Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda esasy çemeleşmeler

3 Noýabr 2024
501

Ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylyk düşünjesi döwletiň baýlyklaryny içerki we halkara bazarlarda bäsdeşlik artykmaçlyklaryny döretmek we durmuşa geçirmek üçin netijeli ulanmak ukyby bolup durýar. Ol ykdysadyýetdäki ösüş derejesini, ýurduň innowasion kuwwatyny, infrastruktura mümkinçiliklerini, dolandyryşyň hilini we işewürligiň şertlerini şöhlelendirýär. Ýokary bäsdeşlige ukyplylyk ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmäge, eksportyň ösmegine we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şu makalada durnukly ösüş üçin ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin esasy çemeleşmeleri beýan etmäge çalşarys.

Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bu makroykdysady faktorlary strategik taýdan dolandyrmagy, infrastrukturany ösdürmegi, işewürlik şertlerini gowulandyrmagy we ýurduň innowasion kuwwatyny ýokarlandyrmagy öz içine alýan toplumlaýyn mesele bolup durýar. Häzirki zaman şertlerinde bolsa, globallaşmagy, sanly ulgama geçmegi we ekologik talaplaryň täsirlerini hem göz öňünde tutmak zerurdyr. Aňsat bolmadyk bu meselede ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin esasy çemeleşmeleri we strategiýalary agzap geçmek dogrudyr:

Muhammetguly Muhammedow, Rahman Ýowşanow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary.
Beýleki habarlar