"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Belent ynama ygrarly

Milli Liderimiziň başyny başlan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda türkmen pälwanlarynyň halkara derejesinde gazanýan ýeňişleriniň sany barha artýar. Olar yklym we dünýä ýaryşlarynda gazanýan altyn, kümüş medallary bilen Watanymyzyň sport abraýyny has-da dabaralandyrýarlar. Dünýä ýaryşlarynda uly üstünlikleri eýeläp, ýaşyl tugumyzy birnäçe gezek ýokary galdyran pälwanlarymyzyň biri-de Saýat etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Hangeldi Allakowdyr. Narmämmet Gurbanowyň halypalyk etmegi netijesinde Hangeldi eýýäm 13-14 ýaşlaryndan ýurdumyzyň çempionatlarynda öz ussatlygyny görkezýär. Ol ilkinji sapar 2013-nji ýylda ýurdumyzyň çempionlygyny gazanýar. Şondan köp wagt geçmänkä hem Russiýa Federasiýasynyň Orenburg şäherinde milli göreş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda 68 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp bolýar. Hangeldi 2016-njy ýylda paýtagtymyzda geçirilen Aziýa çempionatynda türkmen milli göreşi, Gyrgyzystan Respublikasynda geçirilen Çarwadarlaryň II Bütindünýä oýunlarynda bolsa guşakly göreş boýunça altyn medallaryň ikisine mynasyp boldy. Ol Gyrgyzystanda gazanan üstünligini 2019-njy ýylda hem gaýtalady. Pälwan ýigit 2017-nji ýylda paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen V Aziýa oýunlarynda hem altyn medala mynasyp bol

Jahana ýaň salan dünýä çempionaty

Türkmeniň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň «Ýat bolar» atly goşgusynda: «Göreş bir abraýdyr, uruş bir destdir» diýen setirler bar. Hakykatdan-da, türkmen halkynda, asyl-ha, tutuş Gündogarda dogumy daş ýarýan pälwanlaryň uruş arkaly däl-de, göreşip, bilegiň zoruny görkezmek bilen, bäsleşmekleri göwnejaý hasaplanypdyr. Şonuň üçin hem akyldar şahyrymyz: «Göreş bir abraýdyr» diýipdir. Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty baradaky makalamyzy göreş bilen bagly gürrüňden başlamagymyzyň asyl sebäbi, özbek halkynyň milli sporty bolan bu görnüşiň ady bolan «kuraş» sözi özbekçeden türkmençä terjime edeniňde «göreş» diýen manyny berýär. Ýagny düzgün-kadasynda biraz tapawut bar diýmeseň, kuraş hem milli göreşimiz bilen örän meňzeş, başa-baş söweş sungatynyň bir görnüşi. Diýmek, şulardan ugur alyp aýtsak, Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyny pälwanlara abraý ulaşýan iň ýokary derejeli bäsleşik diýip atlandyrsagam bolar. Guwandyryjy tarapy, bu ýaryşda abraý gazanan pälwanlaryň arasynda türkmen türgenleriniň hem mynasyp orny bar. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen ýeri bolan Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň düzümine girýän Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda 23 — 28-nji noýabr aralygynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty dünýäniň 4 yklymyndan — Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, Günorta we Demirgazyk

Sport — dost-doganlygyň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen sport ulgamynda uly üstünliklere ýetilýär. Biz muňa üstünliklere beslenen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda hem aýdyň göz ýetirdik. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri adamlara öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek adamyň döredijilikli zähmeti, durmuş işjeňligi we ruhubelentligi üçin ähmiýetlidir. Şonuň üçin ýurdumyzda sport bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda halkara ölçeglerine laýyk gelýän sport desgalary, stadionlar, atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri guruldy. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýokary derejeli türgenler taýýarlanylýar we bu türgenler dünýä derejesindäki ýaryşlarda öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Kuraş boýunça hem türgenlerimiziň gazanan üstünlikleri biziň her birimizi buýsandyrdy. Çünki türkmen türgenleriniň ussatlygy sportuň belent üstünlikleriniň alamatydyr.

Media-forum geçirildi

Şu gün, 29-njy noýabrda Olimpiýa şäherjiginiň «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylykly geçirilmegi mynasybetli media-forum geçirildi. Media-forumda Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza dünýä çempionatynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigi üçin Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň adyndan minnetdarlyk sözleri aýdyldy.

Türkmen zenanlary ― dünýä çempionlary

Ýurdumyzyň zenan türgenleri paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda ajaýyp netijeleri gazandylar. Olar çempionatda üstünlikli çykyş edip, altyn medallaryň üçüsine, kümüş medallaryň dördüsine we bir bürünç medala mynasyp boldular. Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dünýä çempionatynda zenan türgenlerimizden 63 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenabat şäherindäki 10-njy sport mekdebiniň tälimçisi Dinara Rozykulowa, 70 kilograma çenli agram derejesinde Dänew etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Mariýa Lohowa we 87 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sabina Kadyrowa dagylar altyn medallaryň eýesi boldular.

