Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Okyjylaryň sany artýar

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylda Ahal welaýatynyň kitaphanalarynda okyjylara döwrebap hyzmatlar amala aşyryldy. Şanly ýylda kitaphanalara täze ýazylan ildeşlerimiziň sany 10 müň 117-ä ýetip, hasapda duran okyjylaryň umumy sany 106 müňden geçdi. Täze taryhy döwrümiziň ösüş-özgertmelere beslenen ýylynda welaýatyň kitaphanalaryndaky dürli mazmunly kitaplaryň 431 müňden gowragy, şol sanda syýasy neşirleriň 65 müňe, çeper edebiýatlaryň 149 müňe, çagalar edebiýatlarynyň 122 müňe, beýleki neşirleriň 96 müňe golaýy okyjylar tarapyndan okalmaga alyndy. Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanyjylaryň sany, ozalky ýyla garanyňda, ep-esli artdy.

Ylham ýaýlasy

Budur türkmen binasy Huzuryňda otyryn,            üstünde ene ýeriňpaýhasyňa eýlenip, durlanýar pikir, seriň,Yşk bolup, howalanyp geldi «Gökje kepderiň»Azadydan göwherli,Sözi abu köwserli,Gurdugyň bardyr munda, budur türkmen binasy.

Watanyň ýaşajyk waspçylary

6-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda bilimde, sportda we sungatda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, deň-duşlarynyň arasynda aýratyn tapawutlanan çagalary höweslendirmek maksady bilen geçirilýän bu bäsleşik «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda aýratyn many-mazmuna, şatlyk-şowhuna beslendi. Türkmen ýaşlarynyň üstünligini Diýarymyzyň guwanjy hasaplaýan hormatly Prezidentimiziň sargytlaryny nesillerimiz ýörelge edinip, diňe kämillige ymtylýarlar. Aýdym-saz sungatymyzda öçmez yz goýan körpe bagşy Gulbabanyň adyny göterýän Çagalar baýragyny almak ugrundaky bäsleşik hem ýaş nesilleri has-da kämilleşdirmek, olaryň zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen her ýyl geçirilýär.

Röwşen geljegimiziň eýeleri

Çaga — ömrüň manysy, dowamaty. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesillerimiz baradaky edýän atalyk aladasyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir pursadynda görmek bolýar. Ynha, bu gün bagtyýar çagalaryň ukyp-başarnyklary, kämil şahsyýetler bolup ýetişmäge bolan yhlaslary paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň giň zalyna ýygnanan ýaşajyk zehinlerimiziň ýüzlerinden aýdyň duýulýar. Olar — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýeleridir. Bagtdan paýly, ýüregi şatlykdan doly zehinli körpejelerimiziň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijileri

Mähri Italmazowa — Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky 43-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy. Aýlar Çaryýewa — Aşgabat şäherindäki 147-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy.

Adyň nesillere nusga, Gulbaba!

«Ussatlyk diňe bir ýaşa däl-de, eýsem, zehin-ukyba bagly» diýýärler. Türkmen halkynyň hemişe hormat bilen ýatlaýan perzentleriniň biri Gulbabajyk şeýle zehinlerden diýsek dogry bolar. Çünki Hakdan berlen ukyby bilen heniz üç ýaşyny hem doldurmanka köpçüligiň öňünde «Ýarap borka» aýdymyny ussatlyk bilen ýerine ýetiren, şeýdibem bütin halkyň öçmejek söýgüsini gazanan Gulbaba bagşy — Möwlamberdi Hanow külli türkmeniň ýüreginde ýaşaýar. Bu günki nesilleriň hut rowaýata barabar edip ýatlaýan Gulbabajygynyň hakyky ady Möwlamberdi. Özem ol 1956-njy ýylyň 22-nji aprelinde Mary welaýatynyň Mary şäherinde dünýä inipdir. Mana düşmez çagajygyň dutaryň sesine aglamasyny goýmagy, emedekläp ýörkä, haýsy tarapdan dutar-gyjagyň sesi eşidilse, şol tarapa gidibermegi onuň kakasy Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýewiň körpejäniň Hakdan berlen zehinini duýmagyna getirýär. Şeýlelikde, çagalykdan ussatlygyň bosagasyndan ätlän Gulbabajygyň sungat ýoly başlanýar.

Tokarja welosiped sürýär

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi tarapyndan hut şu at bilen döredilen gysga göwrümli multfilmde hem sapak alarlyk ýörelgeler dabaralanýar. Çagalaryň söýgüli gahrymanlary — Tokarja bilen Ýeserje bu gezek welosipedli aýlanmaga gidýärler.

“Müň okasaň binýat bolar”

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, ene dilimiziň baýlyklaryny ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeler hökmünde dowam etdirilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hem ata-babalarymyzdan gelýän şeýle asylly ýörelgelerden ugur alyp, ýaş nesillerimize döwrebap bilimi öwredýäris hem-de olary milli ruhda terbiýeleýäris. Ýurdumyz boýunça ýaş nesliň ylym-bilime, ene dilimizi öwrenmäge bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda jemgyýetimiz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýan, ýaşlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikler, dürli medeni çäreler terbiýeçilik ähmiýeti bilen tapawutlanýar. Türkmen halkynyň terbiýe meselesinde örän çuňňur garaýyşlary bar. Bu garaýyşlary birnäçe nakyllaryň üsti bilen hem aýdyň görmek bolýar. “Ýüz okasaň, ýat bolar. Müň okasaň, binýat bolar” diýen pähimde halkymyzyň parasatly ýoly görünýär. Şonuň üçin hem orta mekdeplerde geçirilýän döredijilik duşuşyklarynda okuwçylara akyldar şahyryň goşgularyny köp okamagy, bu ajaýyp şygyrlary ýatdan aýdyp bilmegi öwredýäris. Bu hem ýaşlaryň dünýägaraýşynyň ösmegine, söz baýlyklarynyň artmagyna täsir edýär. Milli terbiýäniň aýratynlyklaryny halk döredijiliginde, şol sanda nakyllarda görmek bolýar. Elbetde, nakyllaryň özi halkyň durmuş tejribesinde toplan, söz baýlyklary bilen beýan eden pähimle

Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ne Döw­let­mäm­met Aza­dy­nyň tä­si­ri

«7/24. tm» № 02 (189), 08.01.2024 Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy XVIII asy­ryň türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň be­ýik nus­ga­wy şa­hy­ry we hä­zir­kiza­man ede­bi di­li­ni esas­lan­dy­ry­jy­dyr. Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­lik şah­sy­ýe­ti­niň ke­ma­la gel­me­gi, il­kin­ji no­bat­da, onuň ka­ka­sy, öz döw­rü­niň meş­hur alym­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Döw­let­mäm­met Aza­dy­nyň ady bi­len bag­ly­dyr. Döw­let­mäm­met Aza­dy hal­kyň ara­syn­da Gar­rymol­la ady bi­len bel­li eken. Aza­dy­nyň we onuň aýa­ly Oraz­gü­lüň al­ty ça­ga­sy bo­lup­dyr (5 oglan, 1 gyz).

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy»

Şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda hormatly Prezidentimiziñ «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we aydym-sazly maslahaty geçirildi. Geçirilen bu dabara Ÿurdumyzyñ döredijilik işgärleri, şol sanda ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, köp sanly ýaşlar hem­-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Zenan dünýäsiniň şekillerdäki beýany

4-5-nji ýanwarda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň zenan suratkeşleriniň gatnaşmagynda şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, ussatlyk sapaklary hem-de «Nakgaşçylyk we onuň jemgyýeti goramakdaky orny» atly döredijilik maslahaty geçirildi.

Çaga – durmuşyň güli

Çaga ýaşajyk nahala meňzeýär. Nahalyň ösüp, boý almagy üçin irginsiz, yzygiderli idi-yssywat, ýaş nesliň kemala gelmegi üçin üns-alada zerur. Onda-da çaga howandarlyga, ruhy goldawa mätäç bolsa, oňa sahawatly goluňy uzatmak, onuň kämil ynsan bolup ýetişmegi hakynda alada etmek halkymyzda parz hem haýyrly iş hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kemala gelýän, ylym-bilimli, kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesiller halkymyzyň, ata Watanymyzyň geljegi hasaplanýar. Häzirki wagtda çagalaryň durmuş goraglylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Sahawatlylygy, ynsanperwerligi ýörelge edinen pederlerimiziň nusgalyk ýoluna eýerilip, ýaş nesil hakynda alada etmek, esasan-da, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amal edilýän sahawatly işler bagtyýar raýatlarymyzyň kalbyna nur bolup röwşenlik bagyşlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bütin dünýäde bagtly çagalygyň, çagalaryň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurduna öwürmek babatda aýdan sözleri halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy, ýaş nesliň bagtyýar geljeginiň has nurana boljagyna ynam döretdi. Çagalaryň şadyýan gülküleri - bagtyýarlygyň nyşanydyr.

Ykbal bagyş edilýän sungat

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň teatr sungatynda-da giň gerimli ösüşler gazanyldy. Şular dogrusynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy Agamyrat Baltaýew bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Agamyrat aga, söhbedimiziň başynda milli teatr sungatymyzyň düýbüni tutujylaryň biri, halypa artist, režissýor Aman Gulmämmedowyň «Teatr — ykbal bagyş edilýän sungat» diýen sözlerini ýatlasymyz gelýär. Şonuň ýaly-da Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ulanylmaga berlen Arkadag şäheriniň döwlet drama teatryna halypa artist A.Gulmämmedowyň adynyň dakylmagy milli teatr sungatymyzda ajaýyp taryhy waka boldy. Söhbedimizi şondan başlaýalyň...

Zenanlaryň sungat dilindäki söhbedi

Düýn Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň zenan suratkeşleriniň gatnaşmagynda şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi öz işine başlady. Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belläp geçişleri ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen-eýran gatnaşyklary dürli ugurlarda ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar.

Ependiden başlanan ýol

Ykbalynyň baş sahypasyna «artist» diýen käri ýazan müňlerçe ykbally ynsanlaryň biri Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Jumageldi Ýolowdyr. Onuň teatr sungatyna aralaşmagyna daýysy, Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýew sebäp bolýar. Ol bu barada şeýle ýatlaýar: — 1971-nji ýylda obamyza Aşgabatdan sahna oýnuny görkezmäge geldiler. Oba adamlary, uly-kiçi bary oba klubuna eňdiler. Men ol wagtlar 5-6 ýaşlarymdadym. Spektaklyň näme hakda gidýänine düşünmesemem, ejem: «Spektaklda daýyň oýnaýar» diýensoň, maşgalamyz bolup oýun görmäge gitdik. Haýran galyp oýna tomaşa-da etdik. Annamyrat Berdiýewiň kakasy Berdi aga bilen meniň mamam süýtdeş dogandy.

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNYŇ ESERLERINIŇ SERGISI AÇYLDY

Daş-töweregiňdäki gözellikleri, dünýä ajaýyplyklaryny dürli reňkler bilen sazlaşdyryp kagyz ýüzüne geçirmek, hala çitmek, nagyşlarda sünnälemek her bir ynsan üçin mahsus duýgularyň biri. Bu duýgy mähre, söýgä berlip, zenan kalbynyň töründe has hem uly orun alýar. Zenanyň giň dünýägaraýşy, filosofiki pikirleri şekillere siňýär hem-de aňyrsyna göz ýetmeýän owadan dünýäniň keşbini göz öňüňde janlandyrýar. Ol işleri synladygyňça synlasyň gelýär.

Dostlukly halklaryň sungat sergisi

Üstünlikli tamamlanan, taryhy wakalara baý bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzdan soň, täze 2024-nji, ýagny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ilkinji günleri hem uly şanly wakalara beslenýär. Şu gün Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýran Yslam Respublikasynyň hem-de türkmen zenan suratkeşleriniň gatnaşmagynda şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi we maslahaty geçirildi. Bu bolsa iki halkyň arasyndaky doganlyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň hil taýdan täze mazmuna eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Kitap çagalaryň ýakyn dosty

Tamamlanan ýyl ähli ulgamlarda bolşy ýaly, welaýat çagalar kitaphanasynda hem üstünlikler bilen jemlendi. Has takygy, 2023-nji ýylyň dowamynda çagalar kitaphanasynda körpe we kiçi ýaşly okyjylara dürli neşirleriň 103 müň 230 nusgasy hödürlenildi. Şolardan 13 müň 876-sy syýasy, 19 müň 978-i çeper, 32 müň 659-y çagalar we 36 müň 717-si dürli ugurlara degişli edebiýatlardyr. Şeýle-de kitaphanamyzda geçen ýylda okyjylaryň 10 müň 287-si goşuldy. Geçen ýyl «Galkynyş» kitap merkezinden täze neşirleriň 473-si kitaphananyň gaznasyna goşulyp, bu ýerde jemi neşirleriň sany 118 müň 31-e barabar boldy.

“Kitap okan gullar magnydan dokdur”

Türkmen halky kitaba, ylym-bilime uly sarpa goýýar. Şonuň üçin hem halkymyzda kitap okamak, bilim öwrenmek asylly ýörelge hökmünde ýöredilip gelinýär. Biz muny köpsanly golýazma çeşmelerinden hem, akyldarlarymyzyň edebi mirasyndan hem aýdyň görýäris. Bu bolsa kitap we kitap okamagyň nesil terbiýesinde hem uly ornunyň bardygyny subut edýär. Maşgalada her bir ata-ene, çagalar baglarynda terbiýeçi, umumybilim edaralarynda bolsa mugallym ýaş nesliň asylly terbiýeli, ýokary bilimli bolup ýetişmegi, adamkärçiligiň ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän, Watana, il-güne, halkyna gerekli adamlar bolup kemala gelmegi ugrunda alada edýärler. Olarda okamaga bolan höwesi, söýgini döretmekde bolsa dürli usullardan peýdalanýarlar. Kiçilikden çaganyň aňyna kitap okamagy guýmak zerurdyr. Kitaby özüne dost edinen çaga jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapýar. Kitap adama akyl-paýhas berýär. Kitaby köp okaýan adamyň sözlük gory hem baýlaşýar. Ýaş nesli terbiýelemekde, olara bilim bermekde kitabyň hyzmaty örän uludyr. Kitaby okap, onuň many-mazmunyna göz ýetirip bilýän çaganyň gözýetimi giňeýär, dogryny-nädogryny saýgarmagy başarýar, dil baýlygy ösýär, kämilleşýär. Kitaplary okap, geçmişimiz, şu günümiz, ertirimiz bilen tanşyp bilýäris, dünýä akyl ýetirýäris. Ata-babalarymyz ruhy hazyna bolan kitabyň gadyr-gymmatyny belent tutupdyrlar. Kitap okaýan bilimli, sowatly adamlara uly sarpa goýup

Luw ýyly

Täze ýyl! Her Täze ýyl pederlerimiziň ýörelgesine görä, haýsydyr bir jandaryň ady bilen baglanyşdyrylýar. 2024-nji ýyl müçenama tertibi boýunça luw ýyly hasaplanýar. Ata-babalarymyz luw ýylyny bagtly we rysgally ýyllaryň biri hasaplapdyrlar. Gündogarda her müçenama ýylyna özüniň tebigaty, sany, reňki boýunça häsiýetnama berlipdir.