Abadan durmuşyň gözbaşy

29 Noýabr 2023
286

Güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň gözbaşy hasaplanýan netijeli sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň ynsan saglygyny goramakdaky möhüm ornuny hiç zat bilen çalşyp bolmaz. Munuň özi tutuş dünýäde ykrar edilen hakykatdyr. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň her bir raýatynyň sporta höwesini artdyrmak, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermegini gazanmak babatda ähli çäreler görülýär. Bedenterbiýäni we sporty hemişelik hemra edinip, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýer-mek üçin güneşli Diýarymyzyň islendik künjünde zerur bolan ähli şert-mümkinçilikler bar. Döwrebap stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sportuň dürli ugurlaryna ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, sport meýdançalary bagtyýar raýatlarymyzyň hyzmatynda. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryndan gözbaş alyp, täze taryhy eýýamda Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünliklere beslenýän bu tutumlar dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Munuň özi, şol bir wagtda, sporta dost-doganlygy, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde möhüm ähmiýet berýän baky Bitarap Diýarymyzyň halkara abraý-mertebesiniň arşa galýandygyna hem şaýatlyk edýär.

Ata Watanymyzyň şan-şöhratyny täze belentliklere göterip, bedenterbiýäni we sporty nurana durmuşymyzyň bezegine öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyşlarymyz egsilmezdir. 

Araztuwak TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenbaşy etrap häkimliginiň medeniýet, bilim, saglyk we sport ulgamyny utgaşdyryjy bölüminiň baş hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.