Ýurdumyzyň sport abraýynyň dabaralanmagy

29 Noýabr 2023
266

Jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde sagdyn jemgyýetimizde sagdyn nesiller kemala gelýär. Şunuň bilen birlikde, ata Watanymyzda saglygyň sakasy bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz: “Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän, halklary we döwletleri jebisleşdirýän güýçdür” diýip belläp geçýär. Şundanam görnüşi ýaly, bu ugurda geçirilen tutumly işleriň netijesinde ýurdumyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmakda, ussat türgenleri taýýarlamakda alnyp barylýan tutumly işleriň dabaralanmasydyr. Eziz Diýarymyzda halkara derejede sport ýaryşlarynyň ençemesiniň ýokary guramaçylykda geçirilendigini belläp geçmek has-da ýakymlydyr. Bu ýaryşlar halklary dostlaşdyrmakda, sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Gülşat ATALYÝEWA,
Bereket etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 1-nji derejeli ýurist.