«Altyn gaznanyň» altyn sowgatlary

25 Sentýabr 2021
1668

Sazlaşykly ösüşlere badalga

Metbugat sahypasynda ýaňy-ýakynda ýaýradylan habarlaryň birinde agzalýan bir maglumat ünsüňi çekýär: «Ýurdumyzda jemi içerki önümde hususyýetçiligiň paýy 70 göterime golaýlaýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde iş bilen meşgullanýanlaryň 75 göterime golaýy hususy pudakda zähmet çekýär». Ünsüňi çekmezçe-de däl. Görkezijileriň ikisi-de, elli göterimiň-ä gürrüňini etmeli däl, ýüze golaýlapdyr. Munuň özi hususy pudagyň milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryndaky mynasyp ornuny, sanlyja ýylyň içinde ýeten belent derejesini aňlatmaýarmy, eýsem?!

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».