Möhüm wezipelere garaldy

1 Noýabr 2024
300

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan pul-karz syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde wajyp hereketlendiriji maliýe guraly bolup çykyş edýär.

Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyna giren senede — 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manady dolanyşyga girizildi. Şu ýyl milli pul birliginiň dolanyşyga girizilenine 31 ýyl dolýar. Bu sene mynasybetli düýn — 1-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan «Türkmen manady — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşany» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamynyň işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.

Annagül NAZAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bank işi kafedrasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar