Belent ynama ygrarly

29 Noýabr 2023
350

Milli Liderimiziň başyny başlan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda türkmen pälwanlarynyň halkara derejesinde gazanýan ýeňişleriniň sany barha artýar. Olar yklym we dünýä ýaryşlarynda gazanýan altyn, kümüş medallary bilen Watanymyzyň sport abraýyny has-da dabaralandyrýarlar. Dünýä ýaryşlarynda uly üstünlikleri eýeläp, ýaşyl tugumyzy birnäçe gezek ýokary galdyran pälwanlarymyzyň biri-de Saýat etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Hangeldi Allakowdyr.

Narmämmet Gurbanowyň halypalyk etmegi netijesinde Hangeldi eýýäm 13-14 ýaşlaryndan ýurdumyzyň çempionatlarynda öz ussatlygyny görkezýär. Ol ilkinji sapar 2013-nji ýylda ýurdumyzyň çempionlygyny gazanýar. Şondan köp wagt geçmänkä hem Russiýa Federasiýasynyň Orenburg şäherinde milli göreş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda 68 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp bolýar. Hangeldi 2016-njy ýylda paýtagtymyzda geçirilen Aziýa çempionatynda türkmen milli göreşi, Gyrgyzystan Respublikasynda geçirilen Çarwadarlaryň II Bütindünýä oýunlarynda bolsa guşakly göreş boýunça altyn medallaryň ikisine mynasyp boldy. Ol Gyrgyzystanda gazanan üstünligini 2019-njy ýylda hem gaýtalady. Pälwan ýigit 2017-nji ýylda paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen V Aziýa oýunlarynda hem altyn medala mynasyp boldy.

Aýjan ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Saýat etrap geňeşiniň bölüm müdiri.