Sport — dost-doganlygyň binýady

29 Noýabr 2023
205

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen sport ulgamynda uly üstünliklere ýetilýär. Biz muňa üstünliklere beslenen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda hem aýdyň göz ýetirdik.

Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri adamlara öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek adamyň döredijilikli zähmeti, durmuş işjeňligi we ruhubelentligi üçin ähmiýetlidir. Şonuň üçin ýurdumyzda sport bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda halkara ölçeglerine laýyk gelýän sport desgalary, stadionlar, atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri guruldy. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýokary derejeli türgenler taýýarlanylýar we bu türgenler dünýä derejesindäki ýaryşlarda öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Kuraş boýunça hem türgenlerimiziň gazanan üstünlikleri biziň her birimizi buýsandyrdy. Çünki türkmen türgenleriniň ussatlygy sportuň belent üstünlikleriniň alamatydyr.

Sapa NURBERDIÝEW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.