Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Suw üpjünçiliginiň hukuk we guramaçylyk esaslary

Suw ynsanyň durmuş abadançylygyny kesgitleýän tebigy baýlyk hasap edilýär. Ýurdumyzyň 80 göterimine golaý meýdanyny tutýan Garagum sährasynda janly tebigat üçin suwuň gadyr-gymmaty başgadyr. Şoňa görä-de, janly zat hökmünde garaýan türkmen halky suwa uly sarpa goýýar. Ata-babalarymyzyň «Suw damjasy — altyn dänesi» diýmegi hem halkymyzyň suwa bolan hormatynyň çäksizdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Daşky gurşawy goramak we ekologiýany abat saklamak ählumumy mesele bolup, şeýle meseleleriň biri hem Aral deňziniň suwunyň çekilmegidir. Merkezi Aziýada ýaşaýan ilatyň sanynyň artmagy, bu sebitde senagatyň ösmegi we oba hojalygynda täze ýerleriň özleşdirilmegi hem suwa bolan talabyň barha ýokarlanmagyna getirdi. Aral deňziniň suwdan boşan böleginde duzlaryň emele gelmegi, ýelleriň, tupanlaryň netijesinde duz bölekleriniň ýokary göterilip, ekerançylyk we öri meýdanlarynyň şorlaşmagyna getirdi. Şonuň üçin Aral deňziniň suwunyň möçberini öňki kaddyna getirmek boýunça birnäçe taslamalar öňe sürüldi we ony halas etmek dogrusynda ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.

Biz seniň dostlaryň, gözel tebigat!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daş-töweregimiziň abadanlygyny, arassalygyny we kadaly ösüşini berkitmek işine ýaş nesilleri işjeň çekmek, olarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Bu buýsandyryjy işler häzirki wagtda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan işjeň häsiýetde alnyp barylýar. Bu guramalaryň geçirýän köpçülikleýin çärelerine mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar we ýaş nesliň beýleki wekilleri gatnaşýarlar. Tebigaty goramak ýörelgesini giňden wagyz edýän «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleriniň alyp barýan işiniň oňyn netijelere eýe bolýandygyny nygtamak bolar. Geçen, 2022-nji ýylda döredilen guramanyň iş tejribesiniň heniz köp däldigine garamazdan, onuň ýaş nesli ekologiýa medeniýetini öwrenmäge çekmekde, daş-töweregi gorap saklamagy öwretmekde durmuşa geçirýän işleri az däl.

Güýz oýlanmasy

Güýzüň iň soňky aýyna gadam basdyk, ýogsa «Güýz geldi» diýip begenip ýörenimiz ýaňy ýalydy. Bagtly pursatlaryň tiz geçýändigi hem hakykat. Güýzde sergin howanyň täsiri ýüreklerimizi heýjana salsa, asmany bezäp, hatar gurap barýan durnalaryň gykuwlaşmagy müň dürli oýlara batyrýar. Durnalaryň kerweni indi ençeme gezek gözlerimiziň öňünden galgap geçýär, her gezek olar ganatyny galgydanda: «Ine, adamlar, ömrüňiziň ýene bir ýylyny alyp biz mähir tapan mekanymyzdan alyslara uçup barýarys» diýýän ýaly zaryn hoşlaşýarlar. Biz bolsa olaryň ýene-de gaýdyp gelerine umyt bildirip, ýagşy dileg edip galýarys. Ir döwürler enem janyň durnalar hakyndaky aýdanlary bolsa häli-häzirem ýadymdan çykanok. Ol: «durnalaryň uçup gidenini görmek oýlandyrýan duýgy bolsa-da, gaýdyp gelenini görmek ykbalyň iň uly sowgadydyr» diýerdi. Çünki durnalaryň hatar gurap uçmagy, olaryň hoşlaşyk aýdymy kysmy mukamy adam ömrüniň görnüp duran mysalyna meňzeýär. Tebigatyň kanunynyň üýtgewsizligi pasyllaryň hem-de nesilleriň çalşygyny amala aşyrýar.

Möhüm möwsüme taýýarlyk bilen

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri seýrek duş gelýän haýwanlary goramak, olaryň baş sanyny artdyrmak, ylmy taýdan öwrenmek işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Bu möhüm işlere gyş paslynyň öň ýanynda has-da guramaçylykly çemeleşilýär. Ýörite habarçymyz Hudaýberen Palekeýew bu babatda häzirki günlerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykowa ýüz tutdy. Şonda ol şeýle gürrüň berdi: — Hormatly Prezidentimiz türkmen tebigatyny asyl durkunda gorap saklamak, ony has-da baýlaşdyrmak we abadan ýagdaýda geljekki nesillere ýetirmek boýunça biziň öňümizde anyk wezipeleri goýdy. Şu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda giň maksatnamalaýyn işleri alyp barýarys. Edilýän tagallalar ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ýaly umumadamzat ähmiýetli meseleleriň oňyn çözülmegine gönükdirilýär.

Guşlar dünýäsi

Halkaly gumry Halkaly gumry Türkmenistanyň çäklerinde ilkinji gezek 1940-njy ýylda Guşgy derýasynyň jülgesinde hasaba alyndy. Häzirki döwürde ol Amyderýadan Hazara çenli Türkmenistanyň ähli ýerinde gabat gelýär. Bu oturymly guş derýalaryň jülgelerinde, dag eteklerinde we ekinzarlyklarda ýaşaýar. Gyrymsy agaçly ýerlerde aýratyn jübüt bolup höwürtgeleýär, kiçiräk tokaýlary, baglary, seýilgähleri, ýaşyl zolaklary halaýar. Adamlaryň arasynda bolmakdan gaça durýar. Ol dürli ösümlikleriň tohumlary, şeýle-de däneli ösümlikler bilen iýmitlenýär. Güýzüne we gyşyna iýmitlenmek üçin ekerançylyk meýdanlaryna uçup gidýärler.

Çalasyn jandar

Owadan, örän çalasyn hem-de gazaply ýyrtyjy haýwanlaryň biri daglaryň ýokarky çäklerinde gabat gelýän alajagaplaňdyr. Ýurdumyzyň uly we kiçi Balkan daglarynda, Köpetdagda, Bathyzda, Köýtendagda gabat gelýän bu täsin jandaryň bedeniniň uzynlygy 130 — 180 santimetre ýetýär. Onuň uzyn aýaklary örän çeýe, diýseň berdaşly bolup, penjeleri ýaýbaňdyr. Alajagaplaňyň ömrüniň dowamlylygy 12 ýyldan 17 ýyla çenli bolup, boýunyň beýikligi 60 — 70 santimetre ýetýär. Alajagaplaň daglardaky beýikligi 5 — 6 metr bolan arçalara säginmän münüp, aşak düşende başaşaklygyna düşýär. Onuň ýene-de bir täsin tarapy özünden 3 esse agyr awunyň etini şol 5 — 6 metrlik arça dessine galdyryp bilýänligidir. Alajagaplaň, adatça, ýeke ýaşaýar. Alajagaplaňyň erkeginiň gezýän meýdany 2-3 sany ene ýyrtyjynyň ýaşaýan çägini öz içine alýar. Esasy iýmiti ot iýýän jandarlardyr. Ol awuny 1,5 kilometrden görýär.

Gülleriň soltany

Her gülüň özboluşly ysy we owadanlygy bar. Ýöne biziň ählimiz bägüli gülleriň soltany hasaplaýarys. Arheologik barlaglaryň netijelerine görä, bägüller Ýer ýüzünde 25 million ýyldan bäri, medeni ösümlik hökmünde bolsa 5000 ýyldan bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Şol döwürden bäri ol dostlugyň, söýginiň nyşany hasaplanylýar. Bägüller köp ýurtlarda ekilip, ynsany diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem, janyňa hoş ýakýan ysy bilen hem özüne melul edipdir. Aslynda, bägülleriň mekany gadymy Parsiýa döwleti hasaplanylýar. Beýik soltanlaryň köşkleri, äpet derwezeleri, toýundan, altyn-kümüşden ýasalan gap-gaçlar, küýzeler, haly we palas önümleri, Müsür faraonlarynyň mazarlary bägülüň ajaýyp keşbi bilen bezelipdir. Tebipler bägül gülünden alnan ýagdan dertlilere derman ýasapdyrlar. Biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşap geçen Geradot öz ýazgylarynda bägüli taryplapdyr. Gadymy Hytaý akyldary Konfusiý bu täsin gülüň ösdürilip ýetişdirilişi barada ýazyp gidipdir.

Reňki dürli, tagamy datly

Miweleriň we gök önümleriň bişip ýetişýän döwründe olaryň diňe bir tagamlylygy, ýokumlylygy däl, eýsem, reňkleriniň köpdürlüligi, şeýle hem adam bedenine ýetirýän täsirleri ylymda nähili düşündirilýärkä?! Şu babatdaky täsin maglumatlary okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik. Ilki düwen miweleriň ählisiniň reňki ýaşyl bolýar. Olarda fotosintez hadysasynyň geçmekligi dowam edýär. Diýmek, şeýle miwelerde hlorofill tegmili saklanyp, ýaşyl reňkiň ýüze çykmagyna getirýär. Miweleriň ulalmagy bilen hlorofill dargap başlaýar we olarda beýleki reňkleri ýüze çykarýan tegmiller emele gelýär. Miweleriň şeýle köpdürli reňkleriniň bolmaklygy tebigatdaky jandarlaryň ünsüni çekmek bilen, ösümlikleriň tohumynyň ýaýramagyna itergi berýär.

Çarlak tokaýy

Ýurdumyzyň tebigatynyň gözel ýerleri barada näçe aýtsaň, aýdybermeli. Aýratyn goralýan tebigy meýdanlar hökmünde ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramakda goraghanalara uly üns berilýär. Golaýda, ÝUNESKO-nyň Biosfera goraghanalarynyň bütindünýä ulgamyna girizilen Repetek döwlet biosfera goraghanasy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Merkezi Aziýada döredilen ilkinji goraghanadyr. Bu goraghananyň tutýan meýdany öz içinde aýratyn tebigy meýdançalara bölünýär. «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesi, «Çarlak tokaýy», «Demirgazyk jülgesi», «Günorta jülgesi», «Repetek saharasy» ýaly aýratyn goralýan tebigy meýdanlar biri-birinden tebigy keşbi, gözelligi bilen tapawutlanýarlar. «Çarlak tokaý» goraghananyň meýdany merkezi bagyndan 8 – 10 kilometr gündogar tarapda ýerleşendir. «Çarlak tokaýyna» goraghananyň merkezinden gumak ýol arkaly baryp bolýar. Sebäbi bu tokaý gara ýoldan uzakda ýerleşýär. Käbir ylmy edebiýatlarda tokaýyň «Çarlak» ady bu ýerde mesgen tutan çarlak guşlarynyň ady bilen baglanyşdyrylýar. «Çarlak tokaýynyň» tutýan meýdany 450 gektara golaý bolup, bu sähralyk tokaýy beýleki käbir ylmy çeşmelerde «geografiki täsinlikleriň watany» diýlip hem atlandyrylýar. Goraghananyň bu meýdany özüniň örän ajaýyp tokaýlary bilen tapawutlanýar. Bu sebit goraghananyň ösümlik dünýäsine baý meýdanlarynyň biridir. Bu ýerde adaty gulanguýruk, Lemanyň garnyýarygy, ak gandym, türküstan yşgyny, Karelini

Kaktus miwesi

Pitaýýa kaktuslar maşgalasyna degişli bolan ösümlikdir. Pitaýýanyň watany Meksika hasaplanýar. Häzirki wagtda bu ösümlik Ýaponiýada, Awstraliýada, Günorta-Gündogar Aziýada, Merkezi we Günorta Amerikada giňden ýaýrandyr. Onuň iki görnüşi tapawutlandyrylýar. Olara: lian şekilli we gür agaçlaşan pitaýýa kaktuslary degişlidir. Pitaýýanyň güli gijesine açylýar. Onuň iri, ýakymly ysly gülleri bolýar. Bu ösümligiň miwesi onuň gülleýiş döwründen 30 – 50 günden soň bişýär. Bir ýylyň dowamynda pitaýýadan 5 – 6 gezek hasyl alyp bolýar. Onuň şireli miwesiniň agramy 150 – 600 gram, käwagt bolsa 1 kilograma deň bolýar. Miwäniň ululygy almanyň ululygynda bolup, süýnmek şekilli bolýar. Miwäniň daşky gabygy ýiti gülgüne ýa-da sary reňkli, ýumşak etlek bölegi bolsa ak reňkli bolýar. Onuň ýumşak etlek böleginde kiçijik gara reňkli tohumlar bolýar. Miwe içki gurluşy we tagamy boýunça kiwä meňzeýär. Pitaýýanyň kaktuslar maşgalasyna degişlidigi üçin onuň miwesine «kaktus miwesi» diýilýär.

Garagum — genji-hazyna

Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini, ajaýyp tebigy gözelliklerini gorap saklamak işinde döwlet goraghanalaryna möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň döredilmegi-de dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagumuň özboluşly, gaýtalanmajak ekologiýa ulgamlaryny we tebigy baýlyklaryny gorap saklamak maksadyna esaslanýar. Bu goraghananyň hem-de «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi giň sähranyň has-da baýlaşmagyna getirdi. Şeýlelikde, gözel Garagum soňky ýyllarda has özgerdi. Goraghananyň çägine girýän ümmülmez sährada sazak, sözen, ojar, gandym, çerkez, çeti ýaly ösümlikleriň tokaýlyklary döräp, ol ýerde towşan, gum käkiligi, togdary... ýaly guşlar, jandarlar günsaýyn köpelýär. Türkmen kölüne demirgazykdan gyşlamaga gelýän guwdur gazlaryň, ördekleriň sany barha artýar. Munuň özi ýakyn ýyllarda kölüň daş-töwereginde uly tokaýlyklaryň döräp, ýaşaýşyň gülläp ösjekdigine güwä geçýär.

Muny bilmek gyzykly

Güýz paslynda almalaryň dürli görnüşleri ýetişýär. Aslynda, alma örän ýokumly, witaminlere baý miwe hasaplanýar. Elbetde, almada bar bolan ýokumly maddalar beýleki käbir miwelerde hem gabat gelýär. Emma almanyň düzümindäki ýokumlaryň birleşmesi has ygtybarly hasaplanýar. Bu ýokumly miwäniň düzüminde demriň saklanýandygyny bilmeýän ýok bolsa gerek. Şonuň üçin hem lukmanlar almany gündelik iýmegi maslahat berýärler. Munuň özi adamyň saglygy üçin örän peýdalydyr. Almanyň dişlerimiz üçin hem peýdalydygyny bellemek gerek. Almanyň şiresi dişleriň syrçasyny zaýalaýan bakteriýalary ýok edýär. Alymlar dünýäde almanyň iň peýdaly miwäniň biridigini ylmy barlaglaryň netijesinde subut etdiler. * * *

Dün­ýä­niň iň uly bo­ta­ni­ka bag­la­ry

«7/24.tm»№ 43 (178) 23.10.2023 Kew bag­la­ry Lon­do­nyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da ýer­leş­ýän dün­ýä­niň iň uly we köp­dür­li ösüm­lik­le­re baý bo­ta­ni­ka ba­gy­dyr. 1840-njy ýyl­da Kew Gar­den­de üýt­ge­şik bag­dan eme­le ge­len bu bo­ta­ni­ka ba­gy 27 müň­den gow­rak gör­nü­şi özün­de jem­le­ýär.

Täsin sogan

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň biri-de belli alym Nikolaý Wawilowyň ady dakylan, seýrek duş gelýän dag soganydyr. Bu sogan GDA döwletlerinden diňe biziň ýurdumyzda ösýär. N.Wawilowyň sogany merkezi Köpetdagyň Howdan, Sogandag, Ýaňydag, Almajyk, Kurkulap, Germap, Duşakdag, Gökdere-Çeýek diýen ýerlerinde duşýar. Bu täsin şekilli ösümlik gaýalaryň kert ýerlerinde, daglaryň daşly eňňitlerinde-de mesgen tutýar. Onuň boýy 70-90 santimetr, düýbi 2-4 santimetr, ýokarsyndaky topbak güli togalak we ýyldyz şekilli. Dag soganynyň tohumy tomus aýynyň ikinji ýarymynda bişip, gozajygyndan dökülýär. Bu sogan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli Botanika bagynyň çäginde ösdürilip ýetişdirilýär.

Gaplaňgyr — gözellige baý

Welaýatymyzyň çäginde özboluşly tebigy ýerleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy hereket edýär. Bu ýerde ýylyň dowamynda tebigatda bolup geçýän ähli hadysalara yzygiderli gözegçilik geçirilýär. Goraghana 1979-njy ýylda döredilip, onuň esasy maksady Üstýurt dag goçuny (aýragy), keýigi, itaýyny goramakdan, olaryň sanyny köpeltmekden ybaratdyr. Goraghananyň 2 sany meýdançasy bar. Gulan-takyr (meýdany 222 335 gektar) we Gaplaňgyr (meýdany 53 400 gektar). Goraghananyň garamagynda Sarygamyş we Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanalary hem bar. Sarygamyş döwlet tebigy çäkli goraghanasy 1981-nji ýylda döredilip, onuň esasy maksady suw guşlaryny, keýikleriň köpelýän ýerlerini goramakdan ybarat. Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanasy bolsa 1983-nji ýylda döredilip, onuň esasy maksady toýnakly haýwanlaryň, şol sanda gulanlaryň goragyny güýçlendirmekden ybarat bolup durýar. Goraghananyň we iki sany çäkli goraghanalaryň meýdanlarynda häzirki wagtda ösümlikleriň 400 görnüşi ösýär. Olaryň köp bölegini selmeler, atanak güllüler, çylşyrymly güllüler, däneliler we kösükliler maşgalasy tutýar. Gaplaňgyrda, esasan, gara sazak, gandymyň dürli görnüşleri, çerkez, buýurgyn, otjumak ösümlikleriň görnüşleri giňden ýaýrandyr. Bu ýerde seýrek duşýan ösümlikler hem bar. Ýagny, goraghananyň we çäkli goraghanalaryň meýdanlarynda şeýle ösümliklerden hywa şo

Jümle-jahan habarlary

Dünýä rekordyny täzeledi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynda iň uly bakja önümlerini ýetişdirmek boýunça 50-nji gezek geçirilen gözden geçirilişikde ýerli bagban Trewis Ginger dünýä rekordyny täzeledi. Onuň ösdürip ýetişdiren kädisi 1 müň 246 kilograma barabar bolup, dünýäniň iň uly kädisi hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Äpet kädiniň ululygy basketbol toplarynyň, ortaça, 2110-syna deňeldi. Okuwçylara bagbançylykdan sapak berýän 43 ýaşly mugallym ýetginjeklik ýyllaryndan bäri äpet kädileri ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýär. Geçen ýyllaryň dowamynda Trewis Ginger başga-da birnäçe ýaryşlarda ýeňiji boldy. Bu ugurda mundan öňki dünýä rekordy 2021-nji ýylda 1 müň 226 kilogramlyk kädini ösdürip ýetişdiren italiýaly Stefano Kutrupä degişlidi.

Grek hozy

Hozuň maňzynyň adamyň saglygy üçin peýdalydygy gadymy döwürlerden bäri bellidir. Meşhur alym we lukman Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň eserlerinde hem hozuň peýdasy barada aýdylýar. Ol hoz maňzyny zäherlenme zerarly bedene zyýan ýetende ulanmagy maslahat beripdir. Muhammet Hüseýiniň «Melhemler hazynasy» atly eserinde: «Hoz bedeni ýumşadýar, aşgazanda iýmitiň siňdirilmegine ýardam edýär, beýnini, ýüregi we bagry berkidýär» diýip bellenilip geçilýär. Türkmen halk lukmançylygynda hem bişmedik hoz we onuň dermanlyk şiresi  peýdalanylypdyr. Ýurdumyzda bu agajyň bir görnüşi duşýar. Oňa grek hozy diýilýär. Uzak ýaşaýan agaçlaryň hataryna girýän grek hozy beýleki hozlardan peýdalydygy bilen tapawutlanýar. Onuň düzüminde A, E, B, C, K witaminleri, sink, ýod, demir bar. Grek hozy belogyň, gymmatly ösümlik ýaglarynyň çeşmesidir. Alymlar her gün grek hozuny iýýän adamlaryň ýürek kesellerinden az ejir çekýändigini, infarktyň we insultyň ösmek töwekgelçiliginiň pesdigini aýdýarlar.

Garagumda ýaňlanan owaz

Obamyzyň sylagly ýaşulularynyň biri Meret aga: «Täsin gözelliklere baý, hoştap howaly, sährasy seleň, hassany sagaldýan türkmen tebigatynyň ynsana eçilen eşretleri barmak basyp sanardan köpdür, ol giden bir ummandyr» diýip gaýtalamagy gowy görýär. Söýgi hakdaky rowaýaty şol gaýtalap gürrüň bermek hem onuň ýene bir gowy görýän zady. Ine, ol bu günem alyslara nazar salyp, haly düşelen sekiniň üstünde çuň oýa çümüp, joýa baglan çygjaran maňlaýyny ýaglyk bilen süpürip, bilguşagyny düzedişdirip, ýene şol gürrüňine başlady... Eždatlarymyzyň mesgen tutan, ýagşyzadalardan medet tapan sahawatly türkmen ýaýlasynda dilden-dile geçip, rowaýata öwrülen gürrüňini berjek wakam iki asyra golaý mundan öň gum etegini ýakalap oturan küren obada bolupdyr. Garagum diýlende, ol ulgam-ulgam gerişli, aklaňly, kümüşsöw ürgün çägeli çöl däl, gözel sähra bolup, göýä diýersiň täsin bir gudrat bilen ýaradylan behişde meňzeýär. Tebigatyň jana şypa mylaýym şemalyna çalaja ygşyldaýan gyrymsy agaçlaryň ene hüwdüsini ýada salýan sazlaşykly owazy ynsan kalbyny joşa getirse, mawy asmanda peýda bolýan goýry bulutlaryň ýagyş damjalary tomsuň jokrama yssysyna, gyşyň şatlama aýazyna döz gelýän ene topragyň goýnundan böwsüp çykjak gök maýsalary janlandyrmaga ymtylýar.

Welwiçiýa uzak ýaşaýan ösümlik

Welwiçiýa dünýä ýüzünde gurakçylyga çydamly uzak ýaşaýan ösümlik hasaplanýar. Welwiçiýa Angolanyň günorta böleginde, Namibiýanyň bolsa çöllüklerinde duş gelmek bolýar. Bu ösümligiň ady ony ilkinji gezek açan biolog alym Fridrih Welwiçanyň ady bilen baglanyşyklydyr. Afrikan dilinde welwiçiýa «tweeblaarkanniedood» diýlip atlandyrylýar. Bu söz bolsa «iki ýaprakly ölmeýän ösümlik» diýmegi aňladýar. Welwiçiýanyň köküniň, baldagynyň uzynlygy 50 santimetr bolup, ýogynlygy 1 metre deň bolýar. Onuň ýapragynyň uzynlygy 2 – 4 metre, käwagt bolsa 8 metre çenli ýetip bilýär. Welwiçiýanyň iki sany ýapragy bolup, ol ösümligiň bütin ýaşaýşynyň dowamynda ösmek bilen bolýar. Onuň ýapraklarynyň ujy kem-kemden guraýar, esasy bolsa ýuwaş-ýuwaşdan ösýär. Şeýlelikde, ýeriň ýüzüne ýazylyp ösýän ýapraklary uly meýdany eýeläp durýar. Onuň ýaşaýşynyň dowamlylygy 2000 ýyl töwerege golaý bolýar. Welwiçiýa özüne gerek bolan çygy ümürden alýar. Ol gurak zolakly ýerlerde 5 ýyldan gowrak wagtlap ygaldan peýdalanman ýaşap bilýär. Alymlar onuň ýaşaýşynyň genetiki syryny häzirki wagta çenli doly anyklap bilmediler. Muňa garamazdan, alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde 86 ýyl mundan ozal welwiçiýanyň hromosom toplumynyň sanynyň ultramelewşe şöhleleriniň täsiriniň astynda iki esse köpelendigi anyklanyldy. Ewolýusiýa netijesinde hromosom toplumynyň sanynyň artmagy, onuň ýaşaýyş funksiýasynyň üýtgemegi

Aram gu­şak­lyk­da­ky Tu­ran çöl­le­ri —

ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä te­bi­gy mi­ra­sy­nyň sa­na­wyn­da Jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy is­len­dik ýag­daý­da-da gö­nü­den-gö­ni daş­ky gur­şaw bi­len bag­la­nyş­ýar. Daş-tö­we­re­gi­mi­zi gur­şap alan te­bi­gat umu­my öýü­miz­dir. Şol se­bäp­li hem onuň her bir bö­le­gi­ni go­ra­mak, ga­dyr-gym­ma­ty­na dü­şün­mek we gel­jek­ki ne­sil­le­re aýaw­ly ýag­daý­da ýe­tir­mek Ýer ýü­zün­de ýa­şa­ýan äh­li adam­la­ryň esa­sy borç­la­ry­nyň bi­ri­dir. Daş­ky gur­şa­wyň bi­te­wi bol­şy ýa­ly, ony go­ra­mak we aýaw­ly sak­la­mak me­se­le­sem bü­tin­dün­ýä hä­si­ýe­ti­ne eýe­dir. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan bu ugur­da en­çe­me mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.