Hyrydarly harytlar

8 Oktýabr 2021
1789

Oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler, döredilýän giň mümkinçilikler hususy pudagyň wekillerini bol hasyl almaga, gaýtadan işleýän kärhanalaryň işleriniň öňe ilerlemegine köpugurly şertleri döredýär. Häzirki wagtda öz ýokary hilli önümleri bilen adygan «Parasatly» daýhan hojalygynyň hünärmenleri hem ýurdumyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Biz golaýda bu ýerde alnyp barylýan işler dogrusynda kärhananyň ýolbaşçysy Rüstem Allanazarow bilen söhbetdeş bolduk.

— «Parasatly» daýhan hojalygy kärhanamyz Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýär. Miweli agaçlary, gök-bakja ekinleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek maksady bilen 2012-nji ýylda döwlet tarapyndan bölünip berlen ýerde iki ýüz gektar miweli agaçlary, bäş ýüz gektar ýerde gök we bakja ekinleri ýetişdirmegi, iki gektar ýerde ýyladyşhananyň işini, bäş gektar ýerde maldarçylygy, üç ýüz gektarda mallaryň ot-iýmlerini ösdürip ýetişdirmegi, şeýle hem öndüren gök-bakja we miwe önümlerini gaplaýan zawodyň işlerini ýola goýduk. Ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhanamyzda bir ýylda ter hyýaryň 360 — 380 tonnasy ýetişdirilýär. Günüň dowamynda pomidoryň 300 tonnasy kabul edilip, 50 — 60 tonna pomidor goýutmasy gaýtadan işlenilýär.

Dursun HOJATOWA,
«Aşgabat».