Ter gök önümler — saçaga bezeg

5 Noýabr 2021
1729

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda yzygiderli alada edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak babatdaky tagallalary hem bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugurdaky işlerde ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň işjeňliginiň ýokarydygyny aýratyn agzamak gerek.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň tarp ýerleri özleşdirmek, döwrebap tilsimatlar arkaly oba hojalygynyň kämil düzümini emele getirmek, ilaty daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply ýerli önümlerimiziň eksportynyň gerimini giňeltmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Telekeçilerimiz tarapyndan ýola goýlan döwrebap ýyladyşhanalaryň işleriniň barha rowaçlanýandygyny nygtamak has-da ýakymlydyr. Häzirki wagtda welaýatymyzyň çäginde hereket edýän döwrebap ýyladyşhanalaryň özi hem sanardan örän kändir. Üstümizdäki şanly ýylyň özünde welaýatymyzda döwrebap ýyladyşhanalaryň ikisi gurlup, işe girizildi. Olar Kaka etrabynyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki «Oguz ýol» hojalyk jemgyýetiniň hem-de Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki «Daş demir» hojalyk jemgyýetiniň ekologiýa taýdan arassa, ýokumly gök önümleriniň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhanalarydyr.

Dilraba HOJAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.