Energetika strategiýasyny ilerledip

31 Oktýabr 2024
290

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda amala aşyrylýan iri taslamalar diňe bir ykdysady taýdan ähmiýetli bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda-da möhüm orna eýedir.

Her ýyl geçirilýän pudaklaýyn sergiler, duşuşyklardyr maslahatlar ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. 23 — 25-nji oktýabrda paýtagtymyzda guralan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi hem munuň şeýledigini nobatdaky gezek giňden açyp görkezdi. Ýöriteleşdirilen maslahat utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşdylar.

Aýbölek ATAMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar