmegiňiz gerek. Ýene bir zady unutmaň: Üstünlik gazanmak üçin, üstünlik gazanmak islegiňiz, şowsuzlyk gorkyňyzdan has uly bolmalydyr. Gazetimiziň şu sanynda dünýäniň iň baý adamlarynyň biri, «Bloomberg» habarlar agentliginiň esaslandyryjysy, Nýu-Ýork şäheriniň öňki meri Maýkl Blumbergiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren interwýularyndan parçalary siziň dykgatyňyza ýetirmegi müwessa bildik. Blumbergiň üstünlige çenli geçen menzili siziň üçin gyzykly bolsa gerek.