Telekeçilerden täze hyzmat

3 Oktýabr 2021
1936

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda ýurdumyzda hereket edýän onlaýn söwda dükanlarynyň sanawyna ýene biri goşuldy. Ol hem «Parahat» hususy kärhanasy tarapyndan işe girizilen «Ozan» onlaýn söwda dükanydyr. Ol paýtagtymyz Aşgabadyň çäginde we Änew şäherinde dürli görnüşli harytlary eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýar. Bu onlaýn dükanda milli öndürijileriň önümleriniň hem-de dünýä belli brendleriň ýüzlerçe görnüşi hödürlenilýär. Onlaýn dükanyň işgärleri harytlaryň hiliniň we ýaramlylyk möhletiniň talabalaýyk bolmagy, müşderileriň göwnünden turmagy ugrunda uly alada edýärler.

«Ozanyň» amatly hyzmatlaryndan kompýuterden ýa-da mobil telefonyndan www.ozan.com.tm internet sahypasyna girip, şeýle hem ýörite mobil goşundysyny ýükläp alyp, peýdalanyp bilersiňiz. Sargytlar 30-40 minutyň dowamynda bellenilen salga eltilýär.

Çary Çaryýew,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.