«Kuraş — 2023»: dostlugyň, parahatçylygyň baýramy

Türkmenistanda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirildi 25 — 28-nji noýabrda paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň geçirilmegi Aşgabadyň halkara sport merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň Halkara kuraş assosiasiýasy tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

Altyn medally pälwanlartürkmen sportunyň şöhratly sahypalaryny ýazýar

Dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmak her bir türgeniň arzuwy. Öz ýurdunyň türgeniniň ýeňşine şaýat bolmak bolsa, janköýerleriň islegi. Türgenleriň ýeňşi öz janköýerleriniň gözüniň öňünde gazanylanda welin, şatlyk we buýsanç duýgulary has-da artýar. Ine, Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda pälwanlarymyzyň gazanan ýeňişleri hem ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi. Dinara ROZYKULOWA, Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň altyn medalynyň eýesi:

Sport. Sport. Sport.

ÝEŇIŞLI MENZILLER Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlary sporta çekmekde taýsyz tagallalar edilýär. Ýaş türgenleri ýüze çykarmakda hem-de olaryň sporta bolan höwesini artdyrmakda bimöçber işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda tälimçiler yhlasly işleýärler.

Sport diplomatiýasynyň guwandyryjy üstünlikleri

Dünýä jemgyýetçiligi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sport abraýyny ýene bir gez belende göteren möhüm wakanyň şaýady boldy. Ýurdumyzda Kuraş boýunça ÕIV dünýä çempionaty geçirildi. Turuwbaşdan bir hakykaty aýratyn belläp geçmek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw ýaryşlary hem-de köpçülikleýin welosipedli ýörişler, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ata Watanymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan taryhy wakalardyr.

Abadan durmuşyň gözbaşy

Güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň gözbaşy hasaplanýan netijeli sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň ynsan saglygyny goramakdaky möhüm ornuny hiç zat bilen çalşyp bolmaz. Munuň özi tutuş dünýäde ykrar edilen hakykatdyr. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň her bir raýatynyň sporta höwesini artdyrmak, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermegini gazanmak babatda ähli çäreler görülýär. Bedenterbiýäni we sporty hemişelik hemra edinip, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýer-mek üçin güneşli Diýarymyzyň islendik künjünde zerur bolan ähli şert-mümkinçilikler bar. Döwrebap stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sportuň dürli ugurlaryna ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, sport meýdançalary bagtyýar raýatlarymyzyň hyzmatynda. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryndan gözbaş alyp, täze taryhy eýýamda Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünliklere beslenýän bu tutumlar dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Munuň özi, şol bir wagtda, sporta dost-doganlygy, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde möhüm ähmiýet berýän baky Bitarap Diýarymyzyň halkara abraý-mertebesiniň arşa galýandygyna hem şaýatlyk edýär. Ata

Ýurdumyzyň sport abraýynyň dabaralanmagy

Jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde sagdyn jemgyýetimizde sagdyn nesiller kemala gelýär. Şunuň bilen birlikde, ata Watanymyzda saglygyň sakasy bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz: “Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän, halklary we döwletleri jebisleşdirýän güýçdür” diýip belläp geçýär. Şundanam görnüşi ýaly, bu ugurda geçirilen tutumly işleriň netijesinde ýurdumyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmakda, ussat türgenleri taýýarlamakda alnyp barylýan tutumly işleriň dabaralanmasydyr. Eziz Diýarymyzda halkara derejede sport ýaryşlarynyň ençemesiniň ýokary guramaçylykda geçirilendigini belläp geçmek has-da ýakymlydyr. Bu ýaryşlar halklary dostlaşdyrmakda, sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Dünýä derejesindäki sport baýramçylygy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz — dünýäde sport döwleti hökmünde ykrar edilen ýurt. Bu ykrarnama Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylan dünýä nusgalyk beýik işleriň netijesinde eýe bolnandygy aýdyň hakykat. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň Ýer ýüzünde sport döwleti diýlip ykrar edilmeginiň gözbaşynda durýan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dowamat-dowam bolýandygyna her birimiz şaýat. 23 — 28-nji noýabr aralygynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen bu hakykat ýene bir ýola dabaralandy. Ýurdumyzyň halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrülen Kuraş boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň yklymlaryndan 500-e golaý wekili türkmen paýtagtynda jemledi. 1999-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän, 2002-nji ýyla çenli her ýylda, şondan bäri bolsa her iki ýyldan bir sapar guralýan Kuraş boýunça dünýä birinjiligi Diýarymyzyň dost-doganlygyň, parahatçylygyň, sportuň mekanydygyny, ýurdumyzyň islendik derejedäki uly ýaryşlary iň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirip bilýändigini ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen aýan etdi. Agram derejeleriniň 15-si boýunça geçirilen ýaryşlarda türkmen türgenleriniň 5 altyn, 6 kümü

Çemionatyň nobatdaky oýunlary

Futbol Milli futbol çempionatymyz gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Balkanabadyň «Nebitçisi» 18-nji tapgyryň möhleti üýtgedilen duşuşygyny Mary şäherinde ýerli «Merwiň» garşysyna geçirdi we möwsümdäki 10-njy ýeňşini gazanmagy başardy. «Nebitçä» nobatdaky üç utugy getiren gollary 47-nji minutda Magtymberdi Berenow, 77-nji minutda Arslangylyç Nazgylyjow öz atlaryna ýazdyrdylar. Ýer eýelerinden 68-nji minutda Amangeldi Saparow tapawutlandy.

Men bir ajap ile geldim

­Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýan myhmanlaryň eziz Watanymyz baradaky mähirli sözleri ajaýyp döwrümize buýsanjyňy artdyrýar. Olaryň köňül kelamyny diňlänimizde gündogar akyldarynyň «Men bir ajap ile geldim» diýen dürdäne setirleri hakydaňa gelýär. Bu sözlerde ata Watanymyz Türkmenistanyň mukaddesligi, şeýle derejede ýurdumyzyň sport ýurdy hökmünde hem uly at-abraýa eýedigi, sport baýramçylygynyň, hakykatdan-da, nusgalyk derejede geçirilendigi aýdyň görünýär. Mohammad Reza Nassiri NEJAT, Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň baş sekretary:

Ajaýyp sport baýramçylygynyň ýatdan çykmajak pursatlary

­Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny üstünlikli geçirmäge ukyplydygyny ýene bir gezek Ýer ýüzüne äşgär etdi. Soňky bir hepdä golaý wagtyň dowamynda dünýäniň üns merkezinde orun alan ak mermerli Aşgabadyň şaýollarynydyr köçelerini bezeýän ýazgylarda abraýly halkara ýaryşyň şowhuny giňişleýin şöhlelenýär. Türkmen we iňlis dillerinde «Kuraş boýunça dünýä çempionatyna hoş geldiňiz!» diýen ýazgylar bilen bezelen nyşanlardyr bannerler paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň we beýleki gözel ýerleriniň görküne görk goşýar. Munuň özi soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde dünýäniň möhüm sport merkezleriniň birine öwrülen Aşgabadyň mümkinçilikleriniň dabaralanmasydyr. Myhmanlar üçin mynasyp şertler

Kuraş boýunça dünýä çempionaty sanlarda

Türkmen türgenleri altyn medallaryň 5-sini, kümüş medallaryň 6-syny, bürünç medallaryň 4-sini gazandy – Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň duşuşyklary Olimpiýa şäherçesindäki 5 müň tomaşaçy orunlyk Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirildi.

Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýokary netijeler bilen jemlenildi

28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýokary netijeler bilen jemlendi. Çempionaty umumylykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy altyn medal bilen tamamlamagy başardy. Ozal habar berşimiz ýaly, çempionatyň birinji gününi türgenlerimiz 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medallar bilen jemläpdiler. Çempionatyň ikinji gününde türgenlerimiz 3 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medaly gazandylar.

Kuraş — 2023: Wepa Awlýakulyýew — dünýä çempiony!

60 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Wepa Awlýakulyýew dünýä çempiony boldy. Ol çempionatyň final tutluşygynda gazagystanly Ýernur Suleimeni ýeňdi.

Kuraş — 2023: Sabina Kadyrowa — 16 ýaşda dünýä çempiony!

Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sabina Kadyrowa 16 ýaşynda dünýä çempiony bolup, sportuň kuraş görnüşiniň taryhyna girdi. Ilkinji halkara ýaryşyna gatnaşan türgen onda dünýä çempiony bolup hem türkmen sportunyň taryhyna girdi. Şirin Kubaýewanyň ezber şägirdi 78 kilograma çenli agram derejesinde finalda özbegistanly Filura Ergaşowany ýeňdi.

Kuraş — 2023: Jahan Muhammedowa ýene bir gezek dünýäniň wise-çempiony boldy

Türkmenabat şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Jahan Muhammedowa Aşgabatda geçirilen kuraş boýunça dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy. Ýaryşa ýarym finaldan girişen Jahan Muhammedowa finalda özbegistanly Pokizahon Kamoldinowadan asgyn geldi.