«Ak gar» — her pasylda

14 Oktýabr 2021
2272

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň tutumly baýramyny bagtyýar watandaşlarymyzyň ýüzlerçesi döşi orden-medally, boýny altyn zynjyrly, mahlasy, Şa serpaýly garşylady. Şolaryň biri hem Lebap welaýatyndan telekeçi Atajan Jumanyýazowdyr. Ol hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy.

Atajan Jumanyýazow 2011-nji ýylda konditer önümçiligine ýöriteleşdirilen «Ak gar» hususy kärhanasyny esaslandyrdy. Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrylan kärhana önümçilige gant öndürmek bilen girişdi. Şol ýyllarda gandyň barmak büküp sanaýmalyja görnüşleri öndürilen bolsa, häzirki wagtda bu san 12-ä ýetdi.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz).