Altyn öwüşginli ykdysadyýet

3 Noýabr 2024
536

Ermenistan geçen asyryň 80-nji ýyllarynda çig malyň we energiýanyň öwezine goňşy ýurtlaryny maşyn gurallary, dokma we beýleki taýýar önümler bilen üpjün edip, häzirki zaman senagat pudagyny ösdürdi. Merkezleşdirilen ykdysady ulgamyň dargamagy hem-de ýurduň syýasy durnuksyzlygy 1990-njy ýyllaryň başynda ykdysady çökgünligiň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Soňky ýyllarda hasaba alnan depginli ösüşe garamazdan, 2020-nji ýylda gaýtadan ýüze çykan geosyýasy meseleler ýurduň jemi içerki önüminiň 7,2 göterim pese düşmegine getirdi. Netijede, şol ýyl Ermenistanyň döwlet karzy 67,7 göterime çenli ýokarlandy, ýöne oýlanyşykly ykdysady çemeleşmeler arkaly 2022-nji ýylda görkezijini 50 göterime çenli peseltmegiň hötdesinden geldiler. Bütindünýä Bankynyň resmi hasabatyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça Ermenistanyň jemi içerki önümi 24,21 milliard amerikan dollaryna deň boldy. «Trading Economicsiň» hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 24,14 milliard amerikan dollaryna, 2025-nji ýylda bolsa 25,70 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Ermenistanda jemi içerki önüm 1990-njy ýyldan 2023-nji ýyla çenli ortaça 7,41 milliard amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Ýeri gelende bellesek, Ermenistanyň JIÖ-si dünýä ykdysadyýetiniň bary-ýogy 0,02 göterimini emele getirýär.

Daşary söwda dolanyşygy

Sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar