Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystandan, Owganystandan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen portlandsementi, «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de türkmen telekeçileriniň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 557 müň 400 amerikan dollaryna deň boldy.

Mahabatyň gelip çykyşy we ösüş ýoly

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2016 ý.) kabul edilmegi bilen, bu ulgamyň işini giň gerimde ýaýbaňlandyrmaga täze mümkinçilikler açylyp, bu ugurda iş alyp barýan taraplaryň işleriniň hukuk binýady pugtalandyryldy. Häzirki wagtda dürli mahabat gulluklary, neşirleri öz işlerini üstünlikli alyp barýarlar.

Marketingiň esaslary

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 2. Marketingiň düýp mazmuny we onuň wezipeleri.

Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda esasy çemeleşmeler

Ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylyk düşünjesi döwletiň baýlyklaryny içerki we halkara bazarlarda bäsdeşlik artykmaçlyklaryny döretmek we durmuşa geçirmek üçin netijeli ulanmak ukyby bolup durýar. Ol ykdysadyýetdäki ösüş derejesini, ýurduň innowasion kuwwatyny, infrastruktura mümkinçiliklerini, dolandyryşyň hilini we işewürligiň şertlerini şöhlelendirýär. Ýokary bäsdeşlige ukyplylyk ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmäge, eksportyň ösmegine we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şu makalada durnukly ösüş üçin ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin esasy çemeleşmeleri beýan etmäge çalşarys. Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bu makroykdysady faktorlary strategik taýdan dolandyrmagy, infrastrukturany ösdürmegi, işewürlik şertlerini gowulandyrmagy we ýurduň innowasion kuwwatyny ýokarlandyrmagy öz içine alýan toplumlaýyn mesele bolup durýar. Häzirki zaman şertlerinde bolsa, globallaşmagy, sanly ulgama geçmegi we ekologik talaplaryň täsirlerini hem göz öňünde tutmak zerurdyr. Aňsat bolmadyk bu meselede ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin esasy çemeleşmeleri we strategiýalary agzap geçmek dogrudyr:

2024-nji ýylyň öňdebaryjy dokma kompaniýalary

Juda irki siwilizasiýalardan gözbaş alyp gaýdýan dokma senagaty dünýäniň iň uly we iň gadymy pudaklaryndan biridir. Şeýle-de bu pudak dünýä ykdysadyýetiniň millionlarça adama iş mümkinçiligini döredýän möhüm bölegidir. Süýüm we ýüplük öndürmekden taýýar önümlere çenli önümçilik ulgamyny amala aşyrýan bu pudak çylşyrymly ugurlaryň biri hasaplanýar. Sarp edijileriň ösen islegleri nazarda tutulyp, bu ugur boýunça möhüm üýtgeşmeler bolup geçdi. Dünýädäki iň irki esaslandyrylan kompaniýalar ägirt uly tehnologik ösüşlere eýe boldular. Bazarda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri öndürmek üçin bolsa, dokma önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýalara ýokary kuwwatly innowasiýa we durnukly ösüş iňňän uly zerurlyga öwrülýär. Çalt üýtgeýän landşaftda bu ugurdaky kompaniýalaryň üstünligini üpjün etmek kämil tendensiýalardyr tehnologiýalar bilen täzelenip durmagy şertlendirýär. Ýer ýüzünde ýokary öndürijilikli kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen, dünýä bazarynda öz ornuny pugtalandyrýan dokma kompaniýalary diýseň köp. 2024-nji ýylda iň öňdebaryjylaryň sanawynda durýan käbir kompaniýalar barada durup geçmek isleýäris.

Altyn öwüşginli ykdysadyýet

Ermenistan geçen asyryň 80-nji ýyllarynda çig malyň we energiýanyň öwezine goňşy ýurtlaryny maşyn gurallary, dokma we beýleki taýýar önümler bilen üpjün edip, häzirki zaman senagat pudagyny ösdürdi. Merkezleşdirilen ykdysady ulgamyň dargamagy hem-de ýurduň syýasy durnuksyzlygy 1990-njy ýyllaryň başynda ykdysady çökgünligiň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Soňky ýyllarda hasaba alnan depginli ösüşe garamazdan, 2020-nji ýylda gaýtadan ýüze çykan geosyýasy meseleler ýurduň jemi içerki önüminiň 7,2 göterim pese düşmegine getirdi. Netijede, şol ýyl Ermenistanyň döwlet karzy 67,7 göterime çenli ýokarlandy, ýöne oýlanyşykly ykdysady çemeleşmeler arkaly 2022-nji ýylda görkezijini 50 göterime çenli peseltmegiň hötdesinden geldiler. Bütindünýä Bankynyň resmi hasabatyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça Ermenistanyň jemi içerki önümi 24,21 milliard amerikan dollaryna deň boldy. «Trading Economicsiň» hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 24,14 milliard amerikan dollaryna, 2025-nji ýylda bolsa 25,70 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Ermenistanda jemi içerki önüm 1990-njy ýyldan 2023-nji ýyla çenli ortaça 7,41 milliard amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Ýeri gelende bellesek, Ermenistanyň JIÖ-si dünýä ykdysadyýetiniň bary-ýogy 0,02 göterimini emele getirýär. Daşary söwda dolanyşygy

Russiýada mesgäniň bahasy gymmatlaýar

«Rosstat» statistika gullugynyň habaryna görä, Russiýada şu ýylyň başyndan bäri, mesgäniň bahasy 25,7 göterim gymmatlady. Soňky hepdäniň dowamynda bolsa bu görkeziji 1,9 göterime çenli ýokarlanypdyr. Şeýle-de «Rosstat» soňky hepdäniň dowamynda peýniriň we gaýmagyň bahalarynyň 0,7 göterim gymmatlandygyny mälim edýär.

Paýnamalaryny satyp başlady

«Bloomberg» ykdysady habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, «Boeing» kompaniýasy 19 milliard amerikan dollary baha deň bolan paýnamasynyň satuwyna badalga berdi. «Boeing» maýa goýujylara 90 million adaty paýnamalaryny hödürledi. Bu resminamalaryň bahasy 13,95 milliard amerikan dollaryna barabardyr. Mundan başga-da, kompaniýa bahasy 5 milliard amerikan dollaryna deň bolan depozit paýnamalarynyň satuwy dogrusynda hem yglan etdi.

«Dropbox» işgärleriniň sanyny azaldar

«Dropbox Inc.» amerikan kompaniýasy işgärleriniň 20 göterimini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Beýle üýtgeşmeler kompaniýanyň käbir bölümleriniň emeli aň tehnologiýalary arkaly enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň ahyrynda kompaniýanyň işgärler düzümi 2693-den ybaratdy.

ABŞ-nyň ilatynyň girdejisi ýokarlanýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň söwda ministrliginiň mälim etmegine görä, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ýurduň ilatynyň girdejisi awgust aýynyň girdejisine garanyňda, 0,3 göterim ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň ilatynyň çykdajysy hem 0,2 göterim ýokarlandy.

Gurluşyk we senagat toplumy: oňyn özgertmeler, batly gadamlar (Ýaş žurnalistiň sözi)

Täze taryhy döwrümizde milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylyp, eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, sebitleri okgunly ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň bellenilmegi ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda, täze belentliklere ýetirmekde hem-de toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Möhüm wezipelere garaldy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan pul-karz syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde wajyp hereketlendiriji maliýe guraly bolup çykyş edýär. Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyna giren senede — 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manady dolanyşyga girizildi. Şu ýyl milli pul birliginiň dolanyşyga girizilenine 31 ýyl dolýar. Bu sene mynasybetli düýn — 1-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan «Türkmen manady — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşany» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamynyň işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.

Senagat we ekologiýa: sazlaşykly iş — üstünliklere badalga

Hemişelik Bitarap Türkmenistan ekologiýa, daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde, sebitde hem-de dünýäde ekologik abadançylygy üpjün etmekde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ählumumy, sebit we milli gurallarynyň utgaşdyrylmalydygyndan, biri-biriniň üstüniň ýetirilmelidiginden ugur alýar. Dünýäde häzirki ekologik meseleleriň üstünlikli çözülmegi ähli döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Tebigatdan peýdalanmak jemgyýetiň daşky gurşaw bilen özara gatnaşygynyň özeni bolmagynda galýar. Çünki tebigy çig mal ähli ulgamlarda diýen ýaly ulanylmak bilen, ylaýta-da, himiýa we nebithimiýa önümçiligi, energetika we gaýry senagat ugurlary adamzat ýaşaýşynda möhüm ähmiýete eýedir.

Gurýan, döredýän gurply döwletimiz

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her ýylyň 3-nji noýabrynda ýurdumyzda  Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek hakynda 2023-nji ýylyň 4-nji noýabrynda gol çeken taryhy Permany  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň senenamasyny şanly baýramçylyk bilen baýlaşdyrdy. Bu ajaýyp baýram  ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde yhlasly zähmet çekýän ildeşlerimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Milli Liderimiziň beýik işlerini dowamat-dowama besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary bilen  durmuşa geçirilýän taslamalaryň ählitaraplaýyn çözgütleri özünde jemlemegi, şol bir wagtda önümçiligiň ösmegine, iş ýerleriniň artmagyna, ykdysadyýetimiziň ýokarlanmagyna ýardam etmek bilen birlikde, sanly eýýamyň ähli çözgütlerini özleşdirmek üçin milli hünärmenlerimize tejribe mekdebi bolýandygy diýseň guwandyrýar.  Sebitde ilkinji gezek gurlan, onlarça halkara sylaglaryna mynasyp bolan «akylly»  Arkadag şäheri bolsa bagtyýar döwrümiziň ajaýyp keşbi bolup dünýä ýalkym saçýar.

Elektroenergetika pudagynyň möhüm orny

Ekologik taýdan iň arassa önümçilik çeşmesi bolan elektrik energiýasynyň ýurdumyzdaky önümçiliginiň yzygiderli artdyrylmagy tutuş sebitde hem önümçiligiň artmagyna we ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyzyň 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini yzygiderli  artdyrmak babatda durmuşa geçirilýän netijeli işleri görkezdi.

Meýilnama artygy bilen

Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň noýabrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde döwrebap elektrik stansiýasynyň, Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulyş çäreleri boldy. Şeýle-de Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda elektrik toguny öndürýän iki sany gaz turbina desgasynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi unudylmajak taryhy waka boldy. Şeýle şanly wakalardan ruhlanyp, iş depginlerini döwrüň ösen talaplaryna laýyk ýola goýmagy başarýan günbatar sebitiň ugurdaş kärhanalary-da «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dokuz aýynda jemi 3 milliard 423 million kilowat sagada barabar elektrik energiýasyny öndürmegi başardylar. Bu üstünlikde Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky «Awaza» döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleriniň hem mynasyp paýy bar. Hormatly Prezidentimiziň elektroenergetika ulgamyny has-da kuwwatlandyrmak barada edýän irginsiz aladalaryndan göwünleri galkynýan hünärmenler şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 986 million kilowat sagatdan gowrak elektrik toguny öndürip, sarp edijilere ýetirmegi başardylar. Munuň özi ýylyň başyndan bäri dokuz aýyň meýilnamasynyň 101 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112 göterim ösüş gazanylandygyny aňladýar.

Energetika strategiýasyny ilerledip

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda amala aşyrylýan iri taslamalar diňe bir ykdysady taýdan ähmiýetli bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda-da möhüm orna eýedir. Her ýyl geçirilýän pudaklaýyn sergiler, duşuşyklardyr maslahatlar ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. 23 — 25-nji oktýabrda paýtagtymyzda guralan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi hem munuň şeýledigini nobatdaky gezek giňden açyp görkezdi. Ýöriteleşdirilen maslahat utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşdylar.

Babadaýhan dokma toplumy: täzeçil çemeleşmeleriň üstünlikli netijeleri

Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde gurulýan, milli ykdysadyýetiň geljegi uly eksport ugurly pudaklarynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem-de dünýä bileleşigi bilen utgaşykly gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna mümkinçilik berýär. Bu ugurdaky ösüşlerde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzümine degişli 80-den gowrak kärhananyň hem mynasyp paýy bar. Şolaryň biri-de Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumydyr. 2021-nji ýylyň 17-nji noýabry! Şol gün diňe bir Babadaýhan etrabynda däl, eýsem, tutuş welaýatyň ýaşaýjylarynyň hakydasynda unudylmajak taryhy waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamy Babadaýhana düşüp, bu ýerde sebitde deňi-taýy bolmadyk dokma toplumy dabaraly açyldy. Kuwwatly toplumyň açylyp ulanmaga berilmegi Hydyr gören türkmen topragynyň gymmaty egsilmeýän, halkyň altyna deňeýän baýlygy — ak pagtany ýurdumyzda dolulygyna gaýtadan işläp, ösen islegleri kanagatlandyrýan ýokary hilli, dürli görnüşli taýýar önümleri öndürmäge şert döretdi.

Durnukly ösüşiň kepili

Milli manadymyzyň dolanyşyga goýberilmegi giň möçberli ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen özbaşdak pul-karz syýasatyny alyp barmaga ýardam berdi. Bu babatda Esasy Kanunymyzda hem aýratyn bellenilip geçilýär we onuň kanuny binýady berkidilýär. Has takygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 138-nji maddasyna laýyklykda, döwletimiziň bank ulgamy ýurdumyzda ýeke-täk pul-karz syýasatyny alyp barýan Merkezi banky we beýleki bank edaralaryny öz içine alýar. Türkmenistanyň Merkezi banky nagt pul dolanyşygyny guramagy we hasaplaşyk töleg ulgamynyň netijeli işlemegini hem-de beýleki wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýän edaradyr.

Beýik ösüşleriň eýýamy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:— Ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň energetika pudagynyň taryhynda uly wakadyr. Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, Diýarymyzda bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy emele geldi. Garaşsyzlyk türkmen halkyny dünýä çykardy, onuň at-abraýyny, şöhratyny, mertebesini, ruhy baýlygyny, ylmyny-bilimini, ynsanperwerligini belende göterdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, öňdengörüjiligi bilen ýurdumyzyň, halkymyzyň ykbaly bilen bagly ilkinji nobatdaky möhüm wezipeler iňňän oýlanyşykly, parasatlylyk bilen çözüldi. Garaşsyzlyk türkmene gurmaga we döretmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramçylygyny uludan tutdy. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň Başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi üstünlikli geçirildi. Onda ýurdumyzda gazanylan ösüşleriň, ýetilen belent sepgitleriň, bitirilen işleriň jemi jemlendi. Şeýle hem, döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi, ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyş edip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönü