Jahana ýaň salan dünýä çempionaty

29 Noýabr 2023
281

Türkmeniň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň «Ýat bolar» atly goşgusynda: «Göreş bir abraýdyr, uruş bir destdir» diýen setirler bar. Hakykatdan-da, türkmen halkynda, asyl-ha, tutuş Gündogarda dogumy daş ýarýan pälwanlaryň uruş arkaly däl-de, göreşip, bilegiň zoruny görkezmek bilen, bäsleşmekleri göwnejaý hasaplanypdyr. Şonuň üçin hem akyldar şahyrymyz: «Göreş bir abraýdyr» diýipdir. Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty baradaky makalamyzy göreş bilen bagly gürrüňden başlamagymyzyň asyl sebäbi, özbek halkynyň milli sporty bolan bu görnüşiň ady bolan «kuraş» sözi özbekçeden türkmençä terjime edeniňde «göreş» diýen manyny berýär. Ýagny düzgün-kadasynda biraz tapawut bar diýmeseň, kuraş hem milli göreşimiz bilen örän meňzeş, başa-baş söweş sungatynyň bir görnüşi. Diýmek, şulardan ugur alyp aýtsak, Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyny pälwanlara abraý ulaşýan iň ýokary derejeli bäsleşik diýip atlandyrsagam bolar. Guwandyryjy tarapy, bu ýaryşda abraý gazanan pälwanlaryň arasynda türkmen türgenleriniň hem mynasyp orny bar.

2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen ýeri bolan Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň düzümine girýän Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda 23 — 28-nji noýabr aralygynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty dünýäniň 4 yklymyndan — Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, Günorta we Demirgazyk Amerikadan, umumylykda Ýer ýüzüniň 50-den gowrak döwletinden ýarym müňe golaý türgeni bir ýere jemledi. Has anyk aýtsak, kuraş sportuna dahylly 491 ynsany mermer paýtagtymyzda jem eden ýaryş, iň köp gatnaşyjyly dünýä çempionaty hökmünde taryha möhürlendi. Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8 agram derejesinde medallaryň 15 toplumy ugrunda bäsleşikler geçirilip, dünýäniň iň naýbaşy türgenleri saýlandy. Şol agram derejeleriniň ählisinde türkmenistanly kuraşçylaryň hormat münberinden orun almagy başarandyklary bolsa, ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki sport abraýyny ýene bir gez beýgeltdi diýip, buýsanç bilen belläp bileris. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ýokary derejeli sporty ösdürmek baradaky edýän tagallalarynyň öz miwesini berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ogulnur PIRJIKOWA,
«Esger».