Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Tebigat bilen dostlugyň kepili

Ata-babalarymyz hem tebigat bilen dostlukly gatnaşyklaryndan uly lezzet alypdyr. Arassa howada at üstünde gezim etmek olaryň iň söýgüli hereketleri bolupdyr. Türkmen halkyny dünýäde at üstünde iň köp gezýän halklaryň biri hökmünde tanapdyrlar. Bular halkymyzyň gündelik durmuşynda we baýramçylyklarynda, ýagşy däp-dessurlarynda, baý halk döredijiliginde, ajaýyp sungat eserlerinde öz beýanyny tapypdyr. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, welosipedli ýörişler adamlara tebigata ýakyn bolmaga, onuň gözelliginden lezzet almaga ýardam edýär. Welosipedler häzirki zaman durmuşynda ekologiýa taýdan arassa, tebigata dostluk bilen birlikde, adamyň bedeniniň ähli möhüm agzalarynyň hereketini üpjün edip, onuň çydamlylygyny artdyrýar, energiýa çalşygyny kadalaşdyrýar, kesellemek howpuny peseldýär, kesellere garşy durnuklylygy pugtalandyrýar, ruhubelentlik paýlaýar.

Tebigatyň ajaýyplyklaryny goralyň!

Türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň gül-gülälekli sähralary, müňýyllyklaryň şaýady bolup oturan daglary, çeşme-çaýlary, dürli dermanlyk otlarydyr ösümlikleri, haýwanat dünýäsi göreni haýrana goýýar. Ol gözellikleri synlap, kalbyň heýjana gelýär. Bu mukaddes toprakda hormatly Prezidentimiziň döredip beren ajaýyp zamanasynda ýaşap, zähmet çekýändigiňe buýsanjyň artýar. Tebigatyň ylahy gözellikleri mydama goralmalydyr. Tebigatyň täsinliklerini goramak, ony aýawly saklamak biziň her birimiz üçin uly borçdur. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşygy, tebigatyň köpdürlüligini saklamak Türkmenistanyň uzakmöhletleýin ekologiýa maksatnamasynyň baş maksady bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we onuň gözelligini has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabaralary yzygiderli geçirilip, agaç nahallaryny oturtmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu işe ähli halkymyzyň agzybirlikde gatnaşmagy bolsa, bir maksada uýup ýaşamakdan, jebislikden nyşandyr.

Tebigat — umumy öýümiz

Ekologiýa abadançylygy, tebigaty we daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak häzirki döwürde bütin dünýäde möhüm ugurlaryň birine öwrüldi. Şeýle hem daşky gurşawy goramak meselesi islendik halkyň medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Türkmen halkymyz irki döwürlerden bäri ýere, suwa, haýwanat we ösümlik dünýäsine aýawly garap gelipdir. Ata-babalarymyz ýeri eklenç çeşmesi hasaplapdyrlar. Ýere aýratyn hormat goýmak türkmenleriň edim-gylymlaryna çuňňur ornaşypdyr.

Tebigatyň ajaýyplyklaryny goralyň!

Türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň gül-gülälekli sähralary, müňýyllyklaryň şaýady bolup oturan daglary, çeşme-çaýlary, dürli dermanlyk otlarydyr ösümlikleri, haýwanat dünýäsi göreni haýrana goýýar. Ol gözellikleri synlap, kalbyň heýjana gelýär. Bu mukaddes toprakda hormatly Prezidentimiziň döredip beren ajaýyp zamanasynda ýaşap, zähmet çekýändigiňe buýsanjyň artýar. Tebigatyň ylahy gözellikleri mydama goralmalydyr. Tebigatyň täsinliklerini goramak, ony aýawly saklamak biziň her birimiz üçin uly borçdur. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşygy, tebigatyň köpdürlüligini saklamak Türkmenistanyň uzakmöhletleýin ekologiýa maksatnamasynyň baş maksady bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we onuň gözelligini has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabaralary yzygiderli geçirilip, agaç nahallaryny oturtmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu işe ähli halkymyzyň agzybirlikde gatnaşmagy bolsa, bir maksada uýup ýaşamakdan, jebislikden nyşandyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +34 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +24... +29 gradus maýyl bolar.

Hurma

Hurma agajynyň miwesi bolan hurmalar goýy sary we ýapyk gyrmyzy reňkde bolýar. Tropik we subtropik ýerlerde bitýän, palmalar maşgalasyna degişli bolan hurma agajynyň 17 görnüşi duş gelip, Demirgazyk Afrikada, Liwiýa we Nubiýa çöllükleriniň sähralarynda, şeýle-de Arap ýarymadasynda, Yrakda we Günorta Eýranda köpçülikleýin ýetişdirilýär. Hurma agajy örän uzyn bolýar, onuň sütüniniň boýy uzynlygyna 20-30 metre ýetýär, sütüniň ýokary böleginde ýerleşýän uzynlygy 6 metre ýetýän iri we uzyn ýapraklary bar. Hurmanyň miweleri oktýabr — ýanwar aýlarynda ýygnalýar, diňe şol döwürde hurmanyň ter miwesini tapmak mümkin. Ýylyň galan döwründe hurmanyň guradylan görnüşi giňden ýaýrandyr. Hurma biziň ýurdumyzda guradylan görnüşinde has bellidir, ol beýleki süýjülikler bilen çaýyň ýanyndan hödür edilýän iýmişleriň biridir. Hurma gandyň ýerini tutup bilýän, peýdaly, süýji tagamlydyr, ony şekere derek dogralan görnüşinde dürli aşlara, miweli işdäaçarlara, süýjülikli tagamlara goşup bolýar, owujydan geçirilen hurmany öý şertlerinde taýýarlanylýan bally kökelerde, kemputlarda ulanmak bolýar.

Böwürslen azyklyk we dermanlyk ösümlikdir

Böwürsleniň dünýäde 250 görnüşi duş gelýär. Türkmenistanda tebigy şertlerde böwürsleniň birnäçe görnüşi bar, olar, esasan hem gülgüne we Garrygala böwürslenleridir. Olar Köpetdagda we Balkan daglarynda tebigy şertlerde ösýärler. Miwesi gaýtadan işlenilip, şire, mürepbe taýýarlanylýar. Böwürsleniň ýapragy, baldagy, miwesi, köki halk lukmançylygynda iýmit hem-de dermanlyk üçin ulanylýar.

Tebigatyň täsinligi

Baky ot — halkyň Watan üçin janyny gurban eden gahrymanlaryna goýýan çäksiz hormatyny, hatyrasyny aňladyp, hemişe ýanyp duran ot. Taryhy wakalar bilen baglanyşykly baky otlar dünýä ýurtlarynyň ençemesinde bar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda wepat bolan gahrymanlaryň hormatyna döredilen ýadygärlikler toplumy Aşgabatda-da döredildi. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» atly bu ýadygärlikde baky ot hemişelik alawlap dur. Dünýäde ynsan elleri bilen döredilen baky ot ýadygärliklerinden başga-da, tebigatyň «hiç haçan öçürmän saklaýan» alawlary hem bar. Ine, şolaryň käbirleri:

Eziz Diýarymyzyň gözel tebigaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga, ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge täze mümkinçilikler açylýar. Munuň özi daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek wezipeleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem milli Liderimiziň halkymyzyň saglygyny tebigatyň sazlaşygy bilen berkidýändigini aýdyň şöhlelendirýär. Ýurdumyzda jemgyýetiň ösüşini we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, durnukly ösüş boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen möhüm konwensiýalary, teswirnamalary, maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär. Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ýurdumyz biodürlüligi gorap saklamak, ýer-suw baýlyklaryny aýawly we rejeli peýdalanmak, çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak, Aral deňziniň ekologiýa meselelerini çözmek barada degişli çäreleri durmuşa geçirmekde hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly halkara bileleşigi tarapyndan amala aşyrylýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine öz saldamly goşandyny goşýar. Möhüm ekologiýa meseleleriniň arasynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meselä aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda «Howanyň üýtgemegi

Tebigatyň gözel dünýäsi

Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlaryny halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylan beýik işler bilen uludan tutýar. Şu günler gözel paýtagtymyzyň ähli künjekleri owadan baglar, täsin al-ýaşyl öwüsýän güller bilen jäheklenip, toý lybasyna beslenýär. Paýtagtymyzda öňden bar bolan desgalar täze binagärlik keşbine eýe bolup, sanlyja ýylyň içinde gurlan dolandyryş edara binalary, orta we ýokary okuw mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ajaýyp ymaratlary, möhüm ähmiýetli senagat kärhanalarydyr myhmanhanalar, Olimpiýa şäherçesi, birnäçe ýaşaýyş toplumlary, söwda we biznes merkezleri, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ulag ýollary, täsin köprüler, özboluşly baglar, gül meýdançalary bilen tebigatyň baý dünýäsini dabaralandyrýar. Olaryň ählisi hem gözelligi we amatlylygy, öňdebaryjy inžener-tehniki çözgütleri, bagtyýar ýaşaýyş, ýokary derejeli dynç alyş şertleri bilen has-da tapawutlanýar. Ýaşyna garamazdan, her bir türkmenistanlynyň abadançylygy, medeniýetli dynç almagy, bagtyýar ýaşamagy barada taýsyz tagallalary edýän, ak şäherimizi gözelligiň dürdänesine öwrüp, buýsanjymyzy goşalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleri berkarar Diýarymyzyň täze taryhynda altyn sahypalary döredýär. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly,

Jümle-jahan habarlary

Gadymy jandarlaryň galyndylary Irki döwürlerde ýaşap geçen äpet jandarlaryň galyndylaryna häli-şindi duş gelinýär. Ýakynda şeýle galyndylaryň biri Atakama çölünde tapyldy. Dinozawrlaryň täze tapylan bu görnüşi «Arackar licanantay» diýlip atlandyryldy. Ýerli dilde bu «Atakamanyň süňkleri» diýmekligi aňladýar. Alymlaryň bellemeklerine görä, bu äpet jandarlar gelip çykyşlary boýunça titanozawrlara degişlidir. Bu haýwanlary arka oňurgalarynyň gurluşy boýunça tapawutlandyrýarlar. Dinozawrlaryň bu görnüşleri 66―80 million ýyl mundan ozal Çiliniň demirgazygynda ýaşapdyrlar we dürli otlar bilen iýmitlenipdirler diýlip çaklanylýar. Tapyndy ýaş dinozawra degişli bolup, onuň boýy 6,3 metre barabar ekeni. Alymlar olaryň ulularynyň boýlarynyň bolsa 8 metre çenli bolandygyny aýdýarlar.

Arassaçylykda tebigy serişdeleriň ähmiýeti

Parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini döreden pederlerimiz nesil terbiýesinde kämillige, beden we ruhy tämizlige, ahlak arassalygyna uly ähmiýet beripdirler. Şu asylly ýörelgeleri durmuşda hemişelik nusga edinmek jemgyýetde kämil şahsyýetiň kemala gelmegine oňyn täsir edip, ýokary ahlak medeniýetliligiň esasyny düzüpdir. Medeniýetliligiň ilkinji basgançagy bolsa, beden arassalygy, kalp arassalygy hasaplanypdyr. Hawa, arassaçylyk, tämizlik, päkizelik düşünjelerine aýratyn üns beren ata-babalarymyz bu babatda has irki wagtlarda tebigy serişdelerden peýdalanypdyrlar. Şeýle tebigy serişdeleriň biri hem çogan ösümliginden taýýarlanypdyr. Munuň üçin ilki bilen, çogan ösümligini göklügine ýygyp, ony üsti-üstüne bassyrmanyň aşagynda goýupdyrlar. Soňra olary guraýança Güne seripdirler. Şondan soň çoganyň özboluşly ýakymly ysy daş-töwerege ýaýrapdyr. Onuň bir penjesini alyp, 1,5 litr suwa salyp gaýnadypdyrlar. Bu gaýnatma dura-bara köpürjikläp duran suwuk sabyna öwrülipdir. Ondan azragyny alyp, kir ýuwuljak suwa goşup, geýim-gejim ýuwmakda ulanypdyrlar. Çogandan alnan suwuk sabyn goşulyp, ýuwlan egin-eşiklerde ýakymly ys galypdyr.

Iň uzyn palma agaçlary

Tebigatda duş gelýän geň-enaýy täsinlikleriň biri-de, Kolumbiýa döwletinde ýerleşýän Kokora jülgesiniň 1800 – 2400 metr beýiklikdäki daglyk ýerinde ösýän, Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna giren palma (Ceroxylon quindiuense) agaçlarydyr. Bu palma agaçlary Kolumbiýa döwletiniň milliligi hasaplanylýar. Iň uzyn palma agajy başgaça «Kondioý mum örtülen palma» diýlip atlandyrylýar. Sebäbi bu agajyň sütüni mum bölüp çykarýar we özüni zyýankeş mör-möjeklerden goraýar. Iň uzyn palma agaçlarynyň beýikligi 50 metre çenli ýetip, olar onlarça kilometr uzaklykdan hem görünýärler. Palmanyň sütüni silindr şekilli bolup, ýere golaý böleginiň göwrümi 50 santimetre ýetýär. Bu palma agaçlary tebigy şertlerde 120 ýyla çenli ýaşamaga ukyplydyrlar.

Togdary

Türkmen tebigatynyň gözelligine görk goşýan guşlaryň biri hem togdarydyr. Togdary toklutaýlar maşgalasyna degişlidir. Bu guşlaryň göwresi sülgünden hindi towugynyň ululygyna çenli bolýar. Boýny we aýaklary uzyndyr. Kellesiniň, gursagynyň, ganatynyň öň taraplarynyň melemtil-çalrak, arkasynyň sarymtyl-mele, egrem-bugram çyzykly gara-ak ýelekleri bolýar. Depesinden, kellesiniň we boýnunyň yz tarapyndan döşlerine çenli sallanýan, uçlary şar gara, uzyn çalymtyl ak ýelekleri togdarylary aýratyn owadan we haýbatly görkezýärler. Togdary Türkmenistanyň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň çöl ýerlerinde, Bötendag çöketliginde, goraghanalaryň aýratyn goralýan ýerlerinde duş gelýär. Ýöne olar ilatly ýerlerden gür çöpli, urpak ýerlerden, daglyklardan, jarlyklardan gaça durýarlar. Tekiz, gyr ýerlerde, alatakyrly düzlüklerde, ýowşanly ýa-da ýumşak otly baýyrlyklarda gezmegi halaýarlar. Howlukman, örän ätiýaçly gezýärler. Howp abanan ýagdaýynda örän çalt ylgap gaçýarlar. Uly togdarylar dürli gökje otlar, ösümlikleriň däneleri, meýdan otlarynyň tohumlary, şeýle-de mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Mäkiýan togdarynyň kürk bolýan döwri aprel aýynyň başlarynda başlanýar. Tekiz meýdanlarda ýowşandyr titir ýaly ösümlikleriň arasynda on-on bäş santimetrlik çuňlukda çukur gazyp, içine gury çöp baldaklaryny düşeýär. Köplenç iki-üç ýumurtga goýýar we ony diňe ene togdarynyň özi basýar. Mäkiýan togdarylar he

Ynsan bilen tebigat (Pel­se­pe dün­ýä­si)

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:«Te­bi­gat bi­ziň içi köz­li oja­gy­myz, rys­gal-be­re­ke­diň göz­ba­şy, gö­zel­lik çeş­me­si. Ba­ha­ryň aja­ýyp pur­sat­la­ryn­da türk­men te­bi­ga­ty­nyň gö­zel­li­gi söz bi­len be­ýan eder­den has be­lent­de» Bagt­ly ýa­şa­ma­gyň hem-de te­bi­gat bi­len yla­la­şyk­da ýa­şa­ma­gyň iki­si-de bir zat.

Ýedi reňkli ýaý

Mähriban çagalar! Ýagyş ýagmagynyň yz ýany emele gelýän ýarym tegelek görnüşindäki dürli reňkli älemgoşary gören bolsaňyz gerek?! Bu täsin tebigy hadysa Gün şöhleleriniň ýagyş damjalarynda döwülmegi netijesinde emele gelýär. Aslynda, bize sary bolup görünýän hem bolsa, Gün şöhlesiniň reňki ak bolýar. Ak reňkde gyzyl, sary, ýaşyl ýaly beýleki ähli reňkler jemlenendir. Ýagyş damjasy ol reňkleri bölüp, bize aýratynlykda görkezýär. Ýagny ýagyş damjalarynyň tebigy optiki prizma öwrülmegi bilen döreýär. Älemgoşarda, adatça, ýedi reňk bolýar: gyzyl, narynç, sary, ýaşyl, mawy, goýy gök we benewşe. Onuň reňkleri hem köplenç şu tertipde bolýar. Älemgoşaryň çür depesi, ýagny egrelýän ýeriniň ortasy 42 gradus bolup, ol gyzyl reňk daş, benewşe reňk iç tarapda bolýar. Kähalatlarda merkezi burçy 50 gradus bolan ikinji älemgoşar hem peýda bolýar. Ýagny goşa älemgoşar emele gelip, onuň biri has gowşak görünýär, reňk tertibi beýlekisiniň tersine bolýar.

Höwesjeň bagbanlar

Adaty bolmadyk agaçlary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan höwesjeň bagbanlaryň ençemesi Gubadag etrabynda hem bar. Olaryň yhlasy netijesinde, öňki döwürde bu sebit üçin häsiýetli bolmadyk unaby, garaburç, dub, injir, nar, hoz, pisse, zeýtun ýaly agaçlar ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýle bagbanlaryň biri hem etrabyň Baýdak obasynda ýaşaýan Soltan Ödekowdyr. Soltan aga indi ençeme ýyllardan bäri öz melleginde hoz agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýär. Onuň melleginde uly ýaşly hozlaryň 18 — 20 düýbi bar. Olar her ýyl bereketli hasyl getirýär.

Tebigatyň täsinlikleri

HER BIRI ÖZ DEREJESINDE TEBIPRowaýatlara görä, Isgender Zülkarneýin atlylary bilen uzak ýol söküp, ýaz paslynyň ilkinji günlerinde güneşli Diýarda düşleýär. Şonda togdarylaryň, käkilikleriň, sülgünleriň, bedeneleriň täsin owazy, keýiklerdir gulanlar, dag goçy serkerdäni haýrana goýýar. Tebigatyň gözel görküne melul bolup oturan serkerde: «Bu ýerler gül-pürçüge, bagy-bossanlyga baý. Şeýle tebigatda ýaşaýan adamlaryň hem kalby şu güller ýaly açykdyr, arassadyr. Olar juda sadadyr. Adamlary-ha däl, eýsem tebigatyň baýlygy bolan gül-gülälekleri hem depelemäň, ýabany haýwanlary-da ürküzmäň! Şu ýerden yzymyza dolanalyň!» diýipdir. Şeýle gözel tebigatyň ösümlik dünýäsinden, derde derman howasyndan dem alýan haýwanat dünýäsi däl, eýsem, ynsanlar hem derdinden saplanýar.

Ekologiýa abadançylygy — saglygyň goraglylygy

Ilatyň saglygyny berkitmekde daşky gurşawy goramaga aýratyn orun degişlidir. Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, ekologiýa abadançylygyny gazanmak häzirki döwrüň umumadamzat meselesidir. Munuň oňyn çözgüdini tapmak, tebigat bilen ynsan durmuşynyň sazlaşykly gurşawyny emele getirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek Türkmenistanyň daşary hem içeri syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Ol Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen hem berk baglanyşyklydyr. Bu maksatlaryň ilkinjisi her bir adamyň sagdyn we tebigat bilen sazlaşykda, ekologiýa taýdan arassa, oňaýly daşky gurşawda ýaşamak hukugyny goramagy esasy ugur edinýär. Ekologiýa fiziologiýasynyň keselleriň öňüni almakda lukmançylygyň binýatlyk esasy bolup durýandygy nazara alnyp, ýurdumyzda tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň umumy sazlaşygy döredilýär. Daşky gurşawy goramak boýunça oňyn başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek, baglara ideg etmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýakymly howa gurşawynyň döredilmegine ýardam edýär.

Tebigatyň zynaty

Adam göwni mydama gülleriň gözelligine maýyldyr. Şonuň üçin hem güller biziň durmuşymyzda uly orun alýar. Ähli döwürlerde-de adamlar gülleri näzik duýgularyny beýan etmekde ulanypdyrlar. Her gülüň, onuň reňkiniň aňladýan manysy bolupdyr. Gyzyl bägül söýginiň nyşany bolsa, myhaklar hormaty aňladypdyr. Çopantelpek şatlygy aňlatsa, çigildem salyhatlylygyň, nerkes öwünjeňleriň, men-menleriň güli bolupdyr. Gülleri ekinlerinde, howlusyndaky melleginde ýa-da öý şertlerinde ýörite gaplarda ekmek, şeýdip gül gözelligine ýakyn durmak adamlara mahsus ýagdaýdyr. Munuň üçin eýýäm gadym zamanlarda gülçüler seçgiçilik işlerini geçirip, ajaýyp gülleriň ýüzlerçe görnüşini döredipdirler. Bu işleriň netijesinde gülleriň keşbi has-da owadanlaşyp, köpdürli öwüşgin çaýylypdyr, olaryň bark urýan ysy bolsa seriňi howalandyrypdyr. Häzirki döwürde hem tekjeleri, penjireleriň öňi öý gülleriniň dürli görnüşleri bilen bezelen otaglaryň ýakymy has üýtgeşik bolup, gözüňi dokundyrýar